Aşgabatda hususy söwda nokatlarynyň, dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň we fitnes merkezleriniň aglabasy köpçülikleýin ýapylyp, olaryň gapylaryna möhür basyldy.
Aşgabadyň polisiýasy ýurduň dürli welaýatlaryndan paýtagta işlemäge gelen içerki zähmet migrantlaryny saklap, ahiç hili düşündiriş bermezden, olary şäheriň polisiýa departamentine alyp gidýär.
Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, eklenç gözleginde Türkiýä gelen türkmen zähmet migrantlary günlükçi hökmünde işlemek üçin ir säher bilen Stambulyň Çaglaýan we Zekeriýaköý sebitlerindäki ýanýodalarda garaşyp başlaýarlar.
Aşgabatda ýaşaýjylaryň tebigy gaz geçirijilerinden rugsatsyz turbalary çekmegini we ulanmagyny gadagan edýän “Gadagannama” atly resminama peýda boldy.
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksileriň we traktorlaryň sürüjileri ulaglar hatardan çykanda, olary öz hasaplaryna bejertmeli bolýandyklaryny we bu çykdajylar sebäpli güzeran aýlamagyň barha kynlaşýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 11-nji synpy, ýagny mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin Soňky jaň dabaralarynyň geçirilmegine iki gün galanda, ene-atalaryň ençemesi bu dabara üçin edilýän çykdajylaryň aşa köpdüginden şikaýat edýär.
Türkiýäniň Stambul şäherinde eneke bolup işe ýerleşen öýlerinden gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlamakda şübhe bildirilýän türkmenistanly zenan tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.
21-nji maýda irden, gün doganda Ahal welaýatynda güýçli ýagyş ýagyp başlady. Munuň netijesinde welaýatyň ençeme etrabyna sil suwlary gelip, ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi.22-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagy dowam edýär.
Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, okuwçy gyzlar ýaşyl reňkdäki matany satyn almaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýär.
Aşgabadyň azyndan iki bankyndaky bankomatlaryň öňünde onlarça adamyň, şol sanda ýaş çagaly eneleriň we gartaşan adamlaryň uly nobata durandygy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wideolar gelip gowuşdy.
Täjigistandan Türkiýä ýük daşaýan ýük ulaglarynyň 100-e golaýy Özbegistanyň serhedinden Türkmenistanyň territoriýasyna geçirilmeýär.
Lebabyň Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň ýolbaşçylary dürli çäreler üçin okuwçylardan yzygiderli pul ýygnaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň biri habar berýär.
Aşgabadyň metjitlerinde juma namazynda okalan hutbada ymamlar raýatlary türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we Watany söýmäge çagyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu çärä gatnaşan birnäçe habarçysy habar berýär.
16-njy maýda Belarusyň Brest şäherindäki derýanyň kenarynda türkmenistanly studentiň iki aýlyk bäbeginiň jesedi tapyldy. Bu barada Belarusyň Içeri işler ministrliginiň Brest regiony boýunça müdirligi we belarus media serişdeleri habar berýärler.
Daşogzuň döwlete degişli gurluşyk dükanlarynda sement tapdyrmaýar. Onuň hususyýetçilerdäki bahasy bolsa, soňky bir hepdede tas iki esse gymmatlady diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmen hökümetiniň ykdysady ösüşiň gazanylandygyny yglan etmeginiň fonunda, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda şeker gytçylygy gaýtadan emele geldi. Şeker satyn alýan müşderilerden onuň ýany bilen möhleti geçen harytlary hem satyn almak talap edilýär.
Şu gün, 15-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 12:30-13:00 töweregi paýtagt Aşgabada güýçli ýeliň turandygyny we soňra ýagşyň ýagyp başlandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
“Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň biletleriniň öňki bahasynda saklanyp galýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Human Rights Watch guramasy Türkmenistanyň türmelerinde eýýäm ömrüniň 15 ýylyny geçiren dissident Gulgeldi Annanyýazowyň çekýän jebir-süteminiň soňuna çykmak üçin herekete geçmäge çagyrýar.
Aşgabadyň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary bilim we terbiýeçilik jaýlaryny abatlamak işleri üçin ene-atalardan pul ýygnap başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Ýene-de ýükle