NATO-nyň başlygy Mark Rutte 13-nji ýanwarda Ýewropa Parlamentiniň agzalaryna ýüzlenip, rus goşunlarynyň esasy hüjüm güýçlerini gündogar Donetsk sebitindäki Pokrowsk şäheriniň töweregine we Russiýanyň Kursk sebitine jemländigini, Ukrainanyň häzirki wagtda Russiýa bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.
"Ukraina häzirki pursatda güýç pozisiýasyndan gepleşik geçirip bilenok" diýip, Rutte aýtdy. "Biz olaryň konfliktiň traýektoriýasyny üýtgedip, şol güýç derejesine ýetip bilmegini kepillendirmek üçin has köp iş etmeli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rutte ABŞ-nyň saýalanan prezidenti Donald Trampyň kasam kabul etmeginden bir hepde öň çykyp gürlerdi. Tramp Ukrainadaky urşy tizden-tiz togtatmak wadasyny berdi. Bu wadalar ABŞ-nyň Kiýewe berýän goldawynyň azaldylmagy we ukrain ýolbaşçylarynyň agyr eglişik etmäge mejbur edilmek ähtimallygy baradaky gorkulary döretdi.
"Biziň hemmämiz bu urşuň soňlanmagyny isleýäris, ýöne ilkinji nobatda dowamly parahatçylygyň bolmagyny isleýäris" diýip, Rutte aýtdy. "[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin Ukrainada öz maksadyna ýetse, uzak parahatçylyk bolmaz, sebäbi ol şondan soň ýene öňe dyzar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rutte Ýewropanyň goranyş çykdajylaryny köpeltmelidigi barada aýdylýanlary gaýtalap, ýaranlygyň jemi içerki önüminiň 2 göteriminiň Moskwa howpuna garşy durmak üçin “ýeterlik däldigini” aýtdy.
"Eger muny etmesek, biz häzir howpsuz, ýöne dört-bäş ýyldan beýle bolmaz" diýip, Rutte aýtdy. "Şeýlelikde, eger siz muny etmeseňiz, rus dili kurslaryna ýazylyň ýa-da Täze Zelandiýa gidiň" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi
Söweş meýdanynda, Pokrowsk töwereginde we Kurskda ýagdaý dartgynlylygyna galýar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 13-nji ýanwarda, giçlik beren habarynda aýtdy.
Rus goşunlary 13-nji ýanwarda Pokrowsk töweregindäki ondan gowrak şäherçede ukrain pozisiýalaryna 74 gezek hüjüm etdiler diýip, habarda aýdylýar.
Baş ştabyň habaryna görä, ukrain güýçleri Kurskda duşmanyň 11 hüjümini "üstünlikli yzyna serpikdirdi".
Sebit prokuraturasynyň telegramdaky habaryna görä, ulaglaryna urlan dron zarbasyndan soň, Sumy sebitinde 54 ýaşly bir aýal öldi we onuň 65 ýaşly adamsy ýaralandy.
Prokurorlaryň aýtmaklaryna görä, raýat ulagy urlan wagtynda bir ýaşaýyş etrabynyň içinden geçip barýardy. Prokuratura bu zarba sebäpli uruş jenaýatlary bilen baglanyşykly derňewiň başlanandygyny aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji ýanwarda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Günbataryň "hyzmatdaş kontingentleriniň" Ukraina ýerleşdirilmegi baradaky pikiri ýene bir gezek ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýyldaky giň gerimli çozuşyna başlaly bäri Ukrainanyň dört litiý ýatagyndan ikisini ele geçirdi we bu ýagdaý Kiýewi esasy ykdysady çeşmesinden mahrum edip biler.
Russiýa 11-nji ýanwarda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitiniň oba ýerindäki Şewçenko şäherçesini ele geçirendigini öňe sürdi. Bu şäherçe Ukrainanyň iň uly litiý ýataklarynyň biriniň üstünde ýerleşýär.
Hünärmenler Russiýanyň Ukrainanyň litiý ýataklaryny ele geçirmeginiň Ýewropanyň galan bölegine we materigiň ýaşyl energiýa geçmek tagallalaryna täsir ýetirip biljekdigini aýdýarlar.
Forum