Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Piýer Morel nämäniň gözleginde?


Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel günbatar ýolbaşçylarynyň arasynda Türkmenistana iň köp sapar edýänleriniň biri.

Onuň nobatdaky saparynyň dowamynda haýsy ugurlar boýunça gepleşikler geçirjekdigini häzirlikçe aýtmak kyn. Sebäbi bu barada henize çenli elimizde doly maglumat ýok.

Türkmen mediasy bu duşuşyklarda özara bähbitli meseleler hakda pikir alşylar diýip, habar berýär. Bu “özara bähbitli” diýlen gatnaşyklar, umuman aýdanyňda, soňky döwürlerde Aşgabat bilen Brýusseliň arasynda ýygjamlaşdy.

Esasy tema energiýamy?

Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmegi bilen Ýewropa türkmen gazyna hyrydarlygyny has açyk bildirip başlady we Ýewropa bilen aragatnaşygyň güýçlenmegini Türkmenistan hem isleýär.

Emma Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Moreliň aýtmagyna görä, bu gatnaşyklarda energiýa Brýusseli gyzyklandyrýan ýeke-täk pudak däldir.

“Energiýadan öňürti biz howpsuzlyk meselesine, şeýle-de bilim pudagyna uly ähmiýet berýäris. Elbetde, biziň üçin energiýa serişdesi-de möhüm, emma energiýadan başga zatlar hem bar. Biz tebigaty goramak we suw meselesine, şeýle-de ykdysady ösüş we maýa goýumuna hem-de özara sowda gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns beriýäris” diyip, Piere Morel ýakynda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýdypdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti hökmünde wezipä başlandan soň, Brýussel onuň sapar eden ilkinji şäherlerinden biri bolupdy. Ol şol ýerde Ýewropa bilen Aşgabadyň aragatnaşygyny täze derejä çykarmak barada gürrüň edipdi. Ol bu pikirini soňra-da gaýtalamagyny dowam etdirdi. Iýul aýynyň 10-na eden çykyşynda Berdimuhamedow, Ýewropa tarapyndan goldanylýan NABUCCO proýektine goşulyp, Türkmenistanyň Ýewropa gaz satmakçydygyny aýdypdy.

“Biziň gaz ýataklarymyzda geçen ýyl geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň çäklerinde ägirt uly gaz gorlarynyň bardygyny dünýä jemgyýetçiligine aýan etdi. Şonça möçberdäki gazy alyjylara öz serhedimizde satmaga mümkinçiligiň bardygyny men ýene bir gezek nygtasym gelýär. Munuň özi dürli taslamalary, mysal üçin, şol sanda NABUCCO taslamasyny amala aşyrmak bilen baglanşykly işleri ýerine ýetirmäge hem mümkinçilik döreder” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, jenap Moreliň bu sapary her niçik öňden planlaşdyrylan bolsa-da, türkmen ýolbaşçysynyň öňe süren bu teklibi we esasanam Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasynda, Hazar deňzinde ýerleşiýän energiýa ýataklarynyň eyýeçiliginiň kime degişlidigi bilen bagly ýakynda ýüze çykan dartgynlylyk, energiýa meselesini onuň saparynyň esasy temasyna öwürdi.

Düýbi Berlinde ýerleşýän we Germaniýanyň Daşary aragatnaşyklar boýunça sowetiniň Orsýet we Merkezi Aziýa boýunça synçysy Ýan Tekau hem şeýle pikiri öňe sürýän ekspertlerden biridir. “Ýewropa geljekde guruljak gaz geçirijileri gaz bilen üpjün edip biljek täze çeşmeleri gözlemäge mejbur, şeýle serişdäniň deregine Brýussel şol ýurtlara ençeme ugurlarda, şol sanda neşä garşy göreş we howpsuzlyk ýaly meseleler boýunça zerur kömekleri teklip edýär. Şunlukda Moreliň bu saparynyň beýleki Ýewropaly wekilleriňkiden tapawutly boljagyny men çak edemok” diyip, Germaniýaly synçy Ýan Tekau Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Moreliň häzirki duşuşygy soňky birnäçe günüň dowamynda Ýewropaly wekilleriň Türkmenistan bilen arada amala aşyran duşuşyklaryndan diňe biridir.

Mälim bolşuna görä, ýakynda Rumynyýanyň prezidenti, şeýle-de Beýik Britaniýanyň şazadasy Türkmenistanda boldular. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda bu duşuşyklarda hem energiýa boýunça hyzmatdaşlyk meselesi esasy orun alypdy. Energiýa meselesi Türkmenistanyň wekilleriniň awstriýaly kärdeşleri bilen ýakynda Wenada geçiren bilelikdäki ýygnagynyň hem esasy temasy bolupdy.

Garaşylýan derejede hereket ýok

Bularyň ählisi Brýussel bilen Aşgabadyň öz aragatnaşygyny soňky döwürlerde hasam ýygjamlaşdyranlygyny aňladýar, emma Germaniýaly synçynyň aýtmagyna görä, muňa garamazdan Ýewropa Türkmenistanda garaşylan derejede üstünlükli iş alyp barmaýar.

“Meniň pikirimçe, Ýewropa Türkmenistanda tehniki taýdan käbir kiçeňräk proýektleri amala aşyrmagy başardy. Emma umuman aýdylanda, Ýewropa Birligi öz ykdysady güýjüni regionda strategiki rola öwürmegi başarmady. Munuň ýakyn wagtda beýle boljakdygyny hem çak edemok, sebäbi Ýewropa beýlekiler ýaly, howpsuzlyk meselesinde o diýen aktiw däl. Şonuň üçin men Brýusseliň şol regionda täsiriniň çäkli bolup galjakdygyny güman ediýärin” diýip, Germaniýaly synçy aýtdy.

Emma ady agzalan synçynyň bu pikirine garamazdan, Ýewropa Bileleşligi Orsýet we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bir hatarda regionda aktiw syýasat alyp barýan, ýeri gelende, adam hukuklarydyr syýasy azatlyklar meselelerini-de gozgap durýan ýurtlar toparydyr.

Piýer Moreliň türkmen wekilleri bilen geçirjek duşuşyklarynda bu meselä garalyp-garalmajagyny häzirlikçe aýtmak kyn, emma ol Azatlyk radiosyna beren interwýusynda adam hukuklarynyň Ýewropa Birliginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belläpdi.
XS
SM
MD
LG