Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmendemirýollary’ online bilet satuwyny ýola goýdy; ilat näsazlyklardan şikaýat edýär


Türkmenistanyň "Türkmendemirýollary" agentliginiň programmasyndan alnan surat
Türkmenistanyň "Türkmendemirýollary" agentliginiň programmasyndan alnan surat

1-nji iýundan başlap “Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin online bilet satyn almak hyzmatyny ýola goýdy. Agentlik bu hyzmatyň ýolagçylar üçin döredilen täze bir aňsatlykdygyny aýdýan mahalynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we türkmenistanlylaryň ençemesi bu hyzmatyň kadaly işlemeýändigini habar berýär.

“Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan ‘Türkmendemirýollary’ agentligiprogrammasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini ‘Altyn Asyr’ töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan” diýlip, agentligiň websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we olar bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi bu hyzmatda näsazlygyň bardygyny aýdýar. Sebäbi ýolagçylaryň ençemesi ne agentligiň programmasynyň kömegi, ne-de internet saýty arkaly online bilet satyn alyp bilýär.

“Hatda internetden başy çykýan adamlar-da ‘Türkmendemirýollary’ agentliginiň saýtyndan online bileti öňünden zakaz edip bilmediler. Adaty raýatlar bolsa, özlerinden näme talap edilýändigine düýbünden düşünmeýärler” diýip, anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçylarymyzyň biri 7-nji iýunda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýolagçylar online bilet satyn almak üçin kömek sorap, “Türkmendemirýollary” agentliginiň paýtagtdaky kassalaryna baranda, bu ýerde oturan jogapkär işgärler hem bu hyzmatdan peýdalanyp bilmeýär.

“Bu sistema ne raýatlar düşünýär, ne-de kassada oturan işgärler. Ýolagçylar bilet almak üçin kassa baranda, olara ‘düşnüksiz’, ‘siz elektron bileti öňünden aldyňyzmy?’ diýip soraýarlar. Hiç kim hiç zada düşünmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Üstesine-de, habarçy ýolagçylar öňünden online bileti buýurmasa, onda olara kassalarda hem biletiň satylmaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Biletleri Internet arkaly zakaz etmek ulgamy ýolagçylaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmaly, olara goşmaça bökdençlikleri döretmeli däl. Şeýle-de, kassalaryň özünde bilet satyn almak mümkinçiligi saklanyp galmaly, hususan-da, Internet-medeniýeti pes bolan ýurtda şeýle bolmaly” diýip, aşgabatly ýolagçylaryň biri anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

7-nji iýunda Azatlyk Radiosy “Türkmendemirýollary” agentliginiň saýtyndan azyndan dört gezek online bilet satyn almaga synanyşdy. Bu hyzmatyň gidiş ugry, habarlaşmak maglumatlary we ýeri saýlamak bölümleri, göräýmäge, kadaly işleýän ýaly bolup görünýär. Ýöne otluda oturjak ýeriňi saýlap, tölegi geçirmek bölümine ýeteniňde sahypa hatardan çykýar.

Azatlyk Radiosy munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşanda, redaksiýanyň kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň online bilet satuwyny ýola goýmagy, ýurduň media we metbugat serişdelerinde “sanly ulgam” aňlatmasy we bu ulgama geçmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada yzygiderli gaýtalanýan wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistanda “2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip düzüldi.

22-nji aprelde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň resmi websaýtymundan beýläk ýurduň ilatynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň internet saýtynda iş hem-de işgär gözläp bilýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtyndaky Iş üpjünçilik portaly, göräýmäge, kadaly işleýän ýaly bolup görünýär. Emma saýtda sebit, hünär topary we boş iş ornunyň doly ady baradaky maglumatlar berilse-de, bu iş ornuna arza tabşyrmak ýa-da iş beriji bilen habarlaşmak ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulmandyr.

Maglumat üçin aýtsak, “Türkmendemirýollary” agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Bu agentligiň “Ýolagçy” bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG