Duşenbe güni çap edilen hasabatda “alada döredýän” ýurtlaryň sanawy hem getirilýär we sanawa giren 27 döwletiň arasynda Türkmenistan hem bar. Hasabatda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň ençemesine goşulandygy, şeýle-de ýurduň kanunçylygynyň ynsan haklaryny goramaga gönükdirilendigi bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde-de hasabat döwründe ýurtda adam hukuklary boýunça aladalaryň hasaba alnandygy bellenilip, türkmen hökümetiniň demokratiki beýanatlary bilen olaryň iş ýüzünde berjaý edilişiniň arasynda uly bir boşlugyň bardygy-da nygtalýar.
“Adam hukuklary we demokratiýa 2012” atly hasabatyň Türkmenistan baby ençeme bölüme bölünip, olaryň her birine degişli düşündirişler hem berilýär.
Saýlawlar
Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan hasabatynda nygtalyşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň durmuşyndaky iň möhüm waka – bu prezidentlik saýlawlary bolupdyr.
Şol döwürde ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasy, saýlawlaryň halkara normalaryna gabat gelmejekdigini aýdyp, gözegçiler toparyny ýollamazlyk kararyna gelipdi.
Saýlawlara gatnaşyk 96% bolup, onda Gurbanguly Berdimuhamedow sesleriň 97%-ni alyp, ýeňiş gazandy diýen maglumat ýaýradyldy. Ýewropa Bileleşigi saýlawlaryň geçirilişi boýunça özüniň aladasyny bildirdi.
Hasabatda Türkmenistanda syýasy partiýalar baradaky kanunyň kabul edilmegi bilen, ýurduň syýasy durkunyň üýtgemeginiň mümkindigi bellenilýär. Munuň näderejede ygtybarly boljakdygyny 2013-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň äşgär etjekdigi nygtalýar.
Söz we pikir azatlygy
Türkmenistan düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatynda söz azatlygy boýunça 197 ýurduň arasynda 196-njy orunda ýerleşdirilipdi. Ýurtda internet üpjünçiligi juda çäkli bolup, ol hem döwletiň gözegçiliginde saklanylýar.
“Adam hukuklary we demokratiýa 2012” hasabatda bellenmegine görä, geçen ýylyň 22-nji dekabrynda, ahyrsoňy, Türkmenistanda Media barada täze kanun kabul edilipdir. Häzirki döwürde halkara gözegçileri munuň ýurduň media durmuşyna neneňsi täsirini ýetijekdigine syn edýärler.
Adalat we kanunyň hökmürowanlygy
Duşenbe güni çap bolan hasabatda Türkmenistanda parahorlugyň we maglumatlaryň elýeterli bolmazlygynyň esasy meseleler bolup galýandygy aýdylýar. “Transparency International” guramasy tarapyndan 5-nji dekabarda çap edilen “Korrupsiýanyň indeksi” hasabatynda Türkmenistan 176 ýurduň arasynda 170-nji orny aldy.
Türkmenistanda adamlaryň suduň kararyna şikaýat edip bilmek mümkinçiligi heniz hem çetin bolup galýar. Şol bir wagtda-da ýurtda käbir şahslaryň türme tussaglygyndan boşadylmagy ýaly ýagdaýlaryň hem hasaba alnandygy aýdylýar.
15-nji aprelde ýaýradylan hasabatda bellenilişine görä, Britaniýa 2013-nji ýylda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara standartlaryna laýyk gelmegi üçin öz tagallasyny dowam etdirer.