Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atlylary garşylamak üçin, daşoguzlylar gijäni çölde geçirdiler


Garagum çöli. Illýustrasiýa
Garagum çöli. Illýustrasiýa

Geçen şenbe güni Daşogzuň býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň we lukmanlaryň ençemesi çygly we sowuk howada, gijäni çölüň içinde geçirmeli boldular.

Müňlerçe daşoguzly Aziýa oýunlaryna gabatlap, 500 günlük atly ýörişe çykan atlylary ýurduň demirgazyk welaýatyna gelmegini “dabaraly ýagdaýda garşylamak” üçin, ýarym gün öňünden, gije sagat 10-lar töweregi Gaplaňgyr gorahnasynyň golaýyndan geçýän “Altyn Asyr” kölüniň boýuna eltildi.

Balkandan gelýän atlylary garşylamak we Aziýa oýunlarynyň alawyny Daşogzuň atly toparyna gowşurmak dabarasyna taýýarlyk işleriniň iki hepde töweregi wagt öňünden başlanandygyna garamazdan, býujetdäki işgärler çäräniň geçmeli gününiň gijesini hem ‘aýak üstünde’ geçirendiklerini gürrüň berýärler.

“Çöldäki arassalaýyş we çöp-çalymlary aýyrmak işlerine 15 gün öňünden başladylar. Muňa mekdeplerde, hassahanalarda işleýän tämizçileri, garawullary, bagbanlary we ussalary çekdiler. Bizi şenbe güni giçlik getirip, uzak gije çygly howada ak öýleri dikdirdiler” diýip, Akdepe etrabynyň 4-nji mekdebiniň mugallymy Gülrüh gürrüň berýär.

Gülruh gijäni geçiren ýerlerinde hiç hili amatlyklaryň döredilmändigini we adamlaryň käbiriniň agşamy dikilen ak öýlerde, käbirleriniň hem münüp gelen ulaglarynda geçirendiklerini sözüne goşdy.

Döwlet telewideniýesi taýýarlyk çäreleriniň ertesi, ýagny atlylary garşylamak boýunça ýekşenbe güni geçen çäreden teatrlaşdyrylan sahnaly, milli lybaslary geýnen ýaşulydyr ýaşkiçili, baýdaklary galgadyp duran müňlerçe adamly sýužetleri görkezdiler.

Emma bu çärä gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesi Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, dabaranyň gatnaşyjylarynyň tas ählisiniň diýen ýaly mejbury ýagdaýda gelmeli edilendiklerini gürrüň berdiler.

“Her mekdepden 4-5 mugallymy hökmany gatnaşmaly etdiler. Eger-de adyňy sanawdan aýryp, ýeriňe başga birini ugratjak bolsaň, mekdep direktoryna 50 manat [para] bermeli” diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran daşoguzly bilim işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Şu aralykda ýurduň demirgazyk welaýatynyň Köneürgenç şäherinden gelip gowuşýan soňky maglumatlara görä, häzir bu şäherde, býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň hem gatnaşmagynda, atlylary garşylamak boýunça, taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň her welaýatynda 100 gün dowam edýän atly ýöriş Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli şu ýylyň 5-nji maýynda başlanypdy. Atlylaryň geçýän ugry boýunça müňlerçe adamyň gatnaşmagynda şowhun-şagalaňlar gurnalýar.

Ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar. Bu ýöriş üçin we oňa görülýän taýýarlyklara döwlet býujetinden goýberilýän maliýe serişdeleri barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG