ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan täze hasabatynda bellenmegine görä, Türkmenistan prezident G.Berdimuhamedowyň we "Demokratik partiýanyň" gözegçiligindäki awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýar.
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bir jelephananyň üsti açylanda, onda jelepçilik bilen meşgullanan dört sany türkmenistanly gyz hem ele salyndy diýen maglumat peýda boldy.
“The Herirage Foundation” we “The Wall Street Journal” neşiriniň sişenbe güni bilelikde ýaýradan hasabatynda bellenilmegine görä, Türkmenistanyň ykdysady azatlyk derejesi geçen ýylkydan hem 0.4 dereje pese düşüpdir.
Ýaşulular maslahatynyň dowamynda çykyş eden maryly bir pensioner türkmenistanlylara mugt suwuň, gazyň berilmegi meselesinde bir “ýönäniň” bardygyny hem belläp geçdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ählumumy döwürleýin synynda Türkmenistanyň rekomendasiýalary kabul etmegine reaksiýa görkezdiler.
Ukraina, 2015-nji ýyldan başlap, tebigy gazy Türkmenistanyň özünden gönümel satyn almagy maksat edinýär. Bu barada Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow belläp geçdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, 15-29-njy iýul aralygynda dowam eden resminama kabul ediş döwründe, Ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) jemi 27 müň 426 adam resminama tabşyrypdyr.
Jennifer Lopeziň prezident Berdimuhamedowyň şanyna “Doglan günüňiz gutly bolsun, jenap prezident!” diýip hiňlenmegi aktiwstleriň gahar-gazabyny getirdi.
Medeni hepdeligiň çäginde şenbe güni “Awaza” syýahatçylyk zolagynda ýerli we daşary ýurt sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsertiň geçirilmegi planlaşdyrylýar.
Türkmenistanda bellenilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýurda köp sanly daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň geljekdigi habar berilýär. Bu gün prezident Berdimuhamedowyň hem doglan gününe gabat gelýär.
Siriýada gozgalaňçylaryň hatarynda söweşýän türkmenistanly diýilýän bir adamyň ele salnandygy habar berilýär.
Halkara walýuta fondy (HWF) öz delegasiýasynyň Türkmenistana eden sapary we onuň netijeleri boýunça beýanat ýaýratdy. Guramanyň missiýasy ykdysady ýagdaýyny seljerip, oňa baha berdi.
Lebap welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina uçastogynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi.
Internetdäki maglumatlardan çen tutulsa, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda, Türkmenistana baran ýigitleriň mejbury ýagdaýda harby gulluga çekilýändigi barada gorky döräpdir.
"Serhetsiz reportýorlar" guramasy Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlap, “Metbugat azatlygynyň duşmanlarynyň” sanawyny çap etdi.
Human Rights Watch guramasy BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ženeweda geçýän “Ählumumy döwürleýin synyna” gabatlap beýanat ýaýratdy.
Britaniýanyň Daşary işler ministrligi “Adam hukuklary we demokratiýa 2012” atly hasabatyny çap etdi. Onda 2012-nji ýylyň dowamynda adam hukuklarynyň ýagdaýy bellenilip geçilýär.
Lancet topary tarapyndan taýýarlanan hasabatda SSSR dargandan soňra GDA döwletleriniň özleriniň saglyk pudaklarynda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary, olaryň hötdesinden gelmek üçin edilen işler we şol çäreleriň näderejede ygtybarly bolandygy seljerilýär.
“Freedom Now” guramasy Ýewroparlamentiň ençeme agzasynyň türkmen prezidentine ýollan hatynda, Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekilleriniň ýagdaýyna üns berilmegini oňlap, beýanat ýaýratdy.
Duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Ýene-de ýükle