Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetçi saýt Azatlykda çykan habarlary agzamazdan, ‘harby gullugy yza süýşürmek hukugy’ barada makala çap etdi


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň hökümetçi neşiri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da okuwa ýerleşen türkmen ýaşlarynyň “harby gullugy yza süýşürmek hukugy” barada makala çap etdi.

“Gündogar news” neşiriniň 6-njy iýunda çap eden bu makalasy Türkmenistana dolanan studentleriň Aşgabadyň aeroportundan göni harby gulluga äkidilýändigi barada Azatlyk Radiosynda we garaşsyz neşirde çap edilen habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

“Eger Türkmenistanyň raýaty öz hasabyna daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan bolsa, şeýle-de öň şeýle okuw jaýlarynda we mekdeplerinde okamadyk bolsa - okuwyň möhletine barabar, hem-de 26 ýaşyny geçmedik bolsa, onda ol “harby gullugy yza süýşürmek hukugyna” eýe bolýar” diýip, hökümetçi neşir Aşgabat şäheriniň harby wekilliginiň resmisine salgylanýar.

Ýöne bu talaplaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda internaturalary, aspiranturalary, doktoranturalary okaýan türkmenistanly ýaşlara degişli däldigini hem harby wekilligiň resmisi belleýär.

Bellemeli ýeri, hökümetçi neşir Aşgabat şäheriniň harby wekilliginiň resmisi bilen söhbetdeş bolan ýurt içindäki habarçysynyň adyny köpçülige mälim etmeýär. Şeýle-de, gürrüňi edilýän wekilligiň resmisiniň şahsyýetini hem aýdyňlaşdyrmaýar. Neşir olaryň şahsyýetlerini köpçülige mälim etmezliginiň sebäplerini hem düşündirmeýär.

Neşiriň habarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçmedik, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň “harby gullugy yza süýşürmek hukugyna” eýe bolmak üçin okaýan ýokary okuw jaýyndan ýa-da orta hünär mekdebinden berlen resminamany üpjün etmäge borçludygy aýdylýar.

“Raýat ýa-da onuň ene-atasy, dogan-garyndaşlary, kanuny wekilleri bu resminamalary sentýabr-oktýabr aýlarynda onuň hasaba duran harby wekilligine tabşyrmaly. Bu resminamada onuň belgisi we berlen wagty, şeýle-de studentiň okuwa kabul edilenkararynyň belgisi, hünär ugry we ýokary okuw jaýyny tamamlaýan wagty görkezilýär. Resminamada rektoryň ýa-da onuň orunbasarynyň golunyň, şeýle-de ýokary okuw jaýyň möhüriniň bolmagy hökmanydyr” diýip, neşir resminiň sözlerini getirýär.

Şeýle-de, resmi Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunyna salgylanyp, “okuwyny dowam etdirmek üçin harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen (şol sanda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okaýan) raýatlaryň 27 ýaşy dolýança harby gulluga çagyryş meselesi bilen baglylykda harby wekilligiň çagyrmagy esasynda harby wekillige gelmäge borçludygyny” hem belleýär.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Aşgabat şäheriniň harby wekilliginden kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Hökümetçi neşiriň çap eden habary daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ençemesiniň Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradylandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Ýöne neşiriň maglumatynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly ýaşlaryň ýurda dolanan dessine çagyryş boýunça harby gulluga ugradylýandygy ýa-da ugradylmaýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

20-nji maýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Russiýanyň ýokary okuw jaýynda bilim alýan türkmenistanly bir studentiň Moskwadan Aşgabada dolanan güni çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilendigini habar berdi.

Şuňa meňzeş wakanyň 1-nji iýunda hem bolandygyny, “Hronika Türkmenistan” neşiri 4-nji iýunda mälim etdi.

“Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ýene dört sanysy Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy” diýip, neşir öz habarynda belledi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň bu studentleriň ýaşyny we bilim derejesini (bakalawr, internatura, aspirantura, doktorantura) anyklamak synanyşyklary başa barmandy.

7-nji iýunda bolsa, Aşgabadyň häkimiýetleriniň orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagy bilen baglylykda, raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini aýdýarlar. Munuň bolsa, goşunda gulluk etmeli esgerleriň ýetmezçiligine sebäp bolýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynda ýurtda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG