Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: korrupsiýa orny -154


"Transparency International" guramasynyň korrupsiýa kartasy, 2015.
"Transparency International" guramasynyň korrupsiýa kartasy, 2015.

Halkara Aýdyňlyk guramasynyň ýyllyk hasabatynda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlary bolan Owganystan, Türkmenistan we Özbegistan dünýäniň has korrumpirlenen we iň bir aýdyň däl ýurtlarynyň arasynda agzalýar.

«Transparency International» guramasy 27-nji ýanwarda 2015-nji ýylda 168 ýurtda geçirilen barlaglaryň netijelerini, ýagny ýylyň Korrupsiýa görkezijisini çap etdi. Täze görkezijilerde Daniýa Finlandiýany yza itip, dünýäniň iň az korrumpirlenen ýurdy diýen derejäni aldy.

Dünýäniň iň köp korrumpirlenen ýurtlary diýip bolsa, Somali bilen Demirgazyk Koreýa görkezilýär.

Türkmenistan korrupsiýa görkezijisinde 154-njy orny alypdyr, goňşy Owganystan 166-njy, Yrak – 161-nji, Özbegistan bolsa 153-nji derejäni alyp, iň aşaga golaý orunlary eýeläpdir.

Merkezi Aziýa ýurtlary umuman pes baha alan hem bolsa, Täjigistan Nigeriýa bilen 136-njy orny bölüşýär, Gyrgyzystan bilen Gazagystan bolsa, korrupsiýa meselesinde deňeçer bolup, görkezijide 123-nji orunda gelýär.

“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi hem Korrupsiýa indeksiniň aşaky böleginde» diýip, «Transparency International» guramasynyň regional koordinatory Swetlana Sawitskaýa Azatlyk radiosyna aýtdy.

“[Berlen bahalaryň pesligi] korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, çuň kök urandygyny we [Merkezi Aziýada] yzygider häsiýete geçendigini aňladýar” diýip, ol aýtdy.

Sawitskaýanyň tassyklamagyna görä, 2012-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç birinde korrupsiýanyň azalmagynda uly bir özgerişlik bolmady we «tutuş sebitde korrupsiýa garşy göreş durgunlylygyna» galýar.

Ol Orsýet – 119, Ukraina – 130, Moldowa – 103, Ermenistan – 95- Azerbaýjan – 119 – ýaly ozalky sowet ýurtlarynyň bir toparynda hem ýagdaýyň şol birmeňzeş bolup galýandygyny aýtdy.

“Eger Ukrainada korrupsiýa garşy geçirilýän reformalar syn edilse, ol ýerde kän bir zat edilmeýändigini görýärsiň» diýip, Sawitskaýa aýdýar. «Syýasy erk-isleg örän gowşak, hökümet korrupsiýa garşy çäre görmekde beýle bir döwtalap görünmeýär.»

Şeýle-de Sawitskaýa soňky ýyllarda Orsýetde, hökümet korrupsiýa garşy söweşi güýçlendirýändigini jar edenem bolsa, korrupsiýa garşy görülýän çärelerde hiç bir oňyn özgerişlik görmändiklerini aýdýar.

“[Rus häkimiýetleri] raýat jemgyýetiniň hereket giňişligini daraltmagy dowam etdirdiler, olar hökümetden aýry guramalara, şol sanda [Transparency International] guramasynyň Orsýetdäki işine basyş görkezýärler, derňewçi žurnalistleri, garaşsyz mediany gysýarlar” diýip, Sawitskaýa aýtdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, barlag geçirilen hiç bir ýurt aňrybaş derejäni almaga golaýlap bilmändir we Transparency International dünýäniň iň az korrumpirlenen ýurdy hasaplanylýan Daniýada hem korrupsiýa galmagallarynyň bolandygyny belleýär.

Korrupsiýa derejesiniň pesligi boýunça, öňki ýyllardaky ýaly, Finlandiýa, Şwesiýa, Norwegiýa öňde barýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG