Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: toguň tölegi 100% galdy


Resmiler elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokary galmagynyň sebäpleri barada ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler.
Resmiler elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokary galmagynyň sebäpleri barada ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Şu ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanda ilata mugt berilýän limitden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasy 100%-den gowrak ýokary galar.

Bu barada paýtagtdaky “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň edara jaýynda bilidiriş asylypdyr. Ol bildirişde mugt goýberilýän möçberiň çäginden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasynyň 100 kwt-sagadynyň 2 manat 50 teňňe boljakdygy habar berilýär. Mundan öň toguň 100 kwt sagady üçin 1 manat 20 teňňe tölemelidi.

Bildiriş
Bildiriş

Bu Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasynyň soňky ýyllarda eýýäm ikinji gezek ýokary galdygy bolýar. 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hem elektrik energiýasynyň 100 kwt-sagady üçin nyrhlar 30% ýokary galdyrylypdy. Şonda toguň 100 kwt sagadynyň bahasy 92 teňňeden 1 manat 20 teňňä çykarylypdy.

Resmiler elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokary galmagynyň sebäpleri barada ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler. Habar serişdelerinde bu barada asla hiç hili habar ýa-da maglumat berilmeýär. Resmi metbugatda köplenç elektrik togy mugt diýlip ýazylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurtda adam başyna 35 kilowat-sagat mugt elektrik energiýasy berilýär. Şondan artygy – tölegli. Şeýle-de, ilatyň käbir gatlagy üçin elektrik togy doly ýa-da bölekleýin mugt berilýär. Mysal üçin, Beýik Watançylyk urşyna gatnaşanlar we inwalidler üçin elektrik energiýasy doly mugt.

Şeýle-de sowet döwründe, ýagny geçen asyryň 20-nji-50-nji ýyllaryndaky repressiýalardan ejir çekenler we çopanlar üçin hem elektrik energiýasy mugt. Harby we hukukgoraýjy organlaryň işgärleri we bu organlardan ýaşy boýunça zapasa çykan harbylar elektrik energiýasy üçin tölegiň ýarpysyny, ýagny 50%-ni tölemeli. Çernobyl heläkçiliginde ejir çekenler hem elektrik eneriýasy üçin tölegiň 50%-ni tölemeli.

Ýurduň habar serişdelerinde bu barada maglumat berilmänsoň, adamlar elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlandygyny diňe “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň edarasyna elektrik togy üçin töleg tölemäge baranlarynda bilip galýarlar.

Türkmenistanyň raýatlaryna elektrik energiýasynyň belli bir möçberi 1992-nji ýylda mugt berlip başlandy. Şonda her aýda adam başyna 25 kilowat-sagat elektrik energiýasy mugt berilýärdi. 1993-nji ýylda mugt berilýän elektrik energiýasynyň limitiniň üstüne 10 kilowat-sagat goşuldy we adam başyna 35 kilowatt-sagat elektrik energiýasy berlip başlandy. Şondan bäri bu limit saklanyp gelýär.

Ilkibaşda elekrtik toguny we tebigy gazy ilata 2015-nji ýyla çenli mugt bermek göz öňünde tutulypdy. Emma 2004-nji ýylda türkmen hökümeti ýurduň ilatyna elekrtik toguny we tebigy gazy 2030-njy ýyla çenli mugt bermegi dowam etmek kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG