Soňky on günde Daşoguzyň etraplarynyň aglabasynyň bazardyr-dükanlarynda Türkmenistanda öndürilen un tapdyrmaýar.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden aýlyklaryň gijikdirilip, indi ençeme aýdan bäri berilmeýändigi barada dowamly habarlar gelip gowuşýar.
Daşoguzly Döwranyň maşgalasynda dünýä inen bäbek, doglan pursatynda ne ýöritleşdirilen bäbekhanada ne-de hünärli lukman tarapyndan garşy alyndy.
Rioda geçýän Paralimpiýa oýunlarynda sportuň powerlifting görnüşi boýunça Türkmensitana wekiliçlik edýän türgen şowsuz çykyş etdi.
9-njy sentýabrda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň we Türkmenistanyň hökümetiniň gurnamagynda geçirilen “Döwlet häkimiýetiniň onlaýn-serişdeleriniň kömegi arkaly aragatnaşygyň täze mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty öz işini tamamlady.
“Sanjar wakalary” boýunça günälenip tussag edilenleriň biriniň maşgalasy Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, gyzynyň daşary ýurda okuwa çykarylmaýandygyny aýtdy.
Şu gün, ýagny 7-nji sentýabrda bütin Daşoguz welaýaty boýunça resmi taýdan pagta ýygym kampaniýasy başladyldy.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekdäki oýnaýan roly barada şu aýyň, ýagny sentýabryň 8-den 10-a çenli aralykda Aşgabatda geçýän halkara konferensiýada maslahat ediler.
Daşoguzda pagta ýygymy resmi taýdan sentýabryň 7-sine başlanýan bolsa-da, Türkmenistanyň bu demirgazyk welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymy eýýäm geçen aýyň ortalaryndan bäri dowam edýär.
Türkmenistana, ýörite rugsatnama bolmazdan, daşary ýurtlardan täze mobil telefonlary getirmek gadagan edildi.
Daşoguzly Yhlas eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri özüni Türkmenistanda bir keseki, gereksiz, bigäne adam hökmünde duýup gelýär.
Azatlyk Radiosyna öz çeşmeleriniň üsti bilen, HTTU-nyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary bilen ýapylyp, onuň ýerinde “Oguzhan” adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilendigini anyklamak başartdy.
Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sportsmenleriň ençemesi eýýäm öz ukybyny synap gördüler.
Şwesiýanyň we Orsýetiň raýaty Çary Annamyradow 18-nji iýulda Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Asly türkmenistanly 1957-nji ýylda doglan Annamyradowyň Belarusyň kanun goraýjy organlaryna tabşyrylandygyny habar berildi.
Türkmenistanda Nebit-gaz ministrliginiň ýatyrylmagy bilen ozalky ministrligiň düzümindäki edaradyr kärhanalarda hem düýpli özgerişlikleriň, şol sanda tygşytlaýyş çäreleriniň başlanandygy aýdylýar.
Bu günler Mary welaýatynyň merkezi Mary şäheri diýseň başagaý görünýär. Marynyň esasy köçeleriniň ugrunda gyssagly ýagdaýda abatlaýyş işleri geçirilýär, şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly howpsuzlyk gulluklaryny, teatrlaşdyrylan sahnalaryň taýýarlyk repetisiýalaryny görse bolýar. Mary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelerine taýýarlanýar.
Türkmenistanyň resmi alyş-çalyş nokatlarynda dollar satuwyna girizilen çäklendirmeleriň fonunda “dollaryň gara bazary” bilen birlikde, “gara banklaryň” hem gerimi giňäp başlady.
Ýolöten şäherindäki Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň ençeme işgäri we enekesi Azatlyk Radiosy bilen ýörite habarlaşyp, edaradaky bolýan ýagdaýlar barada gürrüň berdiler.
20 ýaşlaryndaky Miwe, Belarusyň ýokary okuw jaýyna dokument tabşyrmak üçin Minskä uçmakçy bolup Aşgabadyň aeroportuna baranda, Migrasiýa gullugynyň işgäri onuň “ýurtdan çykyp bilmeýändigini” aýdyp, ýaş gyzy yzyna dolady.
Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy geçen hepdeden ýene-de azyndan 10% çemesi ýokarlandy.
Ýene-de ýükle