Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewraziýa öňe ümzük atýar


Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň premýer-ministrleri D.Medwedew, M.Mýasnikowiç we K.Masimow
Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň premýer-ministrleri D.Medwedew, M.Mýasnikowiç we K.Masimow
Orsýetiň Ýewraziýa intergrasiýasy baradaky arzuwlary, Ukrainadaky krizise garamazdan, öňe ümzük atýar.

Moskwa subsidiýalar we mejbur etmek ýaly usullary ulanmak arkaly Ýewraziýanyň integrasiýasy bilen bagly arzuwlaryny amala aşyryp, bu ugurdan öz tagallalaryny ýaýbaňlandyrýar.

Moskwanyň öňe sürýän Ýewraziýa ykdysady bileleşigi onuň potensial agzalarynyň güýçli şübhe bildirmegine garamazdan, öňe tarap gadam basýar.

29-njy maýda Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň Astanda geçiriljek sammitinde üç ýurduň Gümrük bileleşigini 2015-nji ýyla çenli Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi guramasyna öwürmek baradaky ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.

Bu ädim bilen bilelikde guramanyň düzümini giňeltmek boýunça ädimler hem ädilýär we oňa Ermenistana hem Gyrgyzystana goşulmak teklip edilýär.

Emma Ukrainadaky krizisiň güýçlenmegi Mokwanyň goňşy ýurduň içerki işlerine gatyşmaga taýýardygyny görkezdi we gol çekişligiň golaýlamagy bilen howatyrlanmalary güýçlendirdi. Muny Gümrük bileleşiginiň liderleriniň geçen aýda Minskde geçiren duşuşygynda görmek mümkindi.

Moskwa tarapyndan öňe sürülýän proýekte Orsýetiň postsowet giňişliginde öz syýasy täsirini artdyrmak tagallalarynyň bir bölegi hökmünde garalýar we Orsýetiň muňa ykdysady zerurlyklara garanda has beter syýasy ambisiýalar sebäpli baş goşýandygy barada pikirler döreýär.

“Bu hakyky syýasy proýekt” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Howpsuzlyk meseleleri boýunça institutynyň baş analitigi we ýakynda çap edilen hasabatyň awtorlarynyň biri Niku Popesku (Nicu Popescu) aýdýar.

Ukrainanyň kölegesinde

Moskwa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi baradaky ylalaşyga gol çekdirmek üçin öz potensial ýaranlaryna Ukrainadaky krizis başlanmazddan has öňden bäri basyş edip gelýär. Moskwanyň bu ymtylmalary ykdysady sebäpler bilen bagly bolman, eýse Orsýetiň postsowet giňişligini gaýtadan birleşdirmek islegleri bilen bagly bolup görünýär.

Netijede Astanada gol cekiljek ylalaşykda esasy meseleler boýunça boşluklaryň galýandygyna garamazdan, bu ylalaşyk her halda baglaşyljaga meňzeýär.

Bileleşigiň ykdysadyýeti

Gümrük bileleşigi 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda işläp başlan hem bolsa, onuň agza ýurtlarynyň ykdysadyýetlerine ýetirýän täsirini kesgitlemek kyn. Ýurtlaryň özara söwdasy artdy, emma analitikler muny 2008-2009-njy ýyllarda ýüz beren global ykdysady krizisden çykmak boýunça adaty prosesler bilen baglanyşdyrýarlar.

Geçen hepdede Ýewraziýa ykdysay komissiýasy üç ýurduň arasyndaky söwdanyň 2014-nji ýylyň birinji çärýeginden 2013-nji ýylyň agzalan döwri bilen deňeşdirilende 13% ösendigini aýtdy.

Guramanyň agzalary, şol sanda Gazagystan, özleriniň Gümrük bileleşigine agza bolmagyna garamazdan, Orsýetiň olara öz bazarlaryny doly açmaýandygyndan nägile bolýarlar.

“Biznes wekilleriniň ençemesi Gümrük bilelşigine garamazdan, Orsýete edilýän eksportyň berk çäklendirilmeginden şikaýat edýärler” diýip, almatyly biznesmen Altaý Sandybaýew aýdýar we ol mundan beýlägem Orsýetiň girdejili bazarlarynyň elýeterli boljagynyň hakykatda “boş wada” bolup galjakdygyny çaklaýar.

Potensial agzalar

Onçakly ynandyryjy bolmadyk ykdysady görkezijilere garamazdan, Ermenistan we Gyrgyzystan hem Gümrük bileleşigine goşulmak ýoluna düşdüler.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň 2013-nji ýylda Ýerewanyň ÝB bilen uzak wagtlap maslahat edip gelen assosiatiw ylalaşygyndan el çekip, Ýewrziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmak planlaryny yglan etmegi köp synçylary gaty geň galdyrypdy. Analitikler bu netijäni gazanmak üçin Orsýet Ermenistandaky içki syýasy bäsdeşlikde prezident Sarkisýanyň garşydaşlaryny goldamagy bes edip, Sarkisýan üçin amatly syýasy ýagdaý döretmegi wada berendir diýip çaklaýarlar.

“Gyrgyzystan ýagdaýa görä bolýar” diýip, bişkekli syýasy analitik Elmira Nogoibaýewa aýdýar.

"Gyrgyzystan diňe öz ýakyn töweregindäki syýasy modellerden nusga alýana meňzeýär” diýip, analitik Elmira Nogoibaýewa belleýär. Onuň pikirine görä, “Gyrgyzystan öz garaşsyz daşary syýasatyny döretmäge hatda synanyşyk hem etmeýär”
XS
SM
MD
LG