Türkmenistanda poçta arkaly bir welaýatdan beýleki welaýata ýa-da şähere pul ugratmagyň gymmatdygy we pul ugratmak isleýän ýaşaýjylaryň käbir býurokratik bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär. Şu sebäpden türkmenistanlylaryň käbirleriniň beýleki welaýatlardaky dogan-garyndaşlaryna pul ugratmak üçin dürli usullardan peýdalanýandygy aýdylýar.
Eýse, bular haýsy usullar? Şeýle-de, Türkmenistanyň içinde pul ugratmagyň düzgünleri we şertleri näme?
Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.