Günbataryň we Gündogaryň arasynda sowuk uruş döwründen bäri emele gelen iň güýçli gapma-garşylygyň dowamynda Ýewropa we ABŞ Orsýetiň Ukraina el urmagy bilen baglylykda Moskwa garşylyk görkezýärler, emma bu sapar tanklar däl-de, bank hasaplary esasy ýarag hökmünde ulanylýar.
Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Orsýete garşy ykdysady sanksiýalary, hatda Eýrana garşy sanksiýalara meňzeş ýiti çäreleri girizmäge garaşylmadyk derejede taýýarlyk bildirýärler.
Ýewropa Bileleşigi Orsýet bilen wiza we hyzmatdaşlyk boýunça özara gepleşikleri togtatdy hem Ukrainanyň “garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine howp salýan” diýip hasaplanan orsýetli we ukrainaly käbir adamlara garşy wiza çäklendirmelerini girizdi.
Brýussel we Waşington sanksiýalaryň indiki tapgyrynyň has berk bolup biljegini duýdurdy.
11-nji martda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Moskwa garşy sanksiýalaryň iňňän tiz girizilip bilinjegini aýtdy, şol bir wagtda-da Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 13-nji martda Orsýetiň syýasy we ykdysady taýdan zyýan çekmek howpuň astyndadygyny aýtdy.
Global ykdysady baglanyşyk
Bu gapma-garşylyklaryň dowamynda Orsýetiň global ykdysadyýete aralaşandygy sebäpli, Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalar Günbatara hem ýaramaz täsir ýetirip biler. Emma analitikler Ýewropa Orsýetiň gazyna bil baglaýan hem bolsa, Orsýetiň Günbatar babatynda amala aşyryp biljek çäreleriniň çak edilişinden has az boljagyny aýdýarlar.
Ýewropa Orsýetiň nebiti we gazy üçin esasy bazar bolup durýar, nebit-gaz girdejileri bolsa Orsýetiň döwlet girdejileriniň esasy bölegini emele getirýär. Üstesine, Orsýetiň döwletiň gözegçiligindäki we hususy şirketleri Günbataryň banklarynyň maliýe serişdelerine daýanýarlar.
Waşingtonyň Halkara ykdysadyýeti boýunça Patterson Institutynyň baş bilermeni Andres Aslund şeýle diýýär: Orsýetiň maliýe merkezi Londondyr. Şeýle-de Orsýet häzirki wagtda global maliýe ýagdaýa örän garaşly. Biz muny 2008-nji ýylda Orsýetiň maliýe bazarynyň maýdan oktýabra çenli 80% çökmeginde gördük”.
“Bloomberg” agentliginiň habar bermegine görä, Orsýetiň kompaniýalary 2013-nji ýylda Günbataryň banklaryndan 58 milliard dollar karz alypdyr, ondan ozaky ýylda alnan karzyň möçberi 38 milliard dollar çemesi bolupdyr.
“Halkara Walýuta Fondunyň” maglumatyna görä, Orsýetdäki iri maýa goýujylaryň we Orsýetdäki maýa goýumlaryndan peýda görýänleriň arasynda Gollandiýa, Britaniýanyň Wirgin adalary, Bermud, Bahama adalary we Luksemburg bar. Maliýe operasiýalaryndan gelýän girdejiler örän uly bolansoň, olardan peýda görýänleriň köplenç syýasy täsiri hem uly bolýar.
Bu ýagdaýda bilermenleriň köpüsi Britaniýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň Orsýete garşy çynlakaý sanskiýalara garşy çykyş etmeginiň ahmaldygyny çak edýärler.
Berk çäreler
Emma soňky günler Waşingtonyň we Ýewropa döwletleriniň arasynda geçirilýän berk gepleşikler şeýle çaklamalary gowşatdy. 11-nji martda Ýewropa Parlamenti hakyky eýelerini görkezmezden işleýän kompaniýalaryň üstüni açmak we girdeji görýänleriň atlaryny köpçülige mälim etmek boýunça çäreleriň girizilmegini biragyzdan goldady.
Waşingtonda ýerleşýän Global maliýe integrasiýa atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň metbugat wekili Klark Gaskoigne Britaniýanyň bu tagallalaryň öňünde barýandygyny belledi: “Beýik Britaniýa berk basyş edýär. Ol oktýabr aýynda kompaniýalaryň eýeçiligine degişli öz döwlet hasabyny ýöretjegini yglan edipdi”.
Orsýetiň resmileri özlerine garşy islendik çärelere özleriniň-de garşylykly çäre görmek bilen jogap berjekdigini mälim etdiler. Emma Orsýetiň Günbatara ykdysady taýdan zyýan ýetirmek ukybynyň ujypsyz bolmagy mümkin.
Dünýäniň energiýa bazaryndaky özgerişler we ABŞ-nyň tebigy gaz önümçiliginiň artmagy Ýewropanyň Orsýetiň gazyndan kesilmeginden uly zyýan çekmezligine esas döredýär.