Prezidentiň gatnaşmagynda Lebapda açylan obanyň ilaty-da, bazary-da göçüp gidene meňzeýär.
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň gabat garşysyndaky Parahat-1 we Parahat-2 mikroraýonlaryndaky 4-5 gatly jaýlaryň ýüzünden split kondisionerleri arýylyp başlandy.
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerli häkimiýet ýaşaýjylaryň mundan onlarça ýyl ozal galdyran “pristroýkalaryny”, ýagny sapma jaýlaryny ýer-ýegsan edip başlady.
Daşoguzyň Bereket obasynda her günde, şol bir sagatda poslap, çüýräp giden bir demir turbanyň daşynda eli bedreli adamlaryň uly nobatyny synlasa bolýar.
Daşary ýurtlardan Türkmenistana “Western Union” ulgamy arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerine täze çäklendirmeler girizildi.
Balkanabadyň Abatlaýyş gurluşyk müdirliginde (AGM), 1-nji sentýabrdan başlap, iş orunlarynyň 75-si ýapylar.
Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýärler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.
Türkmenistandaky iň meşhur we hökümet tarapyndan häzire çenli ýapylmadyk Line sosial ulgamy ýurtda geçen şenbeden bäri işlemeýär.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ýag-ýangyçlar üçin niýetlenen ätiýaçlyk çeleginde, ýagny rezerwuarynda partlama boldy.
Daşoguzly, 60-yň onundan giren Altymyrat aga eýýäm bäş ýyl çemesi wagt bäri mal ýatakda ýatyp-turýar.
Ýewropa Parlamenti Türkmenistan bilen göz öňünde tutulýan “Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk” ylalaşygynyň tassyklanmagyny ýene-de gaýra goýdy.
Balkanabatda “Türkmennebit” konsernine degişli edarlaryň ençemesinde ýygnaklar geçirilip, olarda bu konserniň işgärlerine aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigi barada “gep-gürrüň ýaýratmazlyk” tabşyrylypdyr.
Öten agşam, ýagny duşenbeden sişenbä geçilýän gije, Aşgabadyň “Andalyp” köçesiniň iki gapdalynda-da: Parahat-4 we Parahat-2 etrapçalarynda elektrik togy bolmady.
Balkanabatda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Esasy nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygy iş otagynda özüni asdy.
Türkiýäniň Stambul şäherinde bir türkmenistanly başga bir türkmenistanlyny atyp öldürdi.
Armiýanyň generaly Sergeý Şoýgunyň Aşgabada etjek saparynyň dowamynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy durmak meseleleriniň maslahat ediljekdigi habar berilýär.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony Umurbek Bazarbaýew dört ýyl möhlet bilen diskwalifisirlendi
Dünýäniň belli söwda brendleriniň, sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň wekilleri türkmen prezidentine hat ýolladylar.
“OpenDemocracy” guramasynyň saýtynda çap bolan makalada Türkmenistanyň we Özbegistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete jemgyýetçiligiň ünsi çekilip, bu ýagdaýy üýtgetmek üçin Halkara zähmet guramasynyň (ILO) agzalaryna ýörite çagyryş edilýär.
Aşgabadyň esasy prospektleriniň biri bolan “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň 2 km-ä golaý bölegi gurluşyk işleri sebäpli ýapyldy.
Ýene-de ýükle