Öten agşam, ýagny duşenbeden sişenbä geçilýän gije, Aşgabadyň “Andalyp” (ozalky “Mir”) köçesiniň iki gapdalynda-da: Parahat-4 we Parahat-2 etrapçalarynda elektrik togy bolmady.
Müňden hem aşa hojalygy öz içine alýan bu territoriýanyň ýaşaýjylary tutuş bir gije elektrik togunyň kesilmegi zerarly, howanyň gyzgynynyň 40° C golaýlaýan bu günlerinde her dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýarlar.
“Tok öçenden soň ne sowadyjylarymyz, ne-de holodilniklerimiz işledi. Yssydan ýaňa ýatar ýaly bolmady. Özümiz-ä owarram diýseň, holodilnikdäki azyklarymyz hem zaýalandy” diýip, Parahat-4 etrapçasynyň ýaşaýjysy, 30 ýaşlaryndaky Bibitäç gürrüň berýär.
Sebäp
Paýtagtyň iň gür ilatly sebitleriniň birinde tutuş gijeläp elektrik togunyň näme sebäpden kesilendigi barada hiç hili maglumat berilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar bu barada degişli häkimiýetlerden hiç hili düşündiriş alyp bilmändiklerini aýdýarlar.
“Ýerli elektrik edarasyna jaň etdik. Nobatçylar ‘Bolar. Togy bererler. Garaşyň’ diýmekden başga hiç zat aýtmadylar. Tutuş gijeläp garaşsak-da, ne elektrik ussalary geldi, ne-de tok” diýip, öý hojalykçy Bibitäç zeýrenýär.
Ýeri gelende bellesek, düýn giçlik öçen elektrik togy şu gün, ýagny sişenbe güni ir sagat 9-lara ýaňadandan berilse-de, ol bir sagada ýeter-ýetmezden, ýene-de öçdi.
Bu ýagdaý hojalyk jaýlary bilen birlikde, bu raýondaky edaralara, dermanhanalara, restorandyr garbanyşhanalara-da öz ýaramaz täsirini ýetirdi.
Türkmen häkimiýetleri Aşgabady ‘abadanlaşdyrmak’ üçin ummasyz maliýe serişdeleriniň goýberilýändigini, köp tagallalaryň ediýändigini tekrarlasalar-da, tomsuň gelmegi bilen paýtagtyň dürli raýonlarynda ençeme sagatlap elektrik togunyň kesilýän, ýaşaýjylaryň hem jokrama yssydan kösenýän halatlary ýyldan-ýyla gaýtalanyp gelýär.