Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýmalaşýan galp habarlar


Eje gyzy bilen Russiýanyň resmileriniň çykyşyna seredýär.
Eje gyzy bilen Russiýanyň resmileriniň çykyşyna seredýär.
Ukrainadaky soňky ýagdaýlar barada dogry maglumat almak mümkinçiligi gitdigiçe azalýar. Üstesine, rus mediasy bu mümkinçiligi has hem kynlaşdyrýar.

Rus harbylary Krymy eýelediler. Moskwa Ukrainada harby operasiýalary geçirmäge meýil bildirýär. Ors mediasy aýak aldygyna “bogazlaryny ýyrtyp” “Kiýewi ‘faşistler’ dolandyrýar, gündogar Ukrainada etniki ruslara hüjüm edilýär we ukrainaly bosgunlar Orsýete geçip başlady” diýip, ýalan habarlar bilen aňlary bulaşdyrýarlar.

Berilýän maglumatlaryň ep-esli bölegi ýalan we çeşmesi näbelli bolsa-da, olar öz habarlaryny orsýetli syýasatçylara, käwagt bolsa hatda Günbatar media toparlaryna salgylanyp, “kyýamat goparýarlar”. Soňky bolýan wakalar 1997-nji ýylda Birleşen Ştatlarda surata düşürilen “Ünsi sow!” atly kinofilmi ýada salýar. Şol kinoda lukmanlar “aslynda ýok söweşi” goldamak üçin mediany ulanýarlar.

“Söweşde ilki bilen hakykat ölýär”

Ýazyjy we terjimeçi Ketrin Fitzpatrik "Interpretermag.com" sahypasy arkaly Ukrainada bolup geçýän wakalary habar berýär.

Ol: “Ine, uruşlar şeýdip başlaýar-da. “Söweşde ilki bilen hakykat ölýär” diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Ynha, orslaryň bolşuna seredip, biz hakykatdanam hakykatyň öldürilýändigine şaýat bolýarys. Olar ýagdaýa gaty jogapkärçiliksiz çemeleşýärler. Olar adamlaryň “ýigrenç” duýgularyna meçew berip, “aljyraňňy ýagdaýy” döredýärler. Harkow ýaly şäherlerde adamlar ors kanallaryna tomaşa edýärler. Munuň gapdalyndan, belki, olar özleriniň ýerli kanallaryna-da syn edýändirler, ýöne, esasan, olar rus kanallaryna ynam edip, şolara bil baglaýarlar. Şeýlelikde köp adam bolýan zatlaryň anygyna-da ýetjek bolanok”.

Fitzpatrik Moskwanyň öz Birleşen Milletler guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkiniň üsti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine ýetiren we Orsýetiň Ukraina garşy güýç ulanmak planyny mamla edip görkezýän düşündirişleri diňe ýalan maglumatlara esaslanýar diýýär. “Ýalan habarlara esasalanyp, Orsýetiň Federatiw Geňeşine ýurduň Ukraina garşy güýç ulanmak meýlini tassyklatdylar. Soňundanam ilçi Çurkin ‘etniki orslara eýe çykýas, olar howp astynda’ diýip, Birleşen Milletler guramasynyň gözüni boýajak bolýar. Şularyň ählisi ýalan maglumatlara esaslanýar”.

Çurkin Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda Kiýewdäki “Сaves” ybadathanasyna edildi diýilýän hüjüm barada-da belliklerini aýtdy. Şol boldy diýlen hüjümi rus mediasy “sakgyç edinip” çeýnäpdi. Ýöne ybadathananyň işgärleri öz kiliselerine hiç-hili hüjüm edilmändigini aýdyp, çykyş edipdiler. Haçan-da Çurkiniň hasabatynda bolmadyk waka “boldy” diýlip agzalanda, Fitzpatrik özüniň aňk-taňk bolandygyny aýdýar.

Rus habar serişdeleri

Rus mediasy şu ýylyň başyndan bäri 650 müň sany ukrainalynyň Orsýetden haraý isläp, araçäkden geçendigini habar berýär. Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary araçäkden adatdan daşary “geçiş we göçüşleriň” bolmandygyny aýdýar.

Ukrainaly bloggerler rus mediasynyň ‘bosgunlar’ baradaky habary birwagtky köne suratlary ulanyp ýaýradandyklarynyň üstüni açdy. Görüp otursalar, “Orsýete geçdi” diýilýän “bosgunlaryň” mediada görkezilen suratlary aslynda birwagtlar Ukrainanyň “Şehini” araçäginden Polşa geçen adamlaryň suratlary ekeni.

Rus mediasynda ýaýradylan beýleki habarlaryň “ugrunda bir zat bar”. Ýöne, olar kiçijik zatlary ulaldyp “kyýamat goparýarlar”. Mysal üçin, fewralyň 27-den 28-ne geçilen gije kimdigi näbelli “wandallar” Simferopoldaky bir sinagogy harladylar.

Ynha, ýöne rus mediasy şol habary “Aşa milletçi ‘Sagçylar topary’ antisemit hüjümleri amala aşyrýar’ diýip, halka ýetirdi. Emma “Sagçy topar” özleriniň beýle waka gatnaşmandyklaryny aýtdy. Ýerli ýewreý toparynyň ýolbaşçysy Oleksandr Hendin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde: “Olar “Sagçy toparlar” däldir. Meniň pikirimçe, kimdir biri Krymda bulagaýçylyk çykarmak üçin “sagçylaryň” emblemasyny ulandy we şeýle zatlar boldy” diýdi.

Ukrainanyň baş rawwini (ýewreý ruhanysy) Ýakow Dow Bleýç özüniň 4-nji martda eden çykyşynda Ukrainadaky ýewreýleriň üstüne abanýan esasy howpuň “Orsýet tarapyndan sahnalaşdyrylýan prowokasiýalardygyny” aýtdy. Ol: “Faşistler hem Awstriýa girenlerinde, şol bir taktikany ulanyp, halka meçew beripdiler” diýip, öz sözleriniň üstüni ýetirdi.

Maksat

"TheDailyBest.com" saýtynda orslaryň “propaganda maşyny” barada makala ýazan ukrainaly žurnalist Oleh Şynkarenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “propaganda kampaniýasynyň iki maksady bar” diýdi. Olaryň birinjisi: ukrainalylara garşy ýigrenç duýgusyny öjükdirip, halka meçew bermek we Orsýeti Ukraina bilen urşar ýaly etmek; beýlekisi bolsa halkara jemgyýetçiligine özlerini mamla görkezer ýaly “düşündirişleri” çöplemek. Ol öz sözlerinde Çurkiniň Birleşen Milletler guramasyna iberen hasabatynyň şondan ybaratdygyny hem nygtaýar.

Şynkarenko rus telewideniýesiniň žurnalisti Dmitriý Kiselýow barada “ýalançy” diýip gürrüň edýär. Rus žurnalistikasynyň “parlak ýyldyzy” Kiselýow dekabr aýynda döwlet eýeçilgindäki “Rossiýa segodnýa” habar agentliginiň başlygy wezipesine bellenipdi. “Habarçylygyň etikasy” atly ukrain bileleşigi Kiselýowyň “galp habarlary” barada şikaýat bukjasyny taýýarlady.

Galp habarlardan bez bolan 25 ýaşly harkowly žurnalist Serhiý Balbeko “ýalançylara” garşy göreşmek üçin “Fake Control” atly web sahypa döretdi.

“Meniň öz dostlarym bilen şu proýektiň üstünde işläsim gelýär. Sebäbi biz bir zada göz ýetirdik, ýagny telewideniýäniň, sosial medianyň we dürli habar agentlikleriniň üsti bilen halka ýetirilýän galp habarlaryň yzy üzülenok”.

“Fake Control” sahypasy ilkinji bolup ukrainaly bosgunlar baradaky habaryň galpdygyny paş etdi. Şeýle-de bu sahypa Kiýewiň rus pasportly adamlary tussag etmekçi bolýandygy barada ors mediasynda peýda bolan ýalan habarlaryň sözüň doly manysynda “galpdygynyň” üstüni açmagy başardy. Galyberse-de, ady agzalýan habar portaly rus mediasynda amerikan uçarlarynyň Kryma hüjüm etmek üçin Gara deňze ugrandygy baradaky ýaýradyln ýalan habarlary hem kül-peýkun etmegi başardy.

Balbeko öz toparynyň galp habarlaryň üstüni açmak üçin ýörite taktikalary ulanmaýandygyny, muňa derek olaryň gözleg motorlaryny ulanyp, çap edilýän suratlara ýakyndan syn edýändiklerini, şeýle-de degişli adamlara telefon jaňlaryny etmek arkaly hakykatyň üstüni açýandyklaryny gürrüň berýär: “Ukrainada hakykat ýüzünde nämeleriň bolup geçýändigini başgaça düşündirmek üçin dürli kampaniýalar alnyp barylýar diýip pikir edýärin”.

Fitzpatrigiň aýtmagyna görä, “Fake Control” we ”StopFake.org” ýaly sahypalar Orsýetiň propaganda läheňleriniň “agzyny ýygdyrýar”: “Myş-myşlardan habar ýasap halka ýetirýän “habarçylaryň” hüjümlerini raýat žurnalsitleri ussatlyk bilen yza serpikdirýärler. Olar ors belgili awtobuslary wideo düşürýärler, olar orsýetiň ýaragly goşunlaryny surata düşürýärler. Munuň netijesinde hakykat göze görnüp başlaýar. Bilemok, belki-de bu ýagdaý Kreml propagandyçalarynyň möwritiniň geçendigininiň alamatydyr. Sebäbi raýat žurnalistleri propagandyçylara garşy amansyz göreşýärler”.

Ýöne Fitzpatrigiň sözlerine görä, rus mediasyna garşy görülýän çäreler doly ýetlerlik bolman biler. Sebäbi haçan-da belli bir habar ýaýranyndan soňra ýagdaýyň aslynda şeýle däldigini görkezmeklik habar ýaýratmakdan has çetin bolýar.

Garaşsyz “Lewada” merkeziniň müdiri, orsýetli sosiolog Lew Gudkow geçirilýän propaganda işleriniň esasy maksadyny şeýle düşündirdi: “Propaganda syýasatynda, esasan, wakalaryň alternatiw wersiýalaryny gysyp çykarmagyň adamlara edýän täsirini hökman göz öňünde tutmaly. Ähli alternatiw maglumatlary göz öňünde tutmaly. Munuň netijesinde, hatda siziň habarlaryňyza ynanmaýan adamlar ýa-da habarlaryňyza şübhe bilen garaýan adamlar hem beýleki alternatiwlar barada kelle döwmeýärler. Ynha, propaganda, ýagny “wagyz etmek” syýasatynyň esasy maňzy, esasy özeni şudur”.

XS
SM
MD
LG