Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň paýtagtyň etraplaryndaky Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň işgärleri bildiriş tagtalarynda asylan iş orunlaryna işe ýerleşmek üçin barýan raýatlary dürli bahanalar bilen yzyna ugradýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerinde iş bildirişleri asylan tagtalarda iş orunlarynyň bardygy ýazylýar. Olaryň sany 100-den geçýändir. Ýöne haçanda müdirligiň işgärleriniň ýanyna baranyňda, olar dürli bahanalary tapýarlar we adamlary yzyna ugradýarlar. Olar raýatlaryň käbirineiş stažynyň ýetmeýändigini, käbirine bilim derejesiniň talabalaýyk gelmeýändigini ýa-da bu iş ornunyň eýýäm ýapylandygyny aýdýarlar” diýip, 10-njy iýunda Aşgabadyň iki etrabyndaky müdirliklere baryp gören ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçynyň sözlerine görä, Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň işgärleri raýatlaryň ençemesine sentýabr ýa-da oktýabr aýlarynda gaýtadan gelip görmegi maslahat beripdirler.
“Belki şonda siziň hünäriňize görä, iş orny bolar ýa-da açylar, diýip müdirligiň işgärleri aýtdylar” diýip, aşgabatlylaryň ençemesine salgylanyp, habarçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda agzalýan müdirlikleriň haýsy etrapda ýerleşýändigi baradaky maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary raýatlaryň bu müdirliklere baryp işe ýerleşip bilmejekdigini bilýändigini, şol sebäpli bu ýere barýan adamlaryň hem azdygyny belleýär.
Türkmenistanda raýatlar Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerine baryp iş tapyp bilmeýän mahalynda, “işe ýerleşdirjek” diýen wada bilen raýatlardan pul alyp, soňra ýitirim bolýan “hilegärleriň” hem peýda bolandygy aýdylýar.
10-njy iýunda Azatlyk Radiosy bilen Mary welaýatyndan habarlaşan bir çeşmämiz öz obasyndan azyndan 17 adamyň şeýle aldawa düşendigini, ýöne beýleki obalary hasaba alanyňda olaryň sanynyň 30-dan geçýändigini gürrüň berdi.
“Hilegärler köpeldi. Işe saljak diýip her adamdan 3000 manatdan pul aldylar. Häzirki wagtda hiç kim puluny yzyna alyp bilenok. Her kim işsizlikden ýadap, kimisi işigindäki mallaryny deger-degmeze satyp, kimisi-de prosentine karz alyp, pul berdiler. Puly alan şol oglan ýok, telefony-da öçük. Ol öýünde-de ýok” diýip, anonim şertde maglumat beren çeşmämiz aýtdy.
Ol “ähli zadyň bir oglanyň Lebap welaýatyndaky hytaý firmasynda adamlary işe salyp bilýändigini aýtmagy we bu gürrüňleriň işsizlikden kösenýän hojalyklaryň gulagyna degmegi bilen başlandygyny” aýdýar.
“Muny eşiden adamlar biziňem çagalarymyzy we özlerimizi işe salyp bermezmika diýip, şol oglana ýüz tutýarlar we pullaryny gowşurýarlar. Emma iş yza süýşüp başlaýar. Şondan soňra şol oglan duýdansyz ýitirim bolýar” diýip, çeşme belledi.
Onuň sözlerine görä, müňlerçe manat möçberinde puluny aldyran ilat häzirki wagt gürrüňi edilýän oglany tapyp bilmeýär. Ýurtda para berene we alana deň derejede çäre görülýändigini aýdyp, “aldawa düşen” adamlar bu mesele boýunça degişli döwlet edaralaryna ýüzlenmekden hem saklanýarlar.
“Adamlar gorkýarlar. Para beren we alan ikisem deň jezada diýip, ýüz tutsak olardan hem sypmak üçin ýene bergä girmeli bolarys diýýärler” diýip, çeşme ýaşaýjylara salgylanýar.
Azatlyk Radiosynda bu ýagdaýy başdan geçirendigini aýdýan adamlar we olaryň ýaşaýan ýeri baradaky maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň işe ýerleşmegine ýardam berilmegini göz öňünde tutýar, şeýle-de işsizlik boýunça maddy kömek berilmegini kepil geçýär. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi bu kömek puluny almagyň tas mümkin däldigini aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda işsizligiň derejesi barada resmi statistikany köpçülige ýetirmeýär. Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, hususan-da, 2017-nji ýylda ýurtda işsizligiň derejesi 60% ýetipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.