Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ýene dört sanysy Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp habar berýär.
“Olar [studentler] 1-nji iýunda gije Türkiýeden Aşgabadyň aeroportuna geldiler. Olaryň ikisi [Mary welaýatynyň] Baýramaly şäherinden we beýleki ikisi-de Lebap welaýatyndan. Studentleriň ene-atalary olary garşy almak üçin Aşgabadyň halkara aeroportuna gelipdi. Ýöne ene-atalar studentleri garşy alyp bilmediler” diýip, neşir 4-nji iýunda çap eden habarynda aýdýar.
Maglumata görä, ene-atalaryň dürli edaralara eden ýüzlenmelerinden soňra, olar 3-nji iýunda tanyş-bilişleri arkaly öz çagalarynyň çagyryş boýunça harby gullugy berjaý etmekleri üçin Aşgabat şäheriniň harby wekilligine alnyp gidilendigini bilip galýarlar. Ýaşlaryň Aşgabat şäheriniň harby wekilliginiň harby gullukdan boýun gaçyrýanlaryň bölümine ýerleşdirilendigi aýdylýar.
“Olar pasport barlaglaryndan geçenden soň, dessine soraga çekildi. Bu ençeme sagat dowam etdi. Şondan soňra Aşgabat şäheriniň harby wekilliginiň ofiseri olaryň Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde gulluk etmek üçin çagyrylandygyny mälim etdi” diýip, neşir öz habarçylaryna salgylanyp ýazýar.
Azatlyk Radiosynyň bu maglumaty öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Ýöne bu waka Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir studentiň Moskwadan Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradylandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň beren maglumatyndan iki hepde soňa gabat geldi.
Student ýurduň çägine girenden soň, Türkmenistanyň güýç edaralarynyň wekilleri ony 2 sagat çemesi wagtlap Aşgabadyň halkara aeroportunda saklaýar. Soňra degişli harby wekilligiň işgärleri gelip, studenti göni aeroportdan harby gulluga alyp gidýär.
Mart aýynyň dowamynda Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edendigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 1-nji aprelde habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna jaň edip, olaraokuwlary doly tamamlanýança, ýurda dolanmazlygy tabşyrýandygyny gürrüň berdi.
Russiýada bilim alýan türkmenistanly student Perman bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlarynyň Russiýada bolýan wagtlaryny uzaltmaga synanyşýandygyny 2-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.
“Eger daşary ýurtlara sapar etmek üçin niýetlenen pasportlarynyň möhleti dolmadyk bolsa, onda häzir talyplaryň köpüsiniň kanikulda hem [Türkmenistana] gitmek niýetleri ýok” diýip, Perman gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagy bilen baglylykda, raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini aýdýarlar. Munuň bolsa, goşunda gulluk etmeli esgerleriň ýetmezçiligine sebäp bolýandygy aýdylýar.
Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň Türkmenistany terk edendigini habar berdi.
“Bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar” diýip, çeşmelerimiziň biri bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny hem belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna okamaga ýa-da işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmän gelýärler.
Ýöne türk media serişdeleriniň Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna salgylanyp, 2-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan diňe Türkiýä jemi 82 müň 325 sany türkmenistanly sapar etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokary bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.