Türkiýäniň Stambul şäherinde bir özbegi öldürmekde we başga-da bir türkmen raýatyny agyr ýaralamakda güman edilýän iki türkmenistanly tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.
“Milliýet” neşiriniň 9-njy ýanwarda çap eden habaryna görä, 1-nji ýanwarda sagat 22:00 töwereginde Esenýurt etrabynyň ýaşaýjylary damagyndan pyçaklanan adamy görüp, bu barada saglyk işgärlerine habar berýärler.
“23 ýaşyndaky türkmenistanly Arslan wakanyň bolan ýerine baran saglyk işgärleri tarapyndan Bakirköý Dr. Sadi Konuk okuw we derňew keselhanasynyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirildi. Üç günden soň ol özüne geldi” diýlip, habarda bellenilýär.
Aýdylmagyna görä, şondan soňra türkmenistanly Arslan wakanyň bolan wagty Esenýurduň Talatpaşa sebitindäki jaýda biri-birini tanaýan 5 dostuň arasynda dawa-jenjeliň dörändigini aýtdy.
Maglumata görä, şonda ol özüniň hem-de 23 ýaşyndaky özbegistanly Olimbeýiň pyçaklanandygyny we onuň wakanyň bolan ýerinde ölendigini, özüniň bolsa ýaraly ýagdaýda öýden çykyp, gaçmagy başarandygyny gürrüň berdi.
“Bu aralykda, 3-nji ýanwarda türk polisiýasy özbegistanly Olimbeýiň jesedini Stambulyň Beýlikdüzü etrabynda, suwuň kenarynda tapdy. Derňewçiler onuň garnyndan pyçaklanyp öldürilendigini anykladylar” diýip, “Milliýet” neşiri ýazýar.
Bu wakadan soň, türk polisiýasy türkmenistanly 44 ýaşyndaky Bartalawy we onuň 44 ýaşyndaky aýaly Rozany hem-de 35 ýaşyndaky özbegistanly Jammaly tussag etdi. Şondan soňra soraga çekilen şübheliler Olimbeýi öldürendiklerini we Arslany agyr ýaralandyklaryny boýun aldylar.
“Şübhelileriň wakanyň bolan güni Bartalawyň özbek we türkmen raýatlaryny pyçaklandygyny, onuň aýalynyň we beýleki özbek raýatynyň oňa kömek edendigini gürrüň berendigi anyklandy. Şeýle-de, olaryň Olimbeýiň jesedini zir-zibil dökülýän çelege goýup,jaýdan 200 metr çemesi uzakdaky kanala zyňandyklaryny aýdandygy hem tassyklandy. Jesediň kanaldan Beýlikdüzündäki kenara çenli akyp gidendigi çaklanylýar” diýlip, habarda aýdylýar.
Türk media serişdelerinde şübhelileriň 8-nji ýanwarda sud öňüne çykarylandygy we şondan soňra türmä iberilendigi hem bellenilýär. Azatlyk Radiosynyň bu barada Esenýurt etrap polisiýasyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Belläp geçsek, bu Türkiýedäki türkmenistanlylar bilen ilteşikli soňky 10 güne golaý wagtyň dowamynda çykan üçünji habardyr.
1-nji ýanwarda “Hürriýet” neşiri Izmir şäheriniň Karşiýaka etrabynda Täze ýyl baýramyny belleýän adamlaryň arasynda dörän dawa-jenjelde Türkmenistanyň raýaty Uktam Reýimbaýewiň pyçaklanyp öldürilendigini habar berdi.
Şonda neşir Reýimbaýewiň näme sebäpden we kim tarapyndan pyçaklanandygynyň nämälim bolmagynda galýandygyny belledi. Ýöne türk polisiýasynyň waka bilen ilteşikli 17 adamy, şol sanda 3 aýaly tussag astyna alandygy we derňewleriň dowam edýändigi habar berildi.
1-nji ýanwarda çykan başga bir habarda bolsa, Tekirdag şäheriniň Çorlu sebitinde özüne esewanlyk edýän türkmenistanly kömekçisi bilen ýaşaýan 77 ýaşyndaky Melek Baýragyň jaýynyň bakjasynda öli tapylandygy habar berildi. Bu waka bilen bagly hem derňewleriň dowam edýändigi bellenildi.
Galyberse-de, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar barada soňky 10 güne golaý wagtyň dowamynda Russiýanyň we Belarusyň media serişdelerinde hem habarlar peýda boldy.
6-njy ýanwarda Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanlynyň tussag edilendigi mälim boldy. 2-nji ýanwarda bolsa, Orsýetiň ul.pressa.ru neşiri täze ýylyň öňüsyrasynda Ulýanowsk regionynda türkmenistanly studentiň umumy ýaşaýyş jaýynda öz watandaşyny pyçaklap öldürendigini habar berdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylary has köp görse bolýar.
Muňa ýurtda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy, iş orunlarynyň kemeldilmegi, işsizlik, aýlyklaryň öz wagtynda berilmezligi, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi we walýuta çäklendirmeleri ýaly faktorlar sebäp bolýar.
Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere, şol sanda altyn we walýuta gaçakçylygyna ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.