“OpenDemocracy” guramasynyň saýtynda çap bolan makalada Türkmenistanyň we Özbegistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete jemgyýetçiligiň ünsi çekilip, bu ýagdaýy üýtgetmek üçin Halkara zähmet guramasynyň (ILO) agzalaryna ýörite çagyryş edilýär.
Anna güni çap edilen maglumatda BMG-niň Biznes we Adam hukuklary boýunça prinsiplerine laýyklykda, her bir hökümetiň öz raýatlaryny adam, şol sanda zähmet hukuklarynyň bozulmagyndan goramaga borçly edilýändigi bellenilýär. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň bu ugurda entek “uzak ýoly” geçmelidigi hem aýratyn nygtalýar.
Türkmen häkimiýetleri halkara üpjünçilerine gerekli pagtany ýetişdirmek üçin meýdanlarda mejbury zähmeti gurnaýarlar. Hem türkmen hem-de özbek hökümetleri her ýyl bellenilýän pagta planlaryny dolmak üçin milliona golaý adamy jezalandyrmak howpy astynda pagta meýdanlaryna mejbury işe çekýärler.
Maglumatda munuň hem milli hem-de halkara kanunçylygyna ters gelýändigi bellenilip, pagtanyň söwdasyndan gelýän girdejileriň-de häkimiýet başyndaky sanlyja adamynyň arasynda paýlaşylýandygy aýdylýar.
2015-nji ýylda türkmen prezidentiniň pagta meýdanlaryna has köp adamlary çekmek baradaky eden resmi görkezmesi hem ýokarky agzalan faktlara delilleriň biri hökmünde getirilýär.
Ýurtda pagta ýygymyna mejbury çekilýän adamlaryň öz ýerine başga birini hakyna tutup ýa-da gözegçilere para berip, pagta ýygmakdan azat bolup bilýändigi aýdylýar.
Beýleki meseleler
Maglumatda Türkmenistanda adamlaryň mejbury meýdan işlerine çekilmegi bilen bir hatarda, başga-da adam hukuk bozulmalaryna ýol berilýändigi bellenilýär. Oňa görä, ýurtda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da jemgyýetçilik guramalarynyň esaslandyrylmagyna rugsat berilmeýär.
2015-nji ýyldaky pagta ýygymynyň öňüsyrasy türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryna gözegçilik edýänleri sem etmek üçin her dürli basyşlara baş goşdy. Muňa delil hökmünde, geçen ýylyň iýunynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilmegi hem mysal getirilýär.Ýatladyp geçsek, BMG-niň ”Eden-etdilikli tussag etmeler” boýunça iş topary Nepesgulyýewiň azatlykdan mahrum edilmeginiň eden-etdilikdigini, ýagny bikanun diýlip tapylandygyny habar beripdi.
Maglumatda hem Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Halkara zähmet guramasyna agzadygyna garamazdan, diňe bir öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezlik bilen çäklenmän, eýse Guramanyň öňe sürýän esasy, baş prinsiplerini dowamly depeleýändigi hem aýdylýar.
Maglumatda Halkara zähmet guramasynyň agzalarynyň şu ýyl geçiriljek ýygnagyň dowamynda, türkmen we özbek hökümetlerine täsir etmäge we ýokarky agzalyp geçilen ýagdaýlary üýtgetmäge gowy mümkinçiligiň boljakdygy aýdylýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, Halkara zähmet guramasynyň şu ýylky ýygnagy 30-njy maý – 10-njy iýun aralygynda geçýär.