Täjigistanyň Berlindäki ilçihanasy Germaniýanyň häkimiýetlerini we rok-festiwalyny gurnaýjylaryny bu dabaranyň geçirilýän ýerini üýtgetmäge çagyrdy.
Ýakynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy guramasyna agza ýurtlaryň Germaniýadaky diplomatik missiýalary Berlin şäheriniň häkimiýetlerinden Ikinji jahan urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan parkda aýdym-saz dabarasynyň geçirilmegine rugsat berilmezligini soradylar.
Resmi maglumatlara görä, Berlin şäheriniň eteginde ýerleşýän “Treptowi” parkynda Ikinji jahan urşy tamamlanmazdan birnäçe aý öň öldürilen sowet esgerleriniň 7200 çemesi jaýlanypdyr.
GDA agza ýurtlaryň Germaniýanyň häkimiýetlerine ugradan haty barada Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa 21-nji aprelde geçirilen metbugat konferensiýasynda mälim etdi. Şeýle-de, Zaharowa rok-festiwalynyň parkda geçirilmegi heläk bolan esgerleriň “süňkleriniň üstünde tans eden” bilen deň diýdi.
50 müň çemesi adam
Berlinde geçiriljek rok-festiwalyna 50 müň çemesi adamynyň gatnaşmagyna agaraşylýar.
22-nji aprelde Täjigistanyň Germaniýadaky ilçisi Malikşo Nematowyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda “Treptow” parkynyň Berliniň iň uly we owadan parklarynyň biridigini we onda dürli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
“Bu festiwala müňlerçe adamyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şol sebäpden hem biz, ýagny Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy guramasyna agza ýurtlaryň ilçileri bolup maslahat geçirip, häkimiýetlere we festiwaly gurnaýjylara hat ugratdyk. Bu seýilgäh Ikinji jahan urşunda pida bolan esgerleriň ençemesiniň jaýlanan ýeri bolany sebäpli, ol ýer mukaddes ýer hasaplanýar” diýip, täjik ilçisi aýdýar.
Soňky netije maý aýynda belli bolar
Onuň bellemegine görä, ýörite iş topary eýýäm Germaniýanyň häkimiýetlerine we festiwaly gurnaýjylara öz talaplaryny bildiripdir.
“Biziň bu aksiýamyzyň netijesi barada henize çenli anyk jogap berilmedi. Olar özleriniň bu meselä garajakdyklaryny aýtdylar. Şeýle-de, olar eger bu festiwal şu ýerde geçirilse-de, onda berk çäreleriň görüljekdigini, esgerleriň jaýlanan mazarlarynyň daşyna haýat aýlanjakdygyny aýtdylar” diýip, Täjigistanyň Germaniýadaky ilçisi gürrüň berýär.
Berlin şäheriniň Treptow-Kepeniki sebitiniň resmileri “Lolapaluza” atly rok-festiwalynyň nirede geçiriljekdigi baradaky soňky netijäniň maý aýynda belli boljakdygyny aýtdylar. Bu festiwalyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegine garaşylýar.