Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistanyň ykdysady ösüşi haýallaýar'


'Türkmenistanyň ykdysady ösüşi haýallaýar'
'Türkmenistanyň ykdysady ösüşi haýallaýar'

Halkara Pul fondunyň öz missiýasynyň 4-nji-10-nji noýabr aralygynda Aşgabada eden saparynyň yz ýany çap eden maglumatynda Türkmenistanda ykdysady ösüş görkezijileriniň peselýändigi aýdylýar. Maglumatda Türkmenistanda umumy içerki önümçilik derejesiniň geçen ýylky 10.3%-den şu ýyl 7%-te düşendigi bellenip, indiki ýyl onuň ýene peselip, 6% töwereginde boljakdygy çak edilýär.

Halkara Pul fondunyň Türkmenistana sapar eden resmi toparynyň ýurduň hökümet resmileri, parlament agzalary, hususy sektoryň we diplomatik jemgyýetiň wekilleri bilen makroykdysady ýagdaýlary, ykdysady kynçylyklary we ileri tutulýan syýasy meseleleri maslahat edendigi resmi maglumatda habar berilýär.

Missiýanyň ýolbaşçysy Býörn Rother Aşgabada saparynyň netijesinde çap eden beýannamasynda şeýle diýýär: “Türkmenistan soňky onýyllykda durnukly ykdysady ösüş görkezdi. Häkimiýetler gowy planlaşdyrylan uglewodorod sektory arkaly nebitiň we tebigy gazyň bahasynyň ýokary bolan döwrüni her adam başyna bolan girdejini iki esseden köp ýokarlandyrmak üçin peýdalandylar, bu uly möçberdäki döwlet inwestisiýalaryna, şol sanda sosial ugurlara maýa ýatyrylmagyna mümkinçilik döretdi. Üstesine, eksportdan gelen girdejileriň uly bölegi rezerw hökmünde saklanyldy we 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda bu 30 aýlyk import möçberine barabar boldy”.

Saklanýan kynçylyklar

Halkara Pul fondunyň resmisiniň bellemegine görä, şol bir wagtda-da diwersifikasiýada we ýurduň ýaş ilaty üçin has netijeli iş ýerlerini döretmekde hususy pudagyň ösüşinde kynçylyklar saklanypdyr, hökümet muny öz syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezipdir.

Maglumatda 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň daşky şertlerini agyrlaşdyran sarsgynlaryň bolandygy, hususan-da nebitiň we tebigy gazyň bahalarynyň pese gaçandygy, ýurtlaryň Orsýet we Hytaý ýaly esasy söwda partnýorlarynyň ykdysady ýagdaýynyň gowşandygy agzalýar we munuň netijeleriniň hem uzaga çekjekdigi bellenýär. Bu ýagdaýyň umumy içerki önümçilik derejesiniň pese gaçmagyna-da täsir ýetirendigi aýdylýar.

“Türkmenistan üçin üç esseli ykdysady sarsgynyň umumy içerki önümçiligiň 2014-nji ýylyň 10 % derejesini 2015-nji ýylda 7 %-e we 2016-njy ýylda 6 % -e çenli pese düşürjegine, nebit-gazyň bahalarynyň peselmeginiň we býujet inwestisiýalarynyň azalmagynyň muňa sebäp boljakdygyna garaşylýar” diýip, Halkara Pul fondunyň Türkmenistana sapar eden resmi toparynyň ýolbaşçysy Býörn Rotheriň beýannamasynda bellenýär.

Bu dokumentde şeýle-de uglewodorod serişdeleriniň eksportyndan gelýän girdejileriň azalmagynyň netijesinde ýurduň daşary ýurtlardaky pul hasaplarynyň we döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleriniň arasyndaky tapawudynyň azaljakdygynyň çak edilýändigi aýdylýar.

Ätýaçlandyryş fonduň mümkinçilikleri

Halkara Pul fondunyň bellemegine görä, Türkmenistanyň daşary ýurt ätýaçlandyryş fondunda jemlenen pullar Türkmenistana döwrüň kynçylyklaryna garşy durmaga mümkinçilik berip biler. Türkmenistanyň daşarky howplara garşy durmaga ukybyny güýçlendirmek, umumy içerki önümçilik derejesini saklamak üçin mümkinçilikleriniň regionyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende has ýokarydygy hem bellenilýär, emma munuň üçin reformalaryň bazar ýörelgelerine esaslanmalydygy aýdylýar.

Halkara Pul fondunyň türkmen hökümetiniň reformalary geçirmek boýunça tagallalaryny syýasy konsultasiýalar arkaly goldamaga, makroykdysady statistika, pul-kredit syýasaty, salgyt-býujet syýasaty ugurlardan ýurduň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleşmäge taýýardygy aýan edilýär.

XS
SM
MD
LG