Türkmenistanyň ýüzlerçe ýük ulagy türkmen tarapyndan paromyň öz wagtynda gelmändigi sebäpli indi 20 günden gowrak wagt bäri Azerbaýjanyň portundan yzyna gaýdyp bilmeýär.
Şol bir wagtda, Azerbaýjanyň resmileri türkmen ýük ulaglarynyň rugsat berleninden has köp wagt ýurtda galandygyny aýdyp, olaryň her biri $200 möçberinde pul tölemese, ulaglaryň portdan goýberilmejekdigini duýdurýarlar.
7-nji ýanwarda türkmen ýük ulag sürüjileriniň ençemesi Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Bakuwyň halkara deňiz portundan Türkmenistana dolanyp bilmeýändikleri we muňa sebäp bolýan ýagdaýlar barada gürrüň berdiler.
“Bu ýerde Türkiýeden we Gürjüstandan Türkmenistana ýük gatnadýan ulaglaryň 500 çemesi bar. Biz üç hepde bäri şu ýerde garaşýarys. Muňa Türkmenistandan paromyň öz wagtynda gelmezligi sebäp boldy. Gämi şu gün geldi. Ýöne oňa-da diňe 51 ýük ulagy sygýar. Galyberse-de, häzirki wagt her bir sürüji $200 tölemese, Azerbaýjanyň resmileri ýük ulaglary paroma goýbermeýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly ýük ulag sürüjisi 7-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, Bakuwyň halkara deňiz portunyň resmileri bu tölegiň sebäplerini ýük ulaglaryň rugsat berleninden has köp wagt ýurtda galandygy bilen düşündirýärler.
Ýöne türkmen sürüjileri bu säwligiň özleri tarapyndan däl-de, Türkmenistanyň paromunyň öz wagtynda gelmändigi sebäpli dörändigini belläp, talap edilýän tölegi tölemejekdiklerini aýdýarlar.
“Biz paroma gija galmadyk. Biz öz wagtynda gelip portda durdyk. Bizde Türkmenistana gaýtmak üçin öňünden alnan parom biletleri hem bar. Ýöne türkmen tarapyndan parom öz wagtynda gelmedi. Şonuň üçin biz bu puly tölejek däl. Biz ýurt baştutany we türkmen resmileri bize kömek eder diýip umyt edýäris” diýip, ýük ulag sürüjisi aýtdy.
Şol bir wagtda, 7-8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň birnäçe resmisi Bakuwyň portuna baryp, türkmen sürüjileri bilen duşuşdylar we olara tölegler tölenmese, onda paromyň Türkmenistana boş gitjekdigini aýtdylar.
“Biz türkmen ilçihanasynyň wekillerine munuň biziň gänämiz däldigini düşündirip kömek sorasakda, bizi diňlemeýärler” diýip, türkmenistanly sürüji 8-nji ýanwarda beren maglumatynda gürrüň berdi.
Sürüjileriň sözüne görä, türkmen tarapyndan paromyň wagtynda gelmezliginiň sebäbi, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gatnaýan iki paromdan biriniň hatardan çykyp, onda bejeriş işleriniň geçirilýändigi bilen baglanyşykly.
“Adatça bu paromlar her 3 günden Bakuwyň portuna barýar we biz köp bolanda, 4-5 gün garaşýardyk. Häzirki wagt Türkmenistanyň paromlaryndan birinde bejeriş işleri geçirilýär. Beýlekisi bolsa, Astrahana-da baryp gaýdýandygy üçin, Bakuwyň portundaky türkmen ýük ulaglarynyň köp wagt garaşmagyna sebäp bolýar” diýip, sürüji aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasy bilen habarlaşanda, telefona jogap beren resmi günortanlyk arakesmäniň dowam edýändigini aýdyp, 1 ýarym sagatdan jaň etmegi sorady. Ýöne Azatlygyň şondan soňky jaňlaryna jogap berilmedi. Azatlyk Radiosynyň Bakuwyň halkara deňiz porty bilen habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.
Galyberse-de, sürüjiler Türkmenistan tarapyndan paromyň gelmezligi sebäpli özleriniň her biriniň 200-300 amerikan dollary möçberinde zyýan çekendiklerini aýdyp, Bakuwyň portundaky ýaşaýyş şertleriniň hem gözgyny ýagdaýdadygyna ünsi çekdiler.
“Biz ýük ulagyň içinde ýatyp turýarys. Bu ýerde köneje hajathana bar. Oňa girmek üçin 1 sagatlap nobata durýarys. Suw gyzdyryp ýuwunýarys. Azyk satyn alyp, gaz peçde bişirýäris” diýip, sürüji gürrüň berdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri hem Türkmenbaşy şäherinden paromlaryň kadaly gatnamaýandygyny tassyklap, munuň bilen bagly bu ýerde hem köp sanly ýük ulagyň üýşendigini aýtdy.
“Bu ýerdäki ýük ulag sürüjileri paromlaryň birinde indi üç aý bäri bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdylar. Onuň haçan abatlanjagy belli däl. Şu sebäpli bu ýerde ýük ulaglaryň uzyn nobaty döredi. Käbir sürüjiler indi 4 hepde bäri nobatlaryna garaşýarlar. Olaryň arasynda daşary ýurtly sürüjiler hem bar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş olan habarçy 7-nji ýanwarda gürrüň berdi.
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygyna 1,5 millard amerikan dollary sarp edilen Türkmenbaşynyň täze deňiz portuny açypdy. Şonda türkmen hökümeti bu portuň Türkmenistanyň ýük dolanyşygyny üç esseden gowrak artdyrjakdygyny, ýagny ýylda 25-26 million tonna çenli ýetirjekdigini yglan etdi. Şeýle-de, onuň Gara deňiz sebitine, Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Aziýa çykmak üçin amatly şert döretjekdigi aýdylypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.