Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “internetiň ganym duşmany” diýip, atlandyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanda 4-nji oktýabrda Altymyrat Annamyradowyň ölmegi bilen baglylykda çuňňur aladalanma bildirdi.
Azatlyk Radiosy bilen Belarusda okaýan ençeme türkmen talyby habarlaşyp, Türkmenistanda daşary ýurda pul ugratmak boýunça girizilen çäklendirmeleriň özlerine juda ýaramaz täsir ýetirýändigini, köp talyplaryň töleg sebäpli okaýan okuw jaýlaryndan hem çykarylandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanda belli estrada aýdymçysy Hajy Ýazmämmedowyň tussag astyna alnyp, soň hem azatlyga goýberilendigi baradaky maglumatlar gelip gowuşdy.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň öňüsyrasy, Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri göz-görtele güýçlendirilip, hasapda duran neşekeşler we arakhorlar paýtagtyň daşyna çykarylyp başlandy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, dissident we žurnalist Çary Annamyradowyň dogany – Altymyrat Annamyradowyň Türkmenistanda şübheli ýagdaýlarda ölmegini derňemäge çagyrdy.
Daşoguzly 14 ýaşyndaky Meýlis soňky aýlarda, her hepde soňuny daň atandan, gün ýaşýança pagta meýdanlarynda geçirýär.
Şu gün Daşogzuň býujetdäki işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary we lukmanlar çygly we sowuk gijäni çölde geçirmek üçin, ençeme sagatlyk ýola çykdylar.
Bu günler Aşgabadyň dükanlarynda şeker tapdyrmaýar. Häzir paýtagtda «Marynyň şekeri» diýlip tanalýan Türkmenistanyň özünde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän şekerleriň hiç biri satuwda ýok.
Bu günler Daşogzuň etrapdyr obalarynyň arasynda gatnaýan şäherara awtobuslarynyň özleriniň gönümel borçlaryny berjaý edýän, ýagny ýolagçy alyp barýan pursatlaryna juda seýrek gabat gelýärsiň.
Aşgabatda ýene uly bazarlaryň biri ýumrulyp, ýer-ýegsan edildi.
Türkmenistanyň prezidenti ýurtda sportuň golf görnüşini ösdürmek mümkinçilikleri dogrusynda gepleşikleri geçirdi.
Долги по зарплате и дефицит продуктов питания становятся нормой в Туркменистане. Нехватку средств на амбициозные проекты государство восполняет за счёт зарплат бюджетников, которые сдают деньги в качестве «пожертвований».
Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen Dilobar öz ejesini soňky ýoluna ugratmak üçin, atasy öýüne wagtynda baryp bilmändigini aýdýar.
Geçen şenbe güni Daşogzuň býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň we lukmanlaryň ençemesi çygly we sowuk howada, gijäni çölüň içinde geçirmeli boldular.
Türkmenistanda döwletiň käbir edara-kärhanalaryndaky işgärleriniň, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin, öz aýlyklaryndan bir bölegini bermeli boljakdyklary barada duýdurylandygy dogruda Türkmenistanyň dürli künjeklerinden maglumatlar gelip gowuşýar.
Gökdepeli Bäşim sosial ulgamlar arkaly Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz ýaşaýan etrabyndaky “Daýhanbankyň” bölüminde plastik kartyny ulanyp, bankomatdan pul aljak bolanda, oňaýsyz ýagdaýy başdan geçirendigini gürrüň berdi.
Daşoguz welaýatynda gurluşyk harytlary göz-görtele gymmatlap, häzir geçen ýyl bilen deňeşdirilende bahalaryň arasynda 75-90% çemesi tapawudy görse bolýar.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda soňky günlerde mekdep okuwçylary bikanun ýagdaýda pagta ýygymyna çekilýärler.
Täze ýap daýhan birleşiginiň 16-njy mekdebinde işleýän 26 ýaşly Gülnar mugallym iki hepde mundan ozal berlen iýunyň we iýulyň aýlygyny iş ýüzünde henizem eline alyp bilenok.
Ýene-de ýükle