Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baltiýa-Gazagystan: Ruslaşdyrmagyň miweleri


Orsýetparaz aktiwistler, Odessa, 10-njy aprel, 2014.
Orsýetparaz aktiwistler, Odessa, 10-njy aprel, 2014.
Wladimir Putin dünýäniň ähli ýerinde orslary gorajagyny wada berdi. Bu bolsa millionlarça orslaryň, hususan-da öňki sowet respublikalaryndaky orslaryň, Putiniň doktrinasynyň astyna düşýändigini aňladýar. Emma bu mesele nireden kök alýar?

Soňky hepdelerde Orsýet Moskwanyň islendik ýurtda ýaşaýan orslary goramaga hukugynyň bardygyny öňe sürüp, Putiniň doktrinasy diýip atlandyryp boljak beýannama bilen çykyş etdi.

Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow geçen aýda Orsýetiň telewideniýesinde “Orsýet Rus dünýäsiniň daýanjy bolan ýurtdur” we “Putin rus dünýäsiniň howpsuzlygynyň kepilligi bolup durýar” diýip çykyş etdi.

Soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda Orsýet imperiýasynyň we Sowet Soýuzynyň giňişliklerinde bolup geçen taryhy prosesler millionlarça orslaryň we ors dilli ilatyň häzirki Orsýet Federasiýasynyň çäginden daşarda galmagyna getirdi.

Moldowanyň Prednestrowýe regionyndan başlap Ukrainanyň gündogaryna çenli giňişliklerde ýaşaýan köp adamlar Putiniň doktrinasyna jogap berip, özlerini goramagyny haýyş edip, Orsýete ýüz tutýarlar. Ukrainanyň gündogarynda Donetsk şäherinde separatistler tarapyndan eýelenen hökümet edarasynyň jaýynda “Orsýet! Bizi gulçulykdan azat et!” diýen şygar ýerleşdirildi.

“Noworossiýa we Ukraina”

Kremliň täze pozisiýasy Orsýetiň geçen aýda Ukrainadan bölüp alan Krym ýarymadasynda has aýdyňlaşdyryldy.

Orsýet milletçileri, meselem, Ýewraziýa hereketiniň ideology Aleksandr Dugin bu regionyň adyny taryhy at hökmünde Noworossiýa diýip tutýar. Noworossiýa diýilýän bu giňişlik, Duginiň pikiriçe, Orsýetiň birnäçe günorta regionlaryny, şol sanda Rostow, Stawropol we Krasnodar welaýatlaryny öz içine alýar.

Bu giňişlikleri Orsýet imperiýasy 18-nji we 19-njy asyrlaryň dowamynda Krym hanlygy we Osman imperiýasy bilen aradaky uruşlaryň netijesinde basyp alypdy.

Beýik Ýekaterinanyň döwründe ýewropa ýurtlaryndan bolan daşary ýurtlulara bu regionda ornaşmak teklip edilen hem bolsa, resmi derejede bu giňişligi ruslaşdyrmak syýasaty ýöredilýärdi.
Ukrainada orslaryň we rus dilli ilatyň sany
Ukrainada orslaryň we rus dilli ilatyň sany
Häzirki wagtda Noworossiýanyň Ukraina degişli regionlarynda 5 milliondan gowrak etnik ors ilaty ýaşaýar, olar ençeme ýerde ilatyň köplügini emele getirýärler.

Krymda soňky asyrlarda bu ýarymadany ruslaşdyrmak boýunça geçirilen aktiw syýasatyň netijesinde we Krym tatarlary 1944-nji ýylda halk hökmünde ýarymadadan doly deportasiýa edilensoňlar, orslar bu ýerde köplük bolup galdylar. Diňe soňky ýyllarda, olaryň öz watanlaryna göçüp gelmegi netijesinde bu ýarymadada Krym tatarlarynyň sany deportasiýadan öňki derejä ýakynlaşyp başlady.

Moldowadaky deportasiýa

Taryhy Noworossiýanyň serhedinde Moldowanyň Prednestrowýe regionynda häzirki wagtda Orsýetiň pasportyna eýe bolan azyndan 150 müň adam ýaşaýar. Region 1790-njy ýyllarda Orsýet imperiýasyna birleşdirilipdi, onuň paýtagty Tiraspol bolsa serhetýaka gala hökmünde general Aleksandr Suworow tarapyndan esaslandyrylypdy.

Prednestrowýe regionynyň Orsýet imperiýasyna birleşdirilmeginden soň ruslaşdyrma syýasatynyň aktiw geçirilmeginiň netijesinde Orsýetiň beýleki ýerlerinden erksiz, krepostnoý adamlar ýörite göçürilip getirilýärdi. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň Prednestrowýe Moldowa Sowet Sosialistik Respublikasynyň düzümine girdi. 1944-nji ýylda sowet goşuny bu toprak ugrunda söweşdi we ýerli ýaşaýjylardan müňlerçe adam, esasanam gurply daýhanlar dönüklikde aýyplanyp, Sibire we Merkezi Aziýa deportasiýa edildiler. Iň köpçülikleýin deportasiýa “Operasiýa günorta” ady bilen 1949-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 7-nji iýulyna geçilýän gije amala aşyryldy.
Orsýetiň kartasy
Orsýetiň kartasy
Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Moldowa garaşsyzlyga eýe boldy. Radikal milletçiler milli azlyklaryň orslaryň, ukrainleriň we gagauzlaryň kowulmagyny talap edip başladylar.

1990-njy ýylda Prednestrowýe garaşsyzlygyny yglan etdi. 1992-nji ýylda bolan gandöküşikli uruş ot açmagyň duruzylmagy bilen tamamlandy. Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmeginiň yz ýany Prednestrowýäniň wekilleri Orsýet Federasiýasyna goşulmak islegini mälim etdiler.

Baltikadaky etnik arassalaýyşlar

Baltika döwletleriniň üçüsinde bir milliondan gowrak etnik ors ýaşaýar. Regionyň Orsýet imperiýasynyň düzüminde bolandygyna garamazdan, häzirki wagtda Baltikada ýaşaýan orslaryň ählisi diýen ýaly bu ýere bu ýurtlaryň SSSR-iň düzüminde bolan döwründe gelipdiler.

Baltika döwletleri 1939-njy ýylda Molotow bilen Ribbentropyň arasynda baglaşylan paktyň netijesinde SSSR-iň eline geçipdiler. 1941-nji ýylda-da eýýäm ýerli ilatyň sowetler tarapyndan ilkinji deportasiýasy başlanypdy.

Şol döwürden başlap Staliniň ruslaşdyrma syýasaty güýçlenipdi. Sowet döwründe regiondan jemi 200 müň çemesi adam deportasiýa edilipdi. Şu günki gün orslar Estoniýada ilatyň 24%-ini, Latwiýada 27%-ini we Litwada 5% çemesini emele getirýärler.

Orta Aziýadaky ruslaşdyrma

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň bäşisinde-de etnik orslar ilatyň az bolmadyk bölegini emele getirýärler.

Olar aýratynam Gazagystanda köp, bu ýurtda häzir orslaryň azyndan 3.5 milliony ýaşaýar. Olaryň köpüsi ýurduň demirgazyk we gündogar böleklerinde.

Häzirki Gazagystanyň giňişliginde orslaryň ýaşamagynyň taryhy 16-njy asyrdan başlanýar. Ýurduň köp şäherleri, şol sanda Astana we Almaty Orsýetiň serhet galalary bolupdy. 19-njy asyryň aýagynda we 20-nji asyryň başynda Orsýet imperiýasy Gazagystanyň iň baý toprakly ýerlerine orslary ornaşdyrýardy. 1917-nji ýyla çenli bu ýerde orslaryň sany ilatyň 30%-ni emele getirýärdi.

SSSR döwründe ruslaşdyrma syýasatynyň güýçlenen pursatlarynyň ençemesi bolupdy. Esasy wakalaryň biri tarp ýerleri götermek bolupdy. Ikinji jahan urşunyň dowamynda urşuň geçýän ýerinden uzakda bolan Gazagystanyň düz meýdanlaryna Orsýetiň merkezi böleklerinden ewakuasiýa edilen zawodlar getirilipdi.

Orslaryň täze akymy Gazagystana 1960-njy we 1970-nji ýyllarda, ýagny ýurtda ýerasty tebigy baýlyklar tapylansoň gelipdi. Häzirki wagtda ýurduň demirgazyk böleklerinde orslar ilatyň milli azlyklarynyň arasynda uly topary emele getirýärler.

Starowerler we syýasy emigrantlar

Orsýetiň serhetleriniň üýtgedilmeginiň netijesinde ýurduň daşynda galan orslardan başga-da beýleki ýurtlara öz wagtynda syýasy sebäpler görä göçen orslar hem köpdi.

19-njy asyrda syýasy emigrasiýanyň möçberi uly däldi. Emma 1917-nji ýylda bolşewistik rewolýusiýa ýeňensoň, Orsýetden syýasy emigrasiýa gidýän adamlar köpeldi. Netijede şol döwürlerde Orsýetden Günbatara üç sany güýçli emigrasiýa akymy boldy. Olar, esasan, Ýewropa we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göç eden adamlaryň akymydyr.

1980-nji ýyllaryň aýagynda Sowet Soýuzyndan Ysraýyla bolan emigrasiýanyň netijesinde häzirki wagtda Ysraýylyň ors dilli ilatynyň sany, postsowet giňişliginden daşgary, ululygy boýunça dünýäde üçünji ýerde durýär.

Orsýet Federasiýasynyň daşynda orslaryň ýaşaýan uly bolmadyk regionlary hem bar.

Meselem, ABŞ-nyň Alýaska ştatynda ýaşaýan 2500 çemesi orslar Orsýet imperiýasynyň Bering bogazynyň beýleki tarapyna-da uzan döwründen galan adamlar däl-de, eýse olar 1666-njy ýylda Orsýetiň prawoslaw ybadathanasynyň patriarhy Nikonyň din reformalaryny geçiren döwründen bäri din azatlygy ugrunda göreş alyp baran adamlaryň nesilleridir.
XS
SM
MD
LG