Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletiň dokma senagaty üçin çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar.
Türkmenistanda sement gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, paýtagtyň angarlarynda basylyp goýlan Eýrandan import edilen sement peýda boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkiýäniň Stambul şäherinde türkmenistanly bir zenany awtoulag kakdy. Türk media serişdeleriniň maglumatyna görä, bu waka şäheriň Beşiktaş etrapçasynda türkmen zenany çatrykdan geçmäge synanyşan mahalynda boldy.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň paýtagtyň etraplaryndaky Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň işgärleri bildiriş tagtalarynda asylan iş orunlaryna işe ýerleşmek üçin barýan raýatlary dürli bahanalar bilen yzyna ugradýarlar.
Türkmenistanyň hökümetçi neşiri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da okuwa ýerleşen türkmen ýaşlarynyň “harby gullugy yza süýşürmek hukugy” barada makala çap etdi.
1-nji iýundan başlap “Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin online bilet satyn almak hyzmatyny ýola goýdy. Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we türkmenistanlylaryň ençemesi bu hyzmatyň kadaly işlemeýändigini habar berýär.
Türkmenistanyň welaýatlarynyň ençemesinde A-95 markaly benzin tapdyrmaýar. Benzin gytçylygy Balkanda iki hepdeden, Daşoguzda bir hepdeden we Maryda üç günden bäri dowam edýär.
Daşoguz welaýatynda saglyk pudagynyň işgärleri suw, gaz we elektrik togy üçin aýlyk tölegleri töländikleri baradaky kwitansiýany edara ýolbaşçylaryna tabşyrmaga mejbur edilýärler.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlara garşy gözegçilikler has-da güýçlendirilip, olara garşy çäreler indi iki döwlet edarasynyň işgärleri tarapyndan amal edilip başlandy.
Şu ýylyň aprel aýyndan başlap Türkmenistanyň banklarynda ýurduň çäginde milli manatda nagt pul geçirimleriň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýän hyzmat ýatyryldy.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ýene dört sanysy Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy.
3-nji iýunda giçlik Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýene güýçli ýagyş ýagdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň beren maglumatyna görä, güýçli ýagan ýagyş uzaga çekmese-de, gysga wagtyň dowamynda şäheriň köçelerini ýagyn suwlary basdy.
Türkiýe türki jemgyýetleriniň agzalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz müňden gowragyna ýaşamaga ygtyýarnama we uzak möhletleýin ýaşamaga ygtyýarnama berdi.
Türkiýäniň Kojaeli welaýatynda ten satmaga mejbur edilen 8 aýal, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Aýrybaşga bir wakada-da türk polisiýasy Ankara şäherinde neşe maddasyny öndürmekde we satmakda güman edilýän türkmenistanly ýene bir raýaty tussag etdi.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabadyň Azatlyk etrabyndaky edarasynda raýatlaryň VISA plastik bank kartlarynyň möhletini uzaltmak çäresi ençeme sagada çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Aşgabatda guşlar duýdansyz heläk bolýar we olaryň azalandygy göze ilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler.
Şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde döwletiň kesgitlän nyrhyndan çäkli möçberde şeker, tüwi we ösümlik ýagyny satyn almak üçin onlarça adam nobata durýar.
Lebap welaýatynda we Aşgabat şäherinde hususy eýeçilikdäki gara reňkli awtoulaglaryň garşysyna ulanylýan bikanun çäklendirme gaýtadan güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz habarçylary habar berýärler.
Şu gün, 29-njy maýda günortan wagty Aşgabatda ýene doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagyp, şäheriň köçelerini suw basdy.
Aşgabatda çekirtgelere garşy göreşmek boýunça bir aý dowam etjek çärä badalga berildi. Bu çäre Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabatda köpelen kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy “gyssagly çäreleriň” zerurdygy barada eden çykyşynyň yzýanynda alnyp barylýar.
Ýene-de ýükle