Paýtagt Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklar, bir tarapdan şäheriň barha gözelleşmegine getirýän bolsa, beýleki tarapdan, bu proses şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.
Bu ýagdaýa esasanam daşy mermerli täze jaýlary gurmak üçin ýykylýan köne jaýlaryň eýeleriniň ykbalyna ýetirýän ýaramaz täsirinden göz ýetirmek mümkin. Jaý ýykylyşyk ýaly ýagdaýlara bolsa soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda yzygiderli duş gelse bolýar.
Häzirki döwürde Çoganly daçalary ýyykylýar, mundan ozal Berzeňňi, Gaža, we 8-nji mart ýaly ýaşaýş toplumlary ýumrulupdy. Azatlyk Radiosynyň "Dünýa türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda 8-nji martda ýerleşýän jaýlary ýumrulan iki ynsanyň ykbaly barada gürrüň edilýär.
Azatlyk radiosynyň ýörite gepleşigine gatanaşan şol raýatlar, jaýlary ýykylandan soňra başdan geçiren tejribelerini ýatlap, jaýlarynyň ýykylmagyny uruşdan beter bir waka hökmünde häsiýetlendirýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhanyň alyp barmagynda geçirlen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Gepleşikde gozgalan tema hakda siziň hem pikirdir teswirleriňize garaşýarys.