Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Freedom Now” guramasynyň çarşenbe güni ýaýradan beýanatynda Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň türkmen türmelerinde saklanylýan Ýegowa şaýatlarynyň boşadylmagyna çagyrmagy gutlanylýar.
Ýewroparlamentiň 13 agzasy 1-nji martda Gurbanguly Berdimuhmedowyň adyna hat ýollap, onda Türkmenistanda Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekilleriniň yzygiderli tussag edilmegine alada bildiripdi.
Türkmen prezidentine ýollanan hatda Ýegowa şaýatlarynyň özleriniň dini ynançlaryna görä harby gullugy geçip bilmeýändigi, şol sebäpli-de häkimiýetler tarapyndan “mejbury harby gullukdan boýun gaçyrandygy” üçin türme tussaglygyna höküm edilýändigi; ýurtda harby gulluga alternatiw bolup biljek şertleriň hem döredilmeýändigi bellenilýär.
Türkmen baştutanyna ýollanan hatda ýokarda agzalan sebäpler bilen soňky bäş ýylyň dowamynda azyndan 17 Ýegowa şaýadynyň türmä basylandygy, häzirki wagtda hem olaryň sekizisiniň tussaglykda saklanýandygy barada maglumat berilýär.
Aladalar
Ýeworparlamentiň agzalary 2008-nji ýylda Türkmenistana sapar eden BMG-niň Dinler we ynançlar azatlygy boýunça ýörite dokladçysynyň eden belliklerini hem nygtap geçýärler. Şol wagt BMG-niň resmisi Türkmenistanda ynançlaryna görä adamlaryň tussag edilmegine aladasyny bildiripdi.
G.Berdimuhamedowa ýollan hatynda Ýewroparlamentiň agzalaryTürkmenistanyň Graždanlyk we syýasy hukuklar boýunça halkara konwensiýasynyň agzasydygyny, onda-da harby gulluga alternatiw şertleriň döredilmeginiň göz öňünde tutulandygyny nygtaýarlar.
Mundan başga-da, hatda 2012-nji ýylyň martynda geçen BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň diňlenişiginiň mazmuny hem getirilipdir. Onda BMG-niň Dinler we ynançlar azatlygy boýunça ýörite dokladçysynyň bellikleri hem nazara alnyp, Türkmenistanda ynanjyna görä harby gullugy geçip bilmeýän adamlaryň tussag edilmeginiň togtadylmagyna çagyrylypdy.
Ýewroparlamentiň agzalary Türkmenistanyň prezidentine ýollan hatynda, türkmen hökümetiniň adamlaryň esasy din we ynanç azatlygyna hormat goýýandygyndan nyşan hökmünde, tussaglykdaky Ýegowa şaýatlarynyň azat ediljekdigine umyt baglaýandyklaryny bildirdiler.
Ýewropa Parlamentiniň 13 agzasynyň bu hatyny goldap beýanat ýaýradan "Freedom Now" guramasynyň direktory “Türkmenistanda dini ynançlar sebäpli yzarlanmalaryň uly meseledigini, şeýle-de muňa ýeterlik ünsüň berilmeýändigini” belledi.
“Emma Ýewroparlamentiň 13 agzasynyň haty Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli ýalňyşlyk bilen türmä basylanlaryň meselesini halkara jemgyýetçiliginiň öňüne çykardy” diýip, guramanyň 13-nji martda ýaýradan beýanatynda bellenilýär.