Azatlyk Radiosyna türkmenabatly ýaşaýjylaryň birinden hat gelip gowuşdy. Bu hatda Türkmenabadyň durmuşy bilen bagly ençeme ýagdaý habar berilýär. Şeýle habarlaryň biri hem Türkmenabat şäherinde ýerleşýän türmeleriň biri bolan lb/d9 türmesi bilen bagly.
Türkmenabatly Serdar 30 ýaşlarynda türme bendiligini başdan geçirdi. Tussaglyk döwründen galan ýatlamalary ömür boýy ýadyndan çykmajakdygyny aýdýar.
“Abdyşükür” diýilip tanalýan derňew izolýatoryndaky başdan geçirmelerini howpsuzlyk howatyrlary sebäpli özüniň haçan we haýsy madda bilen bu ýere ýerleşdirilendigi baradaky maglumatyň gizlin saklanylmagyny haýyş etdi.
Serdaryň aýtmagyna görä, Türkmenabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýän bu izolýator üç gatdan ybarat. Birinji gatda ilkinji gezek türmä düşenler bolup, olarar “birinji hodkaly” diýilýär. Ikinji gatynda bolsa 3-4 gezek jenaýata çekilenleriň saklanýandygy aýdylýar. 3-nji gatynda ýapyk şertlerdäki tussaglaryň saklanýan ýeridigini aýdýar.
Ilki başda tussaglara esasy derwezeden girenden, nireden, näme madda bilen geldiň diýen soraglary berýärler. Tussaglaryň berýän jogaby türmäniň işgärlerini kanagatlandyrmasa, onda urgy baryny görýändiklerini aýdýarlar.
Soňra gelen adamlary birinji gatda surata düşürýärler. Eline belgi berip, başda öňünden, soňra gapdalynda, soňra endamynda göze ilýän yşaratlary surata düşürýärler. Onuň el yzlaryny ýörite kompýutere girizilip. 5-10 ml g analiz üçin gan alýarlar. Soňra bolsa tussagyň saçyny syrýarlar.
Koridoryň ugrunda iki gapdaly hem kameralardan ybarat bolan türmäniň içinde tomusyň yssy günlerinde howa ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny aýdýarlar.
Hususan-da, kameralar howly tarapa seredýän bolsa, onda hiç hili howa ýok diýerlik diýip Serdar aýdýar. Kameralaryň gapysy iki gatdan ybarat, olaryň birinjisi demir gözenekden, ikinji gapysy tutuşlygyna demirden ýapyk görnüşinde oňarylypdyr. Howanyň ýetmezçiligi sebäpli sähelçe çyglyk bolanlygy sebäpli, inçekesel ýaly keselleriň aňsat ýaýarap bilýändigini aýdýarlar. Şol sebäpden hem kameralaryň içine sähelçe suw dökülen bolsa, tussaglar ony ýelpäp guradýarlar.
Türmäniň içinde kanalizasiýa turbalaryň könedigi aýdylýar, olaryň könedigi onuň daşynyň posy we çüýrük demirden akýan suwuň reňkiniň üýtgedýändiginden görse bolýandygyny aýdýarlar. Türmäniň içi doly antisanitariýa diýip Serdar aýdýar.
Tussaglar hepdede bir gezek suwa düşýärler we hepdede bir gezek 5-10 minutluk gezelenje çykarylýandygy aýdylýar.
Berilýan iýmitiň hiç hili ýokumynyň ýokdugyny, hiç hili ýagyň goşulmaýandygyny aýdýarlar. Serdaryň aýtmagyna görä ol oturan wagty, olara berilýän nahar üwelen bugdaýdan ybarat bolup, aşgazan agyryly adamlar üçin ýa bolmasa ýaşyulular üçin siňdirmesi kyn bolupdyr.
Şeýle-de, tussaglar üçin geçirlýän azyk iýmitleriniň ýarysyny diýen ýaly, türme işgärleriniň alýandyklaryny ol aýdýar.
Türnäniň içinde dindar adamlara aýratyn bir garaýyşyň bardygy aýdylýar. Olar üçin ne hossarlary bilen görüşmek rugsat berilýär, ne-de olara daşyndan azyk geçirdip bolýar. Hiç hili amatly şertleriň ýokdugyny aýdyp, olar hem goşmaça gynamalara sezewar bolýandyklaryny habar berýär.
Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý hakda halkara guramalarynyň dokladlarynda hem agzalyp, olaryň örän ýaramaz şertlerdeligi gaýtalanyp aýdylyp gelinýär. Häzirki wagtda türkmen türmelerine halkara adam hukuklaryny goraýjy edaralaryň wekilleriniň hiç biri goýberilmeýär.