Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerli häkimiýet ýaşaýjylaryň mundan onlarça ýyl ozal galdyran “pristroýkalaryny”, ýagny sapma jaýlaryny ýer-ýegsan edip başlady.
Türkmenabatlylaryň Azatlyk Radiosyna “Telegram” sosial ulgamy arkaly iberen wideosynda hökümetiň agyr tehnikasynyň sapmalary adamlaryň emläk hukuklaryny äsgermezçilik bilen weýran edip duran pursatlaryny görse bolýar.
Türkmenabadyň “Himiki” diýlip atlandyrylýan raýonynda bolýan bu ýagdaýy häzir şäheriň beýleki sebitlerinde-de görse bolýar.
Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosy mundan iki hepde töweregi ozal ýerli resmileriň, hiç hili düşündiriş bermezden, ýaşaýjylardan öz sapma gurluşyklaryny aýyrmagy talap edendikleri barada maglumat beripdi.
Şol pursat türkmenabatlylaryň özleri, soňra gurluşyk materialy edip ulanaryn diýen umyt bilen, sapmalaryny öz elleri bilen söküp başlapdylar. Häzir bolsa hökümetiň tehnikasy olary ýykmaga girişdi.
Galyberse-de, ne sapmalary aýyrmak talabynyň haçandan güýjüne girendigi, ne-de bu ýyk-ha-ýyklygyň sebäbidir maksatlary dogrusynda ilata zerur düşündirişler berilýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenabatlylar ýerli jogapkär resmileriň diňe “ýokardan buýruk bar” diýip çäklenýändigiklerini gürrüň berýärler.
Adynyň efirde tutulmazlygyny soran Türkmenabat şäher häkimliginiň bir resmisi sapmalaryň uly bir böleginiň bikanun gurlandygyny, olaryň tutýan meýdanynyň hem öý eýelerine degişli däldigini aýdyp, bu alnyp barylýan çäreleriň kanunydygy hakda özüçe düşündiriş berdi.
Emma häkimligiň başga bir işgäri bolsa ozal onlarça ýyllap duran bu ‘pristroýkalaryň’ edil häzirki gün aýrylyp başlanmagynyň sebäbini “Aşgabatdan şeýle tabşyryk geldi” diýip, gysgaça aýdyňlaşdyrdy.
Şol bir wagtda-da, emläk eýeleri Azatlyk Radiosyna “bikanun gurlandygy sebäpli ýykylýar” diýilýän bu sapma gurluşyklaryň esasy bölegi üçin özleriniň ençeme ýyllap resmi salgyt töläp gelendiklerini hem gürrüň berýärler.
“Men öz pristroýkama köp çykdajy etdim. Onuň töleginem töläp gelýärdim, emma welin häzir öz jaýymy öz elim bilen ýumurmaly etdiler. Bu maňa gaty agyr degýär. Üssesine, ýene-de çykdajy, ýene-de alada bolýar” diýip, 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly Guwanç Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Guwanjyň “çykdaja galdym” diýip, zeýrenmeginiň sebäbi hem ýykylan “pristroýkalara” hiç hili kompensasiýa berilmeýänligi, ýagny öwezine pul tölenmeýänligi bilen bagly. Häkimiýetleriň köpçülikleýin ýagdaýda weýran edýän sapmalarynyň öwezine öý eýelerine hiç zat berilmeýär.
‘Pristroýkaryň’ ýykylmagy bilen bagly aýtmaly ýene bir täsin ýagdaý bar, ol hem – bu ýyk-ha-ýyklykda ýerli häkimlik we howpsuzlyk edaralarynyň jogapkär resmileriniň öz sampa gurluşyklarynyň aman galyp, el degrilmän duranlygydyr.
Türkmenabatlylaryň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, gürrüňi gidýän emeldarlaryň jaýlarynyň töweregindäki “pristroýkalaryň” bary ýykylsa-da, jogapkär resmileriň sapmalaryna “el degirilmeýär”.
Telegram sosial ulgamy arkaly iberilen suratlaryň birinde, şäheriň “Sentralnyý” diýilýän raýonyndaky prokraturanyň ýokary wezipeli işgäriniň sapmasyny görmek bolýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi, onuň töweregindäki beýleki “pristroýkalaryň” ýer-ýegsan edilendigini aýdýar. Şol bir wagtda Azatlyk Radiosy bu jaýyň eýesiniň şahsyýeti we wezipesi bilen bagly bolan bu maglumaty häzirlikçe beýleki garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.
Sözümiziň ahyrynda aýtsak, ilatyň uzak ýyllaryň dowamynda öz daban azabyna guran sapmalaryny, ýa-da ilat arasynda aýdylyşy ýaly ”pristroýkalaryny” köpçülikleýin ýykmak kampaniýasy Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde-de, şol sanda Aşgabatdadyr, Balkanabatda-da giň gerimde alnyp barylýar.