Türkmenistanda ilat bu ýyl hem, indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri bolşy ýaly, 12-nji ýanwarda Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatlady.
Şol bir wagtda, Mary welaýatynda bu ýyl gonamçylyklara baran we sadaka beren adamlaryň sany, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, az boldy.
Bu aralykda, sebit häkimiýetleri bu senede býujet işgärleriniň onlarçasyny gülküli teatr sahnalaryna tomaşa etmäge mejbur etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Bu ýyl hepdäniň dynç gününe, ýagny ýekşenbe gününe gabat gelen 12-nji ýanwarda Mary şäheriniň ýaşaýjylarynyň köpüsi aýatdan öten merhumlaryny zyýarat etdi. Olar hossarlarynyň mazarlaryndaky guran otlary çapyp aýryp, arassaçylyk işlerini geçirdiler. Şeýle-de, olar öz merhumlarynyň we watan üçin göreşen şehitleriň hatyrasyna doga-dileg etdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Rus imperiýasynyň harby goşunlary general Skobelewiň ýolbaşçylygynda häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasyny syndyrdy, müňlerçe adam wepat boldy.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, her ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde Gökdepe galasynyň synan güni döwlet derejesinde hatyralanyp, hökümetiň hemaýatynda sadakalar berilýärdi, Gökdepe urşunyň hem-de beýleki watançylyk söweşleriniň gahrymanlary we pidalary ýatlanýardy.
Ýöne 2015-nji ýyldan bäri bu sene ýurtda Hatyra güni hökmünde resmi derejede bellenmeýär. Oňa derek halkyň ýakyn taryhyndaky gandöküşikli gyrgynçylyklaryň hatyrasy we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň ýasy resmi derejede her ýylyň 6-njy oktýabr güni tutulýar. 6-njy oktýabr garaşsyzlykdan soň, Türkmenistanda Ählihalk Matam güni yglan edilipdi. Bu 2014-nji ýyldan bäri umumymilli Hatyra güni hökmünde bellenilýär.
Türkmenistanda 12-nji ýanwar güni Gökdepe söweşini we beýleki gyrgynçylyklary hatyralamak resmi derejede ýatyrylan hem bolsa, bu sene halk arasynda ýylyň-ýylyna ýatlanyp gelinýär.
Şol bir wagtda, habarçymyz Maryda bu ýyl gonamçylyklara baran we sadaka beren adamlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, az bolandygyny hem nygtaýar.
Maryly ýaşaýjylaryň ençemesi munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdýar.
Birinjiden, döwlet ilata Gökdepe urşunyň hem-de beýleki watançylyk söweşleriniň gahrymanlaryny we pidalaryny ýatlamak gününi düýpli unutdyrmak maksady bilen, metjitleriň wekillerine hem adamlara 12-nji ýanwarda gonamçylyklara zyýarat etmegi ündemegine rugsat bermeýär. Ikinjiden, sebitden daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlar ýylyň-ýylyna köpelýär.
“Erkek adamlaryň köpüsi eklenç üçin daşary ýurtlara gitmeli boldy. Biz ýaly yzda galan adamlaryňam sany azalýan bolmaly. Şol sebäpli ýanlarymyz bilen getiren pil, orak, kätmen we çarşak ýaly gurallarymyz bilen diňe öz hossarlarymyzyň mazarlarynyň üstünde ösen haşal otlary däl, eýse töwerekdäki mazarlaryň üstüni hem arassaladyk” diýip, Hojaýusup baba gonamçylygyna baran maryly ýaşaýjylaryň birnäçesi gürrüň berdi.
Mundan başga-da, hossarlary daşary ýurtlarda, hususan-da, Türkiýede aýatdan ötüp, şol ýerde jaýlanan maşgalalaryň birnäçesi Baýramaly etrabynyň Hojaýusup baba gonamçylygynda sadaka berdi.
“Hossarlarymyzyň mazaryny görmäge gidip bilmeýändigimiz sebäpli, Hatyra gününde merhumlarymyzyň we dünýäden öten ähli türkmen şehitlerimiziň ruhuna bagyş etmek maksady bilen, üýşüp, janly soýup, halky naharladyk” diýip, Hojaýusup baba gonamçylygyndaky bir zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu aralykda, sebit ýaşaýjylary Hatyra gününi belleýän mahaly, ýerli häkimiýetler bu senede býujet işgärleriniň onlarçasyny gülküli teatr sahnalaryna tomaşa etmäge mejbur etdi.
“Bizi 12-nji ýanwarda Mary şäherindäki Kemine adyndaky Türkmen döwlet drama teatryndaky oýna tomaşa etmeli etdiler. Gitmekden ýüz öwrenlere adatça bolşy ýaly işden kowulmak haýbaty atyldy. Teatrda maýmyn, it ýaly haýwanlar sypatlandyrylan wäşilik oýunlaryna tomaşa etdik” diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum