Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlaryna we hünärmentçilik mekdeplerine dokument kabul ediş döwri tamamlanyp, giriş synaglary başlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, 15-29-njy iýul aralygynda dowam eden resminama kabul ediş döwründe, Ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) jemi 27 müň 426 adam resminama tabşyrypdyr.
24-nji awgusta çenli dowam etjek giriş synaglarynyň netijesinde ýurduň ÝOJ-laryna jemi 6 müň 100 oglan-gyz kabul ediler. Türkmen resmileriniň belleýşi ýaly, bu san geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende 334 adam köpdür. Şeýlelikde bu ýyl her bir talyp ornuna 4-5 abituriýentiň dalaş edýändigi nygtalýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň (TDH) getiren maglumatynda, şu ýyl ýurduň Ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylandygy bellenilýär.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň ÝOJ-laryna kabul ediljek talyp sany:
Şeýle-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda açylan iki sany – “Umumymilli iýmitlenşi dolandyrmak” we “Ykdysady howpsuzlyk” – bölümleriniň her birine 15 talyp kabul ediler.
Şu ýylyň hasabyna orta hünärmentçilik mekdeplerine arza beren oglan-gyzlaryň sany 13 müň bolupdyr. Resmi maglumatda ýurduň 37 sany orta hünärmentçilik okuw jaýyna jemi 6 müň 522 adamyň kabul ediljekdigi aýdylýar. TDH bu sanyň geçen ýylky bilen deňeşdirilende 747 adam köpdügini hem belläp geçýär.
Şeýle-de 2013-nji ýylda ýurduň başlangyç hünärmentçilik mekdeplerine 30 müň töweregi adam kabul ediler.
TDH-niň berýän maglumatyndan çen tutulsa, onda şu ýyl mekdepden jemi 98 müňe golaý oglandyr-gyz uçurym bolupdyr. Olaryň hataryndan 42,6 müňüsiniň (43%-e golaýynyň) ýurduň başlangyç we orta hünärmentçilik mekdeplerine we ÝOJ-laryna kabul ediljekdigi aýdylýar.
Belläp geçsek, şu ýyldan tapawutlylykda, ozallar resmi Aşgabat ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş kampaniýasy bilen baglylykda çäklendirilen görnüşdäki maglumatlary berýärdi.
Şol bir wagtda daşarda öz hasabyna okaýan ýa-da döwlet tarapyndan ugradylan türkmen talyplary baradaky takyk statistiki maglumat häzirlikçe elýeterli däl.
24-nji awgusta çenli dowam etjek giriş synaglarynyň netijesinde ýurduň ÝOJ-laryna jemi 6 müň 100 oglan-gyz kabul ediler. Türkmen resmileriniň belleýşi ýaly, bu san geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende 334 adam köpdür. Şeýlelikde bu ýyl her bir talyp ornuna 4-5 abituriýentiň dalaş edýändigi nygtalýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň (TDH) getiren maglumatynda, şu ýyl ýurduň Ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylandygy bellenilýär.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň ÝOJ-laryna kabul ediljek talyp sany:
t/b | ÝOJ ady | Talyp sany |
1 | Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti | 855 |
2 | Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti | 450 |
3 | Türkmen oba hojalyk uniwersiteti | 510 |
4 | Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty | 285 |
5 | Türkmen döwlet nebit we gaz instituty | 407 |
6 | Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty | 538 |
7 | Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty | 420 |
8 | Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty | 390 |
9 | Türkmen döwlet maliýe instituty | 180 |
10 | Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty | 60 |
11 | Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty | 260 |
12 | Türkmen oba hojalyk instituty | 215 |
13 | Halkara türkmen-türk uniwersiteti | 550 |
14 | Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty | 315 |
15 | Türkmenistanyň döwlet energetika instituty | 275 |
16 | Türkmen döwlet medeniýet instituty | 170 |
17 | Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy | 90 |
18 | Türkmen milli konserwatoriýasy | 130 |