Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Muhammet pygamberiň karikaturasyny çekmek baradaky kampaniýanyň Faceboogyň 80 müň agzasynyň ünsüni özüne çekenligi, dört müňden köpräk karikaturanyň saýta gelip gowşanlygy aýdylýar. Pygamberiň suratyny çekmek yslam dininde günä hasaplanýar. Ozal bular ýaly işleri edenlere yslamçy ekstremistler “öldüreris” diýip, haýbat atdylar. Köp ýurtlarda hem gahar-gazaply protestler geçdi. Siziň özüňize bir göni howp abanan mahaly boldumy?
Andy Freiheit: Hut meniň özüme öldüreris diýip haýbat atylanok. Olar meniň adymy bilenoklar. Ýöne sahypany dolandyrýanlara we bu kampaniýany alyp baranlara toplumlaýyn haýbat atylmanam duranok. Biz hem şoňa görä çäre gördük... Biz hiç kime birini öldür diýemzok. Yslamçy ekstermistler muny etseler, bu olaryň öz işi. Muňa biz jogapkär däl. Biz olar hetdenaşa bir iş etmez diýip umyt edýäris. Olar bu işi etjek bolsalar, parahatçylykly protest geçirip bilerler. Pikirlerini şeýdip, beýan edip bilerler. Häzir söz azatlygy howp astynda. Biz erkin, şol sebäpden hem bir araçäk belledik.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Şular ýaly karikaturalara gezek gelende söz azatlygy bilen ýigrençli wagzyň arasynda araçäk nirededir öýdýäňiz?
Andy Freiheit: Biziň ugur alýan ölçeglerimiz bar. Ýöne her bir suraty gözden geçirip bilemzok. Muňa ne wagtymyz, ne-de mümkinçiligimiz bar. Şunlukda gaty kemsidiji suratlar-da bolýar. Bular üçin ötünç soraýarys. Saýta seretseňiz, görersiňiz, dolanyryjylar tarapyndan edilen belliklerde birine dil ýetirilen ýeri ýokdur.
Maşaal Radiosy: Yslam medeniýeti barada siz takyk näme bilýärsiňiz?
Andy Freiheit: Men iki ýarym ýyl Türkiýede boldum. Türk yslam medeniýeti barada bilýärin. Beýlekiler bilen deňäniňde Türkiýe bütinleý dünýewi döwlet bolsa-da, yslam medeniýeti barada bilýän zatlarym ortaça bilimden ýokary. Ýöne men ekspert däl.
Maşaal Radiosy: Bu kampaniýany alyp barmagyňyza name sebäp boldy?
Andy Freiheit: Bu musulmanlaryň haýbat atmagy netijesinde sungat işgärleriniň özlerini senzuralamagyna berilýän gaýtargy. Mysal üçin, gollandiýaly film direktory Theo Wan Gog Saud Arabystanyndaky aýallaryň durmuşy barada film döredenligi üçin öldürildi. Şular ýaly başga sungat işgärlerini-de öldürmek bilen haýbat atyldy ýa olaryň özi gorkup dymdylar.
Maşaal Radiosy: Näme üçin siz hemme musulmanlar üçin aýratyn bir beýik sahş bolan Muhammet pygamberi yslamçy ekstermistler bilen baglanyşdyrýarsyňyz?
Andy Freiheit: Sebäbi olar özlerine musulman diýýärler. Olaryň bize öldürjek diýip haýbat atmagyna sebäp bolýan Muhammet. Bizi öldürmek bilen haýbat atýan hytaýly kommunistler bolsady, onda biz Maonyň karikaturasyny çekerdik. Bizi öldürmek bilen haýbat atýan günorta afrikalylar bolsady, Nelson Mandelanyň karikaturasyny çekerdik. Bizi öldürjek diýip haýbat atýan hindistanlylar bolsady, Mahatma Ghandiniň karikaturasyny çekerdik. Her kim, her bir topar adamlara öldürerin diýip haýbat atmak bilen öz diýenini etdirjek bolsa, onuň bu aýdany ýol alamaz, ol garşylyk bilen ýüzbe-ýüz bolar.