Siriýada gozgalaňçylaryň hatarynda söweşýän türkmenistanly diýilýän bir adamyň ele salnandygy habar berilýär. “Rossiýa24” telekanalynyň 23-nji iýunda ýaýradan maglumatynda gürrüňi gidýän adam Röwşen Gazakow diýlip tanadyldy.
Bu maglumaty häzirlikçe beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.
Abu Abdylla lakamyny alan bu türkmenistanly diýilýän söweşijiniň “Al-Kaýda” toparyna degişli bolan Aleppodaky bir guramanyň düzüminde komandir bolandygy nygtalýar. Röwşen Gazakowyň “Demirgazyk tupan” ady bilen hökümetiň geçiren operasiýasynda tussag edilendigi maglumat berilýär.
Interwýu
“Rossiýa24” telekanalynda Türkmenistanyň raýaty diýilýän Röwşen Gazakowyň wideosy, şeýle-de onuň beren interwýusy görkezildi. Wideoýazgydaky görnüşleriň näderejede takykdygyny anyklap bolmady.
Şol ýazgyda Türkmenistanyň raýaty Röwşen Gazakow diýilýän adam özüniň Siriýa gelşini türk dilinde şeýle gürrüň berýär: “Men başlangyç tälimi Aşgabadyň etegindäki Myrat şeýhiň lagerinde geçdim. Ondan soň Stambula ýollandym. Ondan soň biziň toparymyzy “Al-Kaýdanyň” bir wekili garşy aldy. Ol bizi Siriýa bilen serhetde ýerleşýän lagere iberdi. Ol ýerde bize partlaýjy serişdeleri, detonatorlary ýasamagy, bombalary ýerleşdirmegi öwretdiler. Biziň mugallymlarymyz dürli-dürlidi. Olaryň aglabasy ozalky SSSR-iň düzüminde bolan döwletlerdendi. Biz soňundan serhetden geçip, Alepponyň töwereklerinde partlaýjylary ýasadyk”.
“Rossiýa24” telekanalynyň maglumatynda Türkmenistandan diýilýän söweşijiniň ýanyndan el kompýuteriniň – noutbugyň hem ele salnandygy aýdylýar. Şol kompýuterdäki wideoýazgylaryň birinde Röwşen Gazakowyň janyndan geçen bir söweşijini bir hüjümi amala aşyrmaga ýollaýandygy aýdylýar.
Ogluny hem getiripdir
Şeýle-de Russiýanyň telekanalynyň maglumatynda türkmenistanly diýilýän Gazakowyň öz ýany bilen bäş ýaşly ogluny hem alandygy aýdylýar. Ele salnan kompýuterdäki wideolarda Röwşen Gazakowyň ogluna partlaýjy serişdeleri ýygnamagy öwredip duran pursatlary, şeýle-de özüniň ölüminden soň “jyhady” oglunyň dowam etmeligini aýdýan şekilleri ýerleşdirilipdir diýip, “Rossiýa24” telekanalynyň reportažynda bellenilýär.
Şeýle-de ele salnan kompýuterden öý şertlerinde parlaýjylary ýasamak, himiýa boýunça sapaklaryň hem bardygy bellenilýär.
Azatlyk Radiosy “Rossiýa24” telekanalynda berlen materiala, şeýle-de Türkmenistandan diýilýän Röwşen Gazakowyň şahsyýeti baradaky maglumatlara degerli tassyklamalary alyp bilmedi.
Mundan ozal, düýbi Londonda ýerleşýän Radikallaşmany öwrenmek baradaky halkara merkezi Siriýadaky konfliktede Merkezi Aziýadan,şol sanda Türkmenistandan hem söweşijileriň bardygyny aýdypdy.
Aşgabat inkär edýär
Türkmenistandan diýilýän Röwşen Gazakowyň habary bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 25-nji iýunda metbugat üçin beýanat ýaýratdy.
Onda 23-24-nji iýunda Orsýetiň "Rossiýa 1", "Rossiýa 24" telekanallarynda efire berlen "Siriýa jihady oppozisiýany radikallara öwürýär" diýen gepleşikde ulanylan maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigi aýdylýar.
Bu reportažda, hamala, Türkmenistanyň raýaty diýlip görkezilýän Gazakow barada gürrüň berilýärdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi munuň ýaly doly anyklanmadyk maglumata esaslanýan repotažlaryň pozitiw esasda ösýän ors-türkmen gatnaşyklarynyň ruhuna gabat gelmeýändigini, onuň žurnalistiki etikanyň iň ýönekeý kadalarynyň hem bozulmagy bolup durýandygyny, türkmen tarapynyň muňa tomaşaçylara nädogry maglumat berilmek synanşygy hökmünde garaýandygyny beýan edýär.