Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Çoganly boýunça Çagyryş edýär


Amnesty International logo in English
Amnesty International logo in English

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amensty International” guramasy Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganly daçalyklarynda ýüzlerçe adamyň jaýlarynyň ýumrulmagy bilen baglylykda gyssagly herekete geçmäge çagyrýan beýanat ýaýratdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän gurama Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýazyp, onda Çoganlydaky we Aşgabadyň beýleki sebitlerindäki ýaşaýjylary göçüp gitmäge mejbur etmegi togtatmaga; jaýlary ýykylanlara degişli kompensasiýalary tölemäge, zerur bolan halatynda täze ýaşaýyş jaý ýeri bilen üpjün etmäge çagyryş etmek soralýar.

Şeýle-de, 24-nji aprelde çap edilen çagyryşda jaýlary ýykmak işleriniň halkara standartlary esasynda amala aşyrylmagyna; jaýlary ýumrulan ýaşaýjylaryň hiç hili basyş edilmezden öz nägileligini bildirip bilmegi üçin türkmen lideriniň adyna çagyryş etmek soralýar.

“Amensty International” guramasy türkmen häkimiýetleriň, ýaşaýjylaryň bildirýän nägililigine garamazdan, jaýlary ýumurmak işlerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekýär.

Şeýle-de, düýbi Londonda ýerleşýän bu gurama Çoganlyda alnyp barylýan jaý ýykmalaryň adamlary bir ýerden beýleki ýerä göçürmek baradaky halkara hukuk standartlaryna gabat gelmeýändigini nygtaýar.

“Amensty International” hökümete degişli däl gurama bolup, ol dünýä boýunça adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýär. Ol 1961-nji ýylda Britaniýada esaslandyryldy.

XS
SM
MD
LG