Balkanabadyň Abatlaýyş gurluşyk müdirliginde (AGM), 1-nji sentýabrdan başlap, iş orunlarynyň 75-si ýapylar. Şeýle-de Balkanyň merkezi şäherindäki bu edaranyň ussalarynyň iş sagady 50% azaldylyp, olar gündelik sekiz sagadyň ýerine indi dört sagat işlemeli bolarlar.
Gürrüňi gidýän soňky özgerişler barada Abatlaýyş gurluşyk müdirliginde ýörite ýygnagyň geçirilip, bu barada özlerine duýdurylandygyny bu edaranyň işgärleriniň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bu edaranyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden ussasy, 1-nji sentýabrdan başlap, edaradaky ussalaryň iki smenada, ýagny ertirden-günortana we soňra-da günortandan-ikindine çenli işläp başlajakdyklaryny hem habar berdi.
Aýlyk
Bu özgerişleriň netijesinde iş sagady azaldylan işgärleriň aýlyk haky hem iki esse azaldylar.
“Elbetde, bu maşgalamyza ýaramaz täsir eder. Garaz, biz indi iş ornumyzy ýitirmesek razy bolduk” diýip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň ussasy gürrüň berýär.
Gepiň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi edaranyň ýolbaşçylarynyň gündelik iş sagatlarynyň welin, üýtgewsiz galandygyny aýdýar.
Şol bir wagtda, edarada ozaldan bäri zähmet çekip gelýän, pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri hem eýeleýän wezipesinden boşatmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berilýär.
“Pensiýa ýaşyna ýetenleri ýekän-ýekän çagyryp ‘öz islegim boýunça işden gidýärin’ diýen arza gol çekdirýärler. ‘Iş ornuňyz ýapyldy; ýa arzaňyzy ýazyň, ýa-da işiňizden boş’ diýip duýdurýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Abatlaýyş gurluşyk müdirliginde bolup geçen wakalar barada gürrüň berdi.
Nebit-gaz pudagy
Balkanabadyň Abatlaýyş gurluşyk müdirligindäki iş orunlarynyň we iş sagatlarynyň kemeldilmegi baradaky maglumatlar, umuman, ýurduň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň käbir işgärleriniň öz aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändigi baradaky habarlaryň çykan döwrüne gabat geldi.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgärleri mundan öň öz zähmet haklarynyň ençeme aýlap gijikdirilýändigi barada gürrüň beripdiler.
Azatlyk Radiosynyň bu baradaky habarlarynyň yzy bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli Balkanabatdaky edaralaryň ençemesinde “wagyz-nesihat we halkyň hal-ýagdaýyny öwrenmek” şygary astynda ýygnaklar geçirilip, olaryň dowamynda bu konserniň işgärlerine aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigi barada “gep-gürrüň ýaýratmazlyk” tabşyrylypdyr.
Nebitiň dünýä bazaryndaky bahasy
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýagdaýyny içginden yzarlaýan bilermenler iş ştatlarynyň azaldylmagyny nebitiň we gazyň halkara bazarlaryndaky nyrhlarynyň düşmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
“Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işçiler ştaty gaty çişirilen. Nebitiň barreliniň bahasy ýokary bolan mahaly, olary saklap bolýardy. Emma, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen, Türkmenistanyň bu pudaklaryň işgärlerini boşatmakdan başga alajynyň ýokdugyna meňzeýär” diýip, energiýa eskperti Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, türkmenistanly işgärleriň aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändigi baradaky barha köpelýän maglumatlar bilen birlikde türkmen hökümeti halkdan bäş ýyllyk karz almak baradaky mümkinçiliklere garaýar. Geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermek, ýerlemek we üzlüşmek baradaky” ýörite karara gol çekipdi.
Emma Berdimuhamedowyň agzalýan kararynda türkmen döwletiniň gaznasynda emele gelen ýagdaý, ilatyň aýlyk hakyndan tutuljak pullaryň möçberi barada anyk maglumat berilmedi.