Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň eýesiz itleri


Aşgabatdaky eýesiz itler
Aşgabatdaky eýesiz itler

1995-nji ýyllardan başlap, Aşgabat şäherinde ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli ýumrulmagy bilen öý haýwanlary bolan itleriň hem pişikleriň on müňlerçesi köçelerde eýesiz galyp başlady.

2000-nji ýyllarda Arçabil şaýolunyň golaýynda ýerleşýän Berzeňňi massiwindäki jaýlardan köçä çykan itleriň ir ertirden häkimlikler tarapyndan atylyp öldürilýändigini tassyklaýan ýaşaýjylar hem bolupdy.

Soňky ýykylyşyklar bilen bagly-da, häkimlikler tarapyndan itleriň öldürlip, ýok edilýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Emma bagty çüwüp diri gezip ýören eýesiz itlere hem ýaşaýjylaryň göçüp gelýän kiçi etrapçalarynda näçe diýseň duş gelse bolýar.


Parahat-7 kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy Annageldiniň aýtmagyna görä, ýaşaýjylar goş-golamy bilen itlerini hem maşyna basyp alyp gaýdýarlar. It janawar ynsan ýaly gözüňe garap dur. Ol wagt ony taşlap gaýdyp bolanok. Emma köp gatly jaýlarda ýeterlik öý berilmeýän ýaşaýjylar itsizem, özleri hem ýerleşip bilmän kösenýärler.

“Şeýle ýagdaýda isleseň-islemeseň itler daşarda galmaly bolýar. Olara nebsiň agrap, diňe naharlamakdan başga edip bilýän zadyň ýok” diýip, ol aýdýar.

Şular ýaly eýeli bolup, eýesiz galýan itleriň we pişikleriň sany bolsa kiçi etrapçalarda ýeterlik. Bu babatda pişikleriň ýagdaýy birneme öwerlikli, olar sümelge tapan ýerinden ýerzeminlere girip, ýagyndan-sowukdan goranýarlar. Emma it janawarlar pişikleriň girip bilýän ýerlerinden ýerzeminlere girip bilmän, ýagynly sowuk howalarda daşarda galýarlar.

Olaryň hem gijelerine jaýlaryň girelgelerine girip ýatýandyklaryna duş gelse bolýar. Olary ýaşaýjylaryň çagalary hem iýmitlendirýärler, hem olar bilen oýnaýarlar.

Özlerine has hossarlyk tapan girelgeleriniň golaýyna bolsa nätanyş adam gelende, olaryň adamlara topulýan pursatlarynyň bolýandygyny-da ýaşaýjylar aýdýarlar.

Annageldi öňki jaýynyň ýumrulmagy bilen goş-golamlaryny alyp, göçüp gelende gaty akylly itiniň bolandygyny, ony özi bilen alyp gaýdandan soňra, ol itiniň Parahat-7 kiçi etrapçasyndan “Wosmoý” diýilýän ýere her gün gatnap, uzakly gününi ýumrulan jaýlarynyň ýerinde geçirendigini, agşamlaryna bolsa Parahat-7-ä dolanyp gelendigini, şeýle hereketiň birnäçe aýlap dowam edendigini, emma birnäçe aýdan soňra itiniň ýok bolandygyny aýdýar.

Jaýlaryň ýumrulmagy it janawarlara hem nähili ýaramaz täsirini ýetirýär. Olar bu wakalary ezýet bilen geçirýärler. Emma ne itlere, ne-de adamlara häkimlikler tarapyndan hiç bir rehimdarlyk bolmady. Kiçi etrapçalarda itleriň eýesiz gezip ýörendikleri barada hem dil ýarmaga ýaşaýjylar milt edip bilmeýärler. Sebäbi olara hossar çykylman, eýsem olaryň häkimlikler tarapyndan ýok edilmeginiň gorkusy bar.

Emma eýesiz gezip ýören itlere weterinar gözegçiligniň ýoklugy sebäpli, olar bilen çagalaryň oýnap ýörmekleriniň hem howply bolmagynyň ähtimaldygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG