Balkanabatda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Esasy nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygy iş otagynda özüni asdy.
Şu sişenbe güni, ýagny 14-nji iýunda bolan bu hadysany Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birnäçesi, şeýle-de gürrüňi gidýän emeldaryň garyndaşlary tassykladylar.
1971-nji ýylda doglan, asly Balkanyň Gazanjyk şäheriniň Isgender obasyndan bolan 45 ýaşly Baýram öz janyna kast etmeginiň eýeleýän wezipesi, has dogrusy edarada alnyp barylýan derňew işleri bilen baglydygy aýdylýar.
“[Baýrama] iş ýerinde azar beripdirler, myjabat ýaly zatlar bolupdyr. Şonuň üçin [özüni öldürdi]” diýip, merhumyň garyndaşlarynyň biri gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň başga bir ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, derňewiň netijesinde 1,5 ýyl mundan öň bu wezipä bellenen Baýramyň edarasyndan ençeme million dollar möçberinde maliýe serişdeleriniň hasaby dogry çykmandyr.
Şol bir wagtda bu ýagdaýy yzlaýan ýerli çeşme Baýrama ýöňkelen aýyplamalaryň galpdygyny aýdýar.
“[Baýram] oňat, pukara oglandy... ýaman häsiýetleri ýokdy. Gowulykda ýatlanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň nebitdagly çeşmesiniň biri maglumat berdi.
Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy Baýrama ýöňkeldi diýilýän aýyplamalaryň mazmuny we onuň günälidigini ýa-da däldigini anyklaşdyryp biljek maglumatlary başga garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.
Baýramyň öz janyna kast etmegi, mundan iki hepde töweregi ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabada sapar edenden soň bolup geçdi.
Şol saparynyň dowamynda Berdimuhamedow geçirilen derňewleriň netijesinde kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belläp, ýerli häkimiýetiň ýokary derejeli emeldarlarynyň ençemesine berk käýinç beripdi.
Galyberse-de, mundan iki aý ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýokary gözegçilik edarasynyň we prokuraturanyň geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň kärhanalarynda düýpli artdyryp ýazmalaryň we korrupsiýanyň ýüze çykarylandygyny aýan etdi.
Bellik: Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy yzarlamagy dowam eder.