Aşgabatda guşlar duýdansyz heläk bolýar we olaryň azalandygy göze ilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler.
“Irden we gündiz jaýyň daşynda sarlar we kepderiler köp bolýardy. Olar penjiräňden hem gelýärdiler. Ýaşaýjylar olara suw we iýmit berýärdi. Ýöne indi olar gelmeýär. Şeýle-de, şäherde şeýle guşlaryň ölendigini, jesedini hem görse bolýar” diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 31-nji maýda gürrüň berdi.
Bu habar paýtagtda çekirtgelere, kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy köçeleriň iki tarapyna himiki serişdesini pürkmek çäreleri dowam edýän mahalyna gabat geldi.
23-nji maýda Aşgabadyň häkimliginde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet we mejlis agzalarynyň, şeýle-de harby we howpsuzlyk resmileriniň öňünde çykyş edip, kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy “gyssagly çäre” görmegi talap etdi.
Bu talabyň yzýany, 29-njy maýda Aşgabatda çekirtgelere garşy göreşmek boýunça bir aý dowam etjek çärä badalga berildi. Bu çäräniň çäginde kesgitlenen býujet işgärleri giçlik sagat 19:00-dan daňdan sagat 5:00-6:00-a çenli şäheriň köçeleriniň iki tarapyna himiki serişdeleri pürkýärler.
10-njy maýdan başlap bolsa, Aşgabadyň häkimiýetleriniň kebelekleri ýok etmek üçin himiki serişdeleri ulanýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdi. Habarçy ýörite tehnika arkaly köçelere ýaýradylýan himiki serişdeleriň diňe bir gijelerine däl-de, eýsem köçelerde adamlaryň köp bolan wagtynda hem pürkülýändigini aýtdy.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna paýtagtda guşlaryň duýdansyz heläk bolmagynyň we olaryň göz-görtele azalmagynyň şäheriň köçelerine pürkülýän himiki serişdeler bilen gös-göni arabaglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny resmi çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Beýleki tarapdan, guşlaryň heläk bolýandygy barada Türkmenistanda ilat tarapyndan giňden ulanylýan Imo tilsiminde hem bildirişler peýda boldy. Bildirişlerde guşlaryň köçelere zyňylýan sakgyçlar zerarly heläk bolýandygy aýdylýar.
Köçede heläk bolan guşuň jesediniň golaýynda başga bir guşuň duran pursadyny görkezýän suratyň aşagyna ýazylan bildirişleriň birinde şeýle diýilýär:
“Hormatly adamlar köçelere sakgyç taşlamaň! Tebigatyň bezegi bolan guşjagazlar ýere taşlanan sakgyjy çörek owuntyklarydyr öýdüp iýýärler. Sebäp olarda akyl ýok, olar jandar. Bizde akyl bar. Guşjagazlaryň ölmegine, olaryň çagajyklarynyň enesiz galmagyna sebäp bolmalyň”.
Thespruce.com neşiriniň şu ýylyň ýanwar aýynda çap eden maglumatynda guşlaryň sakgyç zerarly köplenç ölmeýändigi mälim edilip, şol bir wagtda-da, olaryň ölübem-ölmänem bilýändigi aýdylýar.
“Kiçijek guş tokga sakgyç bölegi sebäpli demigip ölüp biler ýa-da onuň iýmit siňdirişini böwetläp biler. Ýöne şol bir wagtda-da, ýabany tebigaty gorap çykyş edýänler, ornitologlar ýa-da guşlary we tebigaty öwrenijiler tarapyndan guşlaryň sakgyç zerarly heläk bolýandygy barada edilen çykyş ýok” diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň 31-nji maýda iberen wideo ýazgylaryna görä, çekirtgelere we beýleki mör-möjeklere garşy köçelere himiki serişdeleri pürkmek çäresi heniz hem dowam edýär.
Wideoda gök egin-eşigindäki býujet işgärleriniň arkasynda himiki serişdesi bolan gök plastiki gutulary bilen paýtagtyň azyk harytlary satylýan dükanlaryna hem girip, özlerine gerek bolan önümleri satyn alýandygyny görse bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.