Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda pensiýa we kömek puluny alýan raýatlardan täze resminamalar talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan raýatlardan täze resminamalaryň ençemesini tabşyrmak talap edilýär. Bu resminamalary ýanwaryň ahyryna çenli tabşyrmadyk raýatlaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilmejekdigi duýdurylýar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň habar bermegine görä, şu hepdäniň başynda türkmenistanlylar tarapyndan giňden ulanylýan Imo messenjerinde bu barada bildiriş peýda boldy. Şondan soňra aşgabatlylaryň onlarçasy şäheriň Berkararlyk we Köpetdag etrap sosial-üpjünçilik edaralaryna bardylar.

“8-nji ýanwarda bu ýerde köp sanly adam üýşdi. Berkararlyk etrap sosial-üpjünçilik edarasynyň işgärleri bildirişiň dogurydygyny tassykladylar. Ýöne bu barada edaranyň özünde hiç hili bildiriş asylmandyr. Olar munuň sebäbini hem düşündirmediler. Ýöne şondan soň, adamlar soralýan resminamalary ýygnap başladylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol Köpetdag etrap sosial üpjünçilik edarasynyň işgärleriniň bu bildirişi tassyklamandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Imo messenjerinde peýda bolan, ýöne çeşmesi görkezilmeýän bildirişde çagasy 3 ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek puluny alýan enelerden:

  • Maşgala düzümi barada ýaşaýan ýerinden
  • Işleýän ýerinden (Işe çykýan senesini görkezmeli. Işleýän zenanlara degişli)
  • Ýaşaýan ýerinden işlemeýändigi hakynda (Işlemeýän zenanlara degişli) resminamalar soralýar.

Maýyplyk pensiýasyny we döwlet kömek puluny alýan raýatlardan:

  • Ýaşaýan ýerinden
  • Keselhanadan
  • Işleýän ýerinden (Işe çykýan senesini görkezmeli. Işleýän adamlara degişli)
  • Ýaşaýan ýerinden işlemeýändigi hakynda (2-3 topara degişli işlemeýän maýyplara degişli) resminamalary tabşyrmak talap edilýär.
Imo messenjerinde çap edilen bildiriş
Imo messenjerinde çap edilen bildiriş

Şeýle-de, bildirişde işleýän pensionerlerden zähmet çekýän ýerinden alnan resminamany tabşyrmak, işlemeýän pensionerlerden bolsa pensiýa fondunda özüniň diriligini tassyklatmak soralýar.

Bildirişde bu resminamalary şu aýyň 31-ne çenli degişli edaralara tabşyrmadyk raýatlaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank hasaplaryna geçirilmejekdigi hem duýdurylýar.

Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabadyň Berkararlyk we Köpetdag etrap sosial-üpjünçilik edaralaryndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy geçen ýyllarda pensionerlerden özleriniň diriligini subut etmek talap edilen bolsa-da, şeýle resminamalaryň kömek puluny alýan raýatlardan ilkinji gezek soralýandygyny aýtdy.

“Häkimiýetler bu resminamalary talap etmek arkaly gaz, tok we suw ýaly hyzmatlaryň töleglerini öz wagtynda töletmäge synanyşýan ýaly bolup görünýär. Sebäbi Öý dolandyryş edaralary gürrüňi edilýän resminamalary diňe tölegler tölenen bolsa berýär” diýip, habarçy belledi.

6-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri welaýatda özleriniň diriligini subut etmedik raýatlaryň dekabr aýy üçin pensiýa we döwlet kömek pullarynyň olaryň bank hasaplaryna geçirilmändigini habar berdi.

“Pensionerler, kömek puluny alýan çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli raýatlar munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp degişli edaralara ýüzlenýärler. Şonda olara özleriniň ýaşaýandygyny subut edýän resminamalar tabşyrylmasa, onda olaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank hasaplaryna geçirilmejekdigini duýdurypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG