Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýurduň derwaýys meseleleri


Petro Poroşenko
Petro Poroşenko
25-nji maýda Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde şokolad magnaty Petro Poroşenkonyň öz gutarnykly ýeňşini yglan etjekdigine kesgitli netije hökmünde garalýar. Ýöne onuň ykdysady, syýasy we geosyýasy krizisi başdan geçirýän Ukrainada ýurduň durnuklylygyny gazanmak üçin öňünde duran anyk wezipeler bar.

Poroşenkonyň örän gysga wagtyň içinde bitirmeli işleriniň käbirleri hakda gürrüň edeliň!

Kanuny häkimiýet

Adalatly geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Poroşenkonyň bu wezipä saýlanmagy ukrain hökümetiniň kanuny häkimiýetdigini halkara jemgyýetçiligine ykrar etdirmekde örän möhüm ädim. Ýurduň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiç fewral aýynda wezipeden çetledilensoň Moskwa Ukrainada häkimiýet başyna geçen hökümetiň kanunylygyny ýa-da däldigini häzire çenli şübhe astyna alyp geldi.

Şondan bäri Orsýet Ukrainadaky ýagdaý bilen ylalaşmazdan, Ýanukowiçe ýurduň kanuny prezidenti hökmünde garaýardy we şol sebäpden hem Kiýew bilen göni gepleşikleri geçirmekden boýun gaçyrdy. Orsýet Kiýewde boldy diýilýän “hökümet agdarylyşygyny” Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almak üçin bahana edindi.

Ykdysadyýet

2012-nji ýylyň ortalaryndan bäri ukrain ykdysadyýeti gowşaýardy. Býujet ýetmezçiligi ýurduň umumy içerki önüminiň bahasyny umumylykda 12 göterim dagy peseltdi. Munuň hötdesinden gelmek üçin Ukraina 35 milliard amerikan dollary möçberinde maddy goldaw gerek.

Halkara pul gaznasy bilen Bütindünýä Bankynyň wada beren pul kömegini ukrain häkimiýetleriniň gaty ýerlikli ulanmagy zerur. Hut şonuň üçin hem bu ýagdaý käbir çäklendirme syýasatyny talap edýär. Ynha, bu bolsa ukrain halkynyň kösenmegine getirer.

Pul karzyny berýän halkara maliýe edaralary ukrain häkimiýetlerinden döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň 10 göteriminiň işden boşadylmagyny we ýurduň içinde satylýan gazyň töleginiň 50 göterim gymmatladylmagyny soraýar. 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde ukrain pul birligi öz hümmetiniň 25 göterimini ýitirdi.

Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, 2014-nji ýylda ukrain ykdysadyýeti 5 göterim peseler. Ýewropa Ösüş banky bolsa ukrain ykdysadyýetiniň 7 göterim dagy gowşajakdygyny çaklaýar.

Ýurtdaky çaknyşyk

Poroşenko öz çykyşynda soňky birnäçe aýyň dowamynda Ukrainada rusparaz meýletinçileriň has işjeňlik görkezýän regionlaryndaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmagyň öz öňünde duran derwaýys meselerleriň iň esasylaryndan biridigini aýtdy.

Poroşenko 25-nji maýda Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynda bu barada şeýle diýdi: “Prezidentlik wezipesine başlamagym bilen biziň toparymyzyň öňünde duran iň wajyp mesele ýurtda ýaýbaňlanan söweşi, bulagaýçylygy we kanun bozmalaryň soňuna çykmak bolar. Biz asuda hem-de parahat Ukraina üçin göreşeris”.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, ýurduň Donetsk we Lugansk welaýatlarynda öz “garaşsyzlygyny” jar eden rusparaz separatistler golaýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ähmiýetini peseltmek üçin ellerinde baryny gaýgyranoklar. Poroşenko resmi taýdan prezidentlik wezipesine başlan badyna haýal etmän Donetsk welaýatyna sapar etjekdigini aýtsa-da, separatistler onuň bilen gepleşik geçirmäge taýýar däl ýaly bolup görünýärler.

Saýlawlardan bir gün ozal, gündogar we günorta Ukrainanyň sekiz regionynyň separatist liderleri “Garaşsyz Noworossiýa döwletini” döretmek barada ýygnak geçirdiler. Käbir synçylaryň aýtmaklaryna görä, rus hökümeti agzalýan regionlardaky pitneçilerden ýüz öwürýändigini aýdýan hem bolsa, bu welaýatlara rus kömeginiň gelmegi dowam edýär.

Orsýet bilen gatnaşyklar

Poroşenko öz sözlerinde rus-ukrain gatnaşyklarynyň täzeden seljerilmeginiň hem öz öňünde duran iň derwaýys meselerlerden biridigini aýtdy. Ol Moskwa bilen täze bir howpsuzlyk şertnamasyna gol goýmaga isleg bildirýändigini ýaňzytdy.
Şol bir wagtyň özünde rus tarapynyň, Moskwanyň hem Poroşenko bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aňladýan käbir alamatlar peýda bolup başlady. Ýogsa, ors häkimiýetleri Kiýewde gurlan hökümete şu çaka çenli “bikanun” diýen gözden garaýardylar.

Ýöne iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täzeden ýola goýmaklygyň öňünde iki sany päsgelçilik bar. Birinjiden, Ukraina umulykda (hususan-da Poroşenko we onuň topary) Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegine garşy. 26-njy maýda eden çykyşynda Poroşenko “Krym meselesini” çözmekligiň öz öňlerinde duran iň esasy meselelerden biridigini aýtdy. Poroşenkonyň “Krym meselesine” garaýşy açyk we aýdyň, ol “Krymyň Ukraina yzyna gaýtarylyp berilmegi we Krymda ýaşaýan ukrainalylaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi” meseläniň ýeke-täk dogry çözgüdi bolar diýýär.

Ikinjiden, Moskwa Ukrainanyň Ýewropa bilen integrasiýasyny çäklendirmegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, Moskwa Ukrainanyň hiç haçan NATO goşulmajakdygyna kepillik soraýar. Ýöne Moskwadaky Karnegi merkeziniň synçysy Mana Lipman bu meselede Moskwany nädip ynandyrmalydygy, nämäniň kepilnama bolup biljekdigi nämälimligine galýar diýýär.

Lipman bu ugurdan şeýle diýýär: “Orsýet bu meselede Ukrainadan “kepilnama” soraýarmy ýa-da ol Ukrainadaky ýagdaýy düýbünden özüniň gözegçilikde saklamaga döwtalapdygyny aýtjak bolýarmy, ýa-da bolmasa Moskwa Ukrainanyň perespektiwalaryna kontrol etjek bolýarmy? Ynha, şu soraglaryň hemmesiniň jogaby Ukrainada täze dörediljek hökümet öz işine başlansoň belli bolar. Elbetde, eger-de ol hökümet hakykatdanam öz işine başlap bilse. Orsýetiň Ukraina çynlakaý täsiri bar we Orsýet muny işjeň ulanýar. Şonuň üçinem häzire çenli Orsýetiň Ukrainadaky ýagdaýy ýatyşdyrmaga gyzyklanma bildiýändigi barada hiç hili alamat ýok”.

Özüni goldanlary kanagatlandyrmak

Poroşenko ykdysady meselerler, durnuksyz regionlar we Orsýet bilen meşgul bolmak bilen bir hatarda özüni hökümet başyna getiren Maýdan hereketiniň hem talaplaryny kanagatlandyrmaly bolar.

Onuň ýakyn wagtda Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiatiw ylalaşyga gol çekişmeginiň gaty ahmaldygy aýdylýar. Ýanukwiç noýabr aýynda bu ylalaşykdan ýüz öwrüpdi. Munuň netijesinde bolsa ýurtda durnuksyz ýagdaý döräp, ahysoňy Wiktor Ýanukwiç wezipeden el çekmeli bolupdy. Poroşenkonyň bu ylalaşyga gol goýmagy gündogar regiondaky separatistler bilen geçiriljek gepleşikleri kynlaşdyrar.

Maýdan hereketine gatnaşyjylaryň käbirleri parlamentde “köne” wekilleriň bolmagyna ikirjiňlenme bilen garaýandyklaryny bireýýäm aýdyp başladylar.

Maýdan aktiwistleri döwlet dolandyryş sistemasynyň düýpli özgerdilmegini goldaýarlar. Olar bu ugurda ýurduň konstitusiýasynyň reforma edilmegini, korrupsiýa garşy görülýän çäreleriň güýçlendirilmegini we ukrain halkynyň garşysyna Ýanukowiçiň režiminiň eden jenaýatlary hem-de sowet döwründe edilen jenaýatlar üçin jogap berilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG