Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ türkmen dissidentiniň doganynyň ölmegine alada bildirdi


ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasy türkmen hökümetini syýasy oppozisiýa, graždan aktiwistlerine we žurnalistlere, olaryň maşgala agzalaryna edilýän hüjümleri we haýbatlary açyk bir görnüşde ýazgarmaga çagyrdy.
ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasy türkmen hökümetini syýasy oppozisiýa, graždan aktiwistlerine we žurnalistlere, olaryň maşgala agzalaryna edilýän hüjümleri we haýbatlary açyk bir görnüşde ýazgarmaga çagyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanda 4-nji oktýabrda Altymyrat Annamyradowyň ölmegi bilen baglylykda çuňňur aladalanma bildirdi.

Ýatladyp geçsek, dissident we žurnalist Çary Annamyradowyň Minskide türkmen häkimiýetleriniň haýyşy esasynda tussaglykda saklanýan wagty, onuň Türkmenistandaky dogany – Altymyrat Annamyradowyň 31-nji awgustda näbelli adamlar tarapyndan öýünden alnyp gaçylyp, ýenjilendigi barada maglumatlar gowuşdy.

Iki günläp Altymyratdan hiç bir habar-hatyr bolmaýar. 2-nji sentýabr güni näbelli bir adam ony öýüniň golaýyna taşlap gideninden iki gün soň, ýagny 4-nji sentýabrda-da 52 ýaşly Altymyrat dünýäden ötüpdir.

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky (ÝHHG) missiýasy 27-nji oktýabrda ÝHHG-e ýollan beýannamasynda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň türkmen häkimiýetleriniň bosgunlykdaky türkmen dissidenti Çary Annamyradowdan ar almak maksady bilen onuň doganyna sütem eden bolmaklarynyň mümkindigi dogrusynda aladalanma bildirýändiklerini hem nygtap geçýär.

Ýatlatsak, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy bu waka bilen baglylykda, özleriniň juda “howsala galandyklaryny” aýdyp, munuň bilen baglylykda ýörite beýanat hem ýaýradypdy.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasy türkmen hökümetine ýüzlenip, Altymrat Annamyradowyň ölümi boýunça gyssagly we bitarap derňew geçirmäge, şeýle-de onuň ölümine jogapkärleriň adalata çekiljekdigine güwä geçmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň ilçisi Daniel B. Baer
ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň ilçisi Daniel B. Baer

ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň ilçisi Daniel B. Baer türkmen hökümetini syýasy oppozisiýa, graždan aktiwistlerine we žurnalistlere, olaryň maşgala agzalaryna edilýän hüjümleri we haýbatlary açyk bir görnüşde ýazgarmaga, şeýle-de, olary sütemden goramaga çagyrdy.

Beýannamada Türkmenistanyň her bir adamynyň, onuň syýasy ýa şahsy garaýyşyna garamazdan, möhüm azatlyklaryny goramak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň we ÝHHG-niň öňünde öz üstüne boýun alan borçnamalaryny hem ýatlatdy.

58 ýaşly Çary Annamyradow 1990-njy ýyllarda Türkmenistanda garaşsyz žurnalist bolup işläpdi. Çary Annamyradow Türkmenistandan daşary ýurtlara 2001-nji ýylda emigrasiýa çykdy. Şondan soňra ol Türkmenistana barmady.

Çary Annamyradow
Çary Annamyradow

2001-2002- nji ýyllarda ol Orsýetde we Belarusda ýaşady. Şol döwrüň dowamynda Annamyradow Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy bolup işledi. 2002-nji ýylda oňa Şwesiýada syýasy gaçybatalga berildi.

Çary şu ýylyň 18-nji iýulynda Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Annamyradow türkmen kanun goraýjylarynyň 2000-nji ýylyň başynda beren talapnamasy boýunça saklanypdy. Ol 14-nji sentýabrda azatlyga çykdy.

XS
SM
MD
LG