Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana meşhur aýdymçylar geler


Filip Kirkorow
Filip Kirkorow
Türkmenistanda bellenilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýurda köp sanly daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň geljekdigi habar berilýär.

29-njy iýunda – bu gün prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem doglan gününe gabat gelýär – geçiriljek konserte, beýleki meşhur aýdymçylar bilen birlikde Russiýadan Filip Kirkorow, Sati Kazanowa, “Reflex” topary, ABŞ-dan belli estrada ýyldyzy Jeniffer Lopez, ukrainaly Anna Lorak, Türkiýeden Mustafa Sandal dagylaryň gatnaşjakdygy baradaky maglumat ençeme habar serişdelerinde peýda boldy.

Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy
Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy
Medeniýet hepdeliginiň resmi meýilnamasynda 29-njy iýunda “Awazada ‘Akmaýa’ restoranynyň öňünde gurnalan sahnada Türkmenistanyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň we feýerwerkiň boljakdygy” aýdylýar. Emma anyk haýsy daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşjakdygy barada maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy gatnaşjak diýilýän aýdymçylaryň käbirleriniň edarasy bilen habarlaşyp, olaryň Türkmenistana gelip-gelmeýändigini anyklamaga synanyşdy.

Kirkorow we Sandal gelýär

Azatlyk Radiosy Russiýanyň belli estrada ýyldyzy Filip Kirkorowyň edarasy bilen habarlaşanda, aýdymçynyň wekilleri Kirkorowyň 29-njy iýunda geçiriljek çärelere gatnaşamagy göz öňünde tutýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de Azatlyk Radiosy türkiýeli meşhur aýdymçy Mustafa Sandalyň menejeri bilen habarlaşanda, ol Sandalyň Türkmenistana konsert bilen sapara barjakdygyny mälim etdi. Belläp geçsek, Mustafa Sandal mundan owal hem Türkmenistanda saparda bolup, onda türkmen dilinde küştdepdi aýdymyny hem ýerine ýetiripdi.


Beýleki agzalýan estrada ýyldyzlary, şol sanda Jeniffer Lopeziň hem Türkmenistana gelip-gelmejegi barada häzirlikçe hiç hili maglumaty almak başartmady.

Bildirişler ýok

Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, 29-njy iýunda çykyş etjek daşary ýurtly aýdymçylaryň konserti bilen baglanyşykly hiç hili bildirişler ýa-da maglumatlar ýerleşdirilmändir.

Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurbanow daşary ýurtly aýdymçylaryň çykyşlarynyň boljakdygynyň ilat köpçüligine öňünden asla duýdurylmaýandygyny aýdýar: “Bu ýagdaý diňe Medeniýet hepdeliginiň dowamynda geçirilýän çärelere mahsus bolman, eýsem ýurtda [Türkmenistanda] daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagyndaky geçirilýän beýleki konsertlere hem mahsus ýagdaý”.

Myrat sözüni dowam etdirip: “Ýatlap geçsek, geçen ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabatda türk aýdymçysy Tarkanyň konserti boldy. Şonda-da hiç hili bildirişler asylmady. Diňe il içindäki gürrüňler arkaly adamlar şeýle konsertiň boljagyny bildiler” diýdi.

Bellenilip geçilse, 2011-nji ýylda hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp, belli daşary ýurt aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly konsert gurnalypdy. Şonda daşary ýurt meşhur estrada ýyldyzlaryndan Patrisia Kaas, Taisa Powali, Boney-M, Araş, Ingrid, Filip Kirkorow, Natalýa Podolskaýa, Wera Brežnewa, Zara dagy öz aýdymlary bilen çykyş edipdiler.

Şol konsertiň dowamynda türkmen lideriniň özi hem ekranyň üsti bilen, gitarada “Saňa meniň ak güllerim” aýdymy ýerine ýetiripdi.
XS
SM
MD
LG