Amnesty International guramasy Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda onlarça müň adamynyň zor bilen öz öýlerinden göçürilmegine we ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagyna ünsi çekip, sputnikden düşürilen suratlary öz içine alýan hasabaty ýaýratdy.
"Türkmenistan: Sputnik suratlary adamlaryň köpçülikleýin zor bilen göçürilmeginiň Aziýa oýunlaryny abraýdan düşürýändigini görkezýär" diýlip, düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International guramasynyň 28-nji oktýabrda ýaýradan maglumatynda bellenýär.
Gurama sputnikden düşürilen suratlaryň Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagty “gözelleşdirmegiň” çäginde 50 müňden gowrak adamynyň öz öýlerinden çykarylandygyny görkezendigini aýdýar.
Amnesty International guramasynyň maglumatyna görä, suratlaryň analizi esasynda Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda 2014-nji ýylyň mart aýynyň we 2015-nji ýylyň aprel aýynyň aralygynda 5 müň çemesi ýaşaýyş jaýynyň ýumrulandygy barada netijä gelindi. Olaryň her birinde ortaça bäş adam ýaşaýardy. Şondan bäri şol ýeriň galan böleginiň - 10 müň çemesi jaýyň - sentýabr aýyna çenli doly ýok edilendigi, paýtagtyň beýleki böleklerinde jaýlaryň ýok edilmeginiň dowam etdirilýändigi we köp maşgalalaryň öýsüz galýandygy gurama mälim boldy diýlip bellenilýär.
Düzetmegiň ýerine agyrlaşdyrmak
“Ýerli häkimiýetler oýunlar sebäpli Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýagdaýyny düzetmegiň ýerine raýatlarynyň ýaşaýyş şertlerini agyrlaşdyrmakda üstünlik gazandylar” diýip, Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew aýdýar we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ep-esli bölegniň Aşgabada oba ýerlerinden iş gözläp baran ýa-da başga ýerlerden göçürilen adamlardygyny belleýär.
Kriwoşeýew “Olaryň göçürilmeginiň rehimsiz usuly adam hukuklary boýunça halkara kadalaryny depeleýär. Türkmenistanyň hökümeti zor bilen göçürmeleriň, jaýlary bikanun ýumurmagyň soňuna çykmaly we zyýan çekenlere kompensasiýa tölemeli ýa-da gyssagly alternatiw jaý bermeli” diýip nygtaýar.
Amnesty International guramasy çap eden suratlarynyň ýurduň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistandaky ýagdaýa syn etmek üçin seýrek mümkinçilik berýändigini bellemek bilen, prezident G.Berdimuhamedowyň hem özünden ozalky prezidentiň edişi ýaly, ilaty gorky astynda saklaýan hökümeti dolandyrýandygyny aýdýar.
Häzir adamlar şol ýere baryp, aglaýarlarÇoganlynyň öňki ýaşaýjysy
Gurama beýleki guramalar bilen bir hatarda Türkmenistana barmakdan mahrum edilýändigini belläp, sputnikden düşürilen suratlaryň esasynda taýýarlanan hasabata adamlar bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikleriň we beýleki maglumatlaryň goşulandygyny habar berýär.
Hukukdan mahrum bolmak
Maglumatda Çoganlynyň ozalky ýaşaýjysy häkimiýetleriň we polisiýanyň adamlaryň üstüne “tank” ýaly gelendigini we zor bilen gysyp çykarandygyny gürrüň berýär. “Häzir adamlar şol ýere baryp, aglaýarlar” diýip, Çoganlynyň öňki ýaşaýjysynyň sözünden bölek getirilýär.
Şol bir wagtda-da prezident Berdimuhamedow ýurduň garaşsyzlygynyň üçünji onýyllygynyň “bagtyýarlyk döwri” boljakdygyny yglan edip, “döwlet adam üçindir” diýen şygar astynda ykdysady we sosial reformalary yglan edipdi diýip, Amnesty International öz hasabatynda belläp geçýär.
Maglumatda ýene-de, emma şeýle şygarlar Türkmenistanda syýasy we raýat azatlyklarynyň çakdanaşa agyr ýagdaýy bilen çäklenmän, raýatlaryň ykdysady, sosial we medeni hukuklarynyň hem çakdanaşa ýaramaz ýagdaýynda örän ýerliksiz görünýär,“jaýdan mahrum bolmak - hukukdan mahrum bolmakdyr” diýilýär.
Prezident Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň öňünde Aşgabadyň özgerdilmeginiň amala aşyrylyşyna hut özi gözegçilik edýär. Berdimuhamedowyň režimi ýurduň uly nebit-gaz baýlygyna daýanýar we Aziýa oýunlaryna ýurduň halkara ýagdaýyny gowulandyrmak üçin mümkinçilik hökmünde garaýar diýip, Amnesty International guramasy öz hasabatynda daşary ýurtlaryň hökümetlerini we biznes wekillerini Türkmenistan bilen syýasy hem ykdysady hyzmatdaşlygyň bu ýurtda adam hukuklarynyň depelenmegine goşant goşmajagyna kepil geçmäge çagyrýar.