Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “internetiň ganym duşmany”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “internetiň ganym duşmany” diýip, atlandyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda häkimiýet başyna gelende beren wadalary diňe berlen söz bilen durmuş hakykatynyň arasyndaky boşlugy ulaldýar. Bu pikir düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly soňky hasabatynda öňe sürülýär.

Gurama Türkmenistanyň dünýäniň iň totalitar režimleriniň biridigini aýdyp, onuň azat metbugaty kepillendirýän 2013-nji ýylda kabul eden Media baradaky kanunynyň hem diňe “gözboýagçylyk” bolandygyny aýtdy.

Hasabatda türkmen häkimiýetleriniň ýurduň mediasyny doly gözegçilginde saklap, resmi propaganda ters gelýän maglumatlary berýänleri hem berk daraýandygy nygtalyp geçilýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň 2006-njy ýylda türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda ýogalmagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem entek unudylmandygyny ýatladýar.

“Internetiň ganym duşmanlary” hasabatynda Azatlyk Radiosynyň 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda tussag edilen habarçysy – Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna hem üns çekilýär.

Guramanyň “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly hasabatynda dünýä boýunça metbugatyň erkinligine böwet bolýan 45 sany şahsyň we aýratyn toparlaryň sanawy getirilipdir.

Olaryň arasynda Berdimuhamedow bilen birlikde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem bar.

Azatlyk Radiosy bu barada “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň wekili Johan Bihr bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly soňky hasabatynda, Türkmenistan ýene soňdan üçünji orunda ýerleşdirilipdir. Onuň bu ýyl hem şu görkezijini almagyna esas bolan täze ýagdaýlar barmy?

Johan Bihr: Türkmenistan biziň hasabatlarymyzda indi ençeme ýyl bäri şol bir ýerde saklanyp gelýär, ýagny 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär. Elbetde, Türkmenistan ýurtdaky metbugat azatlygynyň derejesi boýunça iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe.

Biziň “Metbugat azatlygy indeksi” baradaky hasabatymyzda, Türkmenistandan pes derejede ýerleşdirilen başga diňe iki ýurt bar. Olar Demirgazyk Koreýa we Eritreýa. Şol sebäpli Türkmenistan dünýäde metbugatyň iň ýapyk we repressiw görnüşde saklanýan ýurtlarynyň biri bolmagyna galýar.

Indeksde Türkmenistanyň görkezijileri ýyl-ýyldan ýaramazlaşýar. Bu görkezijiler ýurtda metbugat azatlygynyň ýerine ýetirilişini ölçeýär. Bu görkeziji barha ýaramazlaşýar. Näme üçin?! Sebäbi Türkmenistanda galan birnäçe garaşsyz žurnaliste we olaryň işine garşy basyşlar güýçlendirildi.

Şeýle-de, biz Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna garşy basyşlaryň artýandygyndan habarly. Mysal üçin, olaryň köpüsi öz işini togtatmaga mejbur boldy.

Ondan başga-da, Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň bir ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýandygyny bilýäris. Ol ilki ýitirim bolupdy, soň onuň türmededigi anyklandy, ondan soňra-da ol toslama aýyplamalar esasynda, türme tussaglygyna höküm edildi.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri şäheri “abadanlaşdyrmak” diýlip atlandyrylýan çäräniň esasynda çanak antennalaryny aýyrdylar. Munuň netijesinde olar türkmen raýatlarynyň daşary dünýä bilen ýeke-täk arabaglanyşyk ýollarynyň birini aradan aýyrdylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda metbugat azatlygy ýyl-ýyldan barha ýaramazlaşýar. Bu ýurduň görkezijileri mundan ozal hem ýaramazdy. Ýöne prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu görkezijini has-da ýaramazlaşdyrmaga mümkinçilik döredýän ýaly bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy: Johan, siziň Türkmenistanda metbugat azatlygy boýunça ýagdaýyň gowulaşjakdygy dogrusynda teoretiki umydyňyz barmy?

Johan Bihr: Biz häzirki ýagdaýa seredişimizde, beýle bir umytly bolup bilemzok. Elbetde, hemişe garşylyk görkezmek islegi döräp biler. Ýurtda galan garaşsyz žurnalistleriň işi öwgä mynasypdyr. Şeýle aýylganç şertlerde garaşsyz ýagdaýda öz işiňi dowam etdirmek gürrüňsiz gahrymançylykdyr.

Olaryň işi [ýurtda bir zatlaryň üýtgemegine] bolan umydy hemişe öz ýany bilen getirýär. Käbir garaşsyz žurnalistler ýurtdaky ýagdaýa garamazdan, öz işini togtatmadylar. Emma şeýle bolsa-da, men beýle bir umytly bolup bilemok.

XS
SM
MD
LG