Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nireden başlajagymy bilmän galdym...”


Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde oturan türkmen oglany.
Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde oturan türkmen oglany.

“Dogrymy aýtsam, nireden başlajagymy bilmän galdym. Hemme ýer para, dolulygyna hemme ýer...” - bu özüni Ruslan diýip tanyşdyran okyjymyzyň “Korrupsiýa garşy göreşe nireden başlanmaly?” diýen sorag bilen açan forumymyza ýazan teswiri.

Azatlyk Radiosy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň “käbir ýolbaşçylarynyň arasynda” parahorluk hadysalarynyň ýüze çykarylandygyny boýun alandan soň, öz okyjylaryna “Türkmenistanda korrupsiýa we parahorluga garşy göreş nireden, nämeden başlanmaly we nähili alnyp barylmaly?” diýen soragy berdi.

Bu sorag Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň arasynda uly seslenme döredip, bu foruma "Azathabar.com" websaýtymyzda, Facebook we “Vkontakte” sosial ulgamlaryndaky sahypalarymyzda ençeme teswir gelip gowuşdy. Teswirleriň arasynda Türkmenistanda korrupsiýa haýsy pudaklarda duş gelse bolýandygy, onuň derejesi we oňa garşy göreşe nireden başlamalydygy barada dürli pikirler orta atylýar.

“Göreşe ýokardan başlanmaly”

Bahadyr atly okyjymyz korrupsiýa garşy göreşe ilki ýokardan, ýagny döwlet resmileriniň arasyndan başlamalydygyny aýdyp, muny amala aşyrmak üçin “ýokardaky [ýolbaşçylary] tämizlemeli, ýagny arassalamaly” diýip ýazýar.

Bahadyr bilen ylalaşýan okyjylarymyzdan ýene biri “Aron” bolup, ol ilki bilen prezidentiň şu meseläni düýpli ýok etmegiň wagty geldi diýip hasaplamalydygyny aýdýar we “Berdimuhamedow geroinden kösenýän maşgalalaryň ählisiniň meselesini göni ýarym ýylda çözdi. Korrupsiýada edil şonuň ýaly jemgyýeti çüýredýän zatlaryň biri” diýip ýazýar.

“Aronyň” aýtmagyna görä, ähli adamlaryň gözüniň öňünde para alynýar we berilýär, emma hiç kim hiç zat diýmeýär. Ol “bolmalysy şeýledir diýip düşünýärler” diýýär we ýurtda korrupsiýanyň haýsy pudaklarda hereket edýändigi barada göwrümli sanaw getirýär. Şol sanawda ministrler, döwlet korporasiýasynyň, banklaryň, tekstil kärhanalarynyň başlyklary, uniwersitetleriň rektorlary, şäher, welaýat gurluşyk, arhitektura ýolbaşçylary agzalýarlar.

“Ýolbaşçylaryň ýeterlik derejede tejribesi bar”

Emma şol bir wagtda ol bu meselä garşy göreşmek üçin ýurt ýolbaşçylarynyň ýeterlik derejede tejribesiniň bardygyny hem nygtaýar. “Ýurduň Ministrler Kabinetindäki ýolbaşçylaryň parahorlugy çözmegi üçin tejribesi ýetik we näme etmelidigini hem bilýärler. [Emma] olar parahorluga garşy göreşmek üçin gönüden-göni mesele goýmaýarlar” diýip, “Aron” atly okyjymyz belleýär.

10-njy ýanwarda açan forumymyza öz pikir-garaýyşlaryny ýazan okyjylarymyzyň arasynda zähmet çekip, alýan aýlygynyň ep-esli bölegini para bermek üçin sarp etmeli bolýandygyny aýdýanlar hem bar. Olardan biri Aziz atly okyjymyz bolup, ol “alan aýlygynyň 30-40%- ni para bermek üçin sarp etmeli bolýandygyny” nygtaýar.

Bu temadan agzalan forumda teswir galdyran Begenç atly okyjymyz bolsa bu meseläniň soňuna ýetip bolmajakdygyny orta atyp, korrupsiýa “ömür hem ýatmaýmasa” diýip ýazýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu agzalan teswirleriň ählisi okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlarydyr we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG