Postsowet eýýamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän ýurtlaryň ykdysady ösüşi dürli-dürli bolsa-da, saglyk pudagynda olar meňzeşräk kynçylyklar bilen duçar boldular.
Lancet toparynyň täze hasabatynda bellenilişi ýaly, 1990-njy ýyllarda GDA döwletlerinde ömrüň ortaça uzaklygy göz-görtele pese gaçyp, käbir ýurtlar Sowet Soýuzy dargamazyndan ozalky derejä dolanyp gelmek üçin hem tagalla etmeli boldular.
Ýewropa bilen deňeşdirilende sebitde ýürek näsazlyklaryndan ölýän adamlaryň sany juda ýokary bolup, muňa hem aşa köp mukdarda alkogol içgilerini içmek we temmäkini ulanmak sebäp bolýar.
GDA döwletleriniň hökümetleri saglyk pudagynda dörän ýagdaýlardan çykmak üçin reformalary amala aşyrsalar-da, para-peşgeş, lukmançlyk hyzmatlarynyň derejesiniň pesligi ýaly kynçylyklar entek hem gün tertibinde saklanyp galýar.
Lancet özüniň hasabatynda GDA döwletleriniň saglyk pudaklarynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň käbirleriniň üstünde aýratyn durup geçdi.
Ömrüň ortaça uzaklygynyň pesligi
Hasabatda nygtalmagyna görä, GDA döwletlerinde ömrüň ortaça uzaklygynyň pes bolmagyna, esasan, alkogol içgileri, çilim, nädogry naharlanmak we medisina kömeginiň talaba laýyk bolmazlygy sebäp bolýar.
Sowet Soýuzynyň ähli künjeklerinde diýen ýaly alkogol içgilerini içmek, adatça, giňden ýaýrandy. Yslamyň täsiri sebäpli Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň käbirlerinde bu görkeziji degişlilikde az bolupdy.
Mihail Gorbaçýowyň 1980-nji ýyllaryň oratlarynda arakhorluga garşy alyp baran kampaniýasy öz wagtynda belli bir netijeleri berse-de, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, alkogoly aşa köp içýänleriň sany juda artdy.
Hasabatda bellenmegine görä, muňa Soýuzyň dargamagy bilen jemgyýetde dörän nämälimlik, garyplyk, munuň üstesine-de, alkogol içgileriniň bahasynyň arzan bolmagy, ýasama araklaryň bazara çykarylmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolupdyr.
Şeýle-de sowet döwründe aşa köp çilim çekmeklik erkekleriň arasynda kada hasaplanýardy. Çilimi arzan bahadan we juda aňsatlyk bilen alyp bolýardy, üstesine-de, temmäki serişdelerini çäklendirmek boýunça hiç hili kampaniýalar alnyp barylmandy.
Sowet Soýuzy dargandan soňra, serhetler açylyp, postsowet giňişigine halkara çilim kompaniýalary girip, giň gerimli mahabatlandyryş çärelerini alyp bardylar. Munuň netijesinde-de çilimkeşleriň sany artdy.
Hasabatyň awtorlarynyň nygtamagyna görä, çilimkeşligiň derejesi garyp we sowatsyz adamlaryň arasynda has-da ýokary bolupdyr.
Emma soňky 10 ýylyň dowamynda regionda 18-39 ýaşly adamlaryň arasynda çilim çekmekligiň derejesi pese gaçyp başlapdyr. Bu hem Täjigistandan we Özbegistandan beýleki postsowet döwletleriniň BMG-niň Temmäkä garşy göreş boýunça çäklendirilen konwensiýasyna goşulmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
“Sowalga”
1990-njy ýyllaryň geçiş krizi döwri hökümetleriň saglyk pudagyna goýberýän pul serişdeleri pese gaçdy. Käbir ýurtlar, şol sanda Türkmenistan hem ozalky sowet saglygy saklaýyş sistemasynyň köp ugurlaryny saklap, oňa görä-de pudagyň aglaba bölegi hökümetiň eýeçiliginde galypdy.
Hökümet tarapyndan goýberilýän puluň azalmagy bilen, syrkawlaryň lukmanlara berýän özboluşly aklyk – “sowalga” düşünjesi hem ýaýrap başlady.
Lancet tarapyndan çap edilen hasabatyň awtorlarynyň nygtamagyna görä, bular ýaly “sowalgalaryň” juda oňaýsyz täsirleri bar. Ýagny, maliýe ýagdaýy çäkli bolan adamlar, degişlilikde köp pul tölemeli bolýarlar, üstesine-de, beýle “tejribe” gereksiz we gymmatbaha bejerginiň bellenmegine sebäp bolýar.
Hasabatda GDA döwletleriniň saglyk pudagynyň döwrebaplygyna we kämilligine hem aýratyn üns berilýär. Onda regionyň köp ýurtlarynda pudagy reformirlemek ugrunda “ene we çaga” ýaly diňe ilkinji derejeli möhüm programmalaryň amala aşyrylýandygy, kähalatlarda programmanyň kabul edilmegi bilen, ony durmuşa geçirmek üçin binýadyň ýeterlik däldigi bellenilýär.
Lancet toparynyň hasabatynda sebitiň käbir ýurtlarynda keseli bejermek üçin köne, täsirsiz, kähalatlarda bolsa, tersine, ýalňyş we zyýan beriji metodikalaryň ulanylýandygy-da bellenilýär.