Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atly ýöriş: daşoguzlylar Sarygamyş kölüne ugradylar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Şu gün Daşogzuň býujetdäki işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary we lukmanlar çygly we sowuk gijäni çölde geçirmek üçin, ençeme sagatlyk ýola çykdylar. Aýlyk alýan işgärleriň müňlerçesi ertir, ýagny çarşenbe güni Aziýa oýunlaryna gabatlap, 500 günlük atly ýörişe çykan atlylary garşylamak üçin, Sarygamyş kölüniň boýuna barmaly edildi.

“Her mekdepden 15 mugallymy gatnaşmaly etdiler. Atlylar 12-nji oktýabrda irden geljeklermiş. Bize ‘galyň körpeçeleri, ýorgan-düşeklerimizi’ alyp, gijäni şol ýerde geçirmegi tabşyrdylar” diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji mekdebiniň mugallymlarynyň biri aýtdy.

Şol bir wagtda, atlylaryň geljek sebitinde eýýäm ençeme günden bäri döwlet edaralarynyň bagbanlary, garawullary we ussalary arassaçylyk işlerini geçirýärler.

Atlylary garşylamak üçin geçiriljek dabaranyň taýýarlyk işlerine hususy ýük ulag eýelerini hem mejbury ýagdaýda çekendikleri aýdylýar.

“Häkim ýük ulagym bilen taýýarlyk işlerine gatnaşmasam, emläk ýerimi elimden aljak diýip haýbat atdy” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik daşoguzlylaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, hususy ulag eýeleriniň hem taýýarlyk çärelerine çekilýändigi baradaky maglumaty Daşogzuň ýerli resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Daşoguzlylar atlylary "şowhun bilen" garşyladylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Ýatladyp geçsek, mundan owal atlylaryň Daşoguz welaýatyna gelmegi mynasybetli gurnalan dabara gatnaşdyrylanlar hem çäräniň geçmeli gününiň gijesini çölüň içinde geçirmeli bolupdylar.

Türkmenistanyň her welaýatynda 100 gün dowam edýän atly ýöriş Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli şu ýylyň 5-nji maýynda başlanypdy.

Atlylaryň geçýän ugry boýunça müňlerçe adamyň gatnaşmagynda şowhun-şagalaňlar gurnalýar. Döwlet telewideniýesinde teatrlaşdyrylan sahnaly, milli lybaslary geýnen ýaşuludyr ýaşkiçi, baýdaklary galgadyp duran müňlerçe adamly sýužetleri görkezilýär.

Ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar.

XS
SM
MD
LG