“Gazprom” “Türkmengaz” bilen jedelli meseläni özara ylalaşyk esasynda çözmäge we bu ugurdaky gepleşiklere başlamaga taýýardygyny mälim etdi.
Aşgabadyň günorta bölegindäki, ilat arasynda “Gaža” diýlip atlandyrylýan ilatly etrabynda ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak kampaniýasy dowam edýär.
Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde Interpol tarapyndan ekstremizmdäki aýyplamalar esasynda gözlenilýän Türkmenistanyň raýaty tussag edildi diýip, rus habar serişdeleri maglumat berýärler.
Türkmenistanyň serhet galalalarynda esgerler üçin ir-iýmişleri, gök önümleri ýetişdirjek ýyladyşhanalary gurmak barada görkezme berildi.
IKEA kompaniýasy Türkmenistanyň pagta pudagyndaky zähmet şertleri barada ençeme tapgyr gepleşikleriň geçirilendigini mälim edip, bu dogrusynda ýörite beýanat ýaýratdy.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen arada adam hukuklary boýunça geçirýän ýyllyk Dialogyna gabatlanyp, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy dogrusynda beýanat ýaýradyldy.
Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçihanysynyň işgäri Türkmenistana temmäki önümlerini bikanun geçirmekçi bolanda saklandy.
Ýewropa Bileleşigi, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öňe sürlen şertleriň hiç birini berjaý etmeýändigine garamazdan, Aşgabat bilen möhüm söwda hyzmatdaşlygyny baglaşmak ugrunda öňe ilerleýär diýip,Human Rights watch guramasy belleýär.
Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň etikasyny we özüni alyp barşyny kadalaşdyrýan ýörite kanun kabul edildi.
Stambulda neşe söwdagärlerine garşy geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary hem tussag edildi diýip, türk habar serişdelerinde maglumat peýda boldy.
Hindistan TOPH gazgeçirijisinden akdyryljak türkmen gazy üçin uzak möhletleýin kesgitlenen nyrh ýa-da belli bir formula boýunça baha tölemegi göz öňünde tutmaýandygyny aýan etdi.
Türkmenistanyň prezidenti iki günlük resmi sapar bilen Pakistana bardy.
Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konsernini özara baglaşylan Ylalaşygy “ýatyrmak üçin şertleri göre-bile döretmekde” aýyplady.
Garry-ýaş aýallaryň nobata durup, berilýän 40 manady maňlaýlaryna sylýan wideosy okyjylarymyzyň arasynda dürli pikirleri, şol sanda jedelleri we dürli garaýyşlary döretdi.
Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň “Türkmenistanda sakgal goýberip, kynçylyklara duş geldiňizmi?” diýen foruma galdyran teswirleriniň esasynda taýýarlanan maglumat.
Türkmenistanyň ozalky milli howpsuzlyk ministri, general-leýtenant Güýçgeldi Hojaberdiýew sişenbe güni geçirilen Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky maslahatynda “saglyk ýagdaýy sebäpli özüniň wezipesinden boşadylmagyny” haýyş etdi.
Geçen ýylyň aýagyndan başlap Türkmenistanyň welaýatlaryndan Aşgabada öz ulaglarynda gelmekçi bolýan, paýtagtda kireýine jaý tutup, onda ýaşap işlemekçi bolýan raýatlara garşy her dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.
“Türkmenistanda 2015-nji ýylda adam hukuklary meselesinde hiç gili özgeriş göze ilmeýär” diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasynyň täze hasabatynda bellenilýär.
Soňky döwürde Aşgabada ýurduň beýleki künjeklerinden işlemäne we, umuman, paýtagta gelýän welaýatlylara garşy resmi derejede her dürli çäklendirmeleriň girizilip başlanandygy barada barha köp maglumatlar gelip gowuşýar.
Şwesiýanyň egin-eşik lomaý söwda halkara H&M kompaniýasy Türkmenistandan pagta satyn almagyny duruzdy.
Ýene-de ýükle